Hattusa — hetleriň gadymy paýtagtyna syýahat


Häzirki wagtda syýahatçylar taryhy we medeni mirasy özünde jemleýän ugurlary barha köp saýlaýarlar. Türkiýe bu ugur üçin örän amatly ýurt bolup, onuň çäginde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 22 sany desga ýerleşýär.
Şolaryň arasynda aýratyn orun eýeleýän Hattusa Çorum welaýatynda ýerleşýän Het imperiýasynyň gadymy paýtagtydyr. Şäher 30 müňden gowrak palçykdan ýasalan ýazgyly keramiki tagtajyklardan ybarat arhiwi bilen meşhurdyr. Bu arhiw ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde ykrar edildi. Ýakynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleri alymlara ýene-de bir täzelik getirdi: b.e.ö. IV asyryň ahyryna – III asyra degişli ozal näbelli bolan 3 sany mazar tapyldy.
Ilkinji siwilizasiýalaryň biri: Het imperiýasy

Anadolyda ilkinji kuwwatly siwilizasiýalaryň birini döreden hetler b.e.ö. XIV asyrda şol döwrüň hakyky ägirt döwletine öwrüldiler. Hetler ägirt uly ybadathanalary we köşkleri gurupdyrlar. Şeýle hem olar b.e.ö. 1259-njy ýylda adamzat taryhyndaky ilkinji ýazmaça parahatçylyk şertnamasy bolan Kadeş şertnamasyny baglaşypdyrlar. Häzirki wagtda bu taryhy resminama Stambulyň Arheologiýa muzeýinde saklanýar.
Mundan başga-da, hetler häkimiýetiň ilkinji konsultatiw edaralarynyň biri bolan Pankus geňeşini döredip, raýat hukugyny ösdüripdirler. 3200 ýyl mundan ozal olaryň Alajahöýükde guran bendi hem häzirki güne çenli ekin meýdanlaryny suwarmak üçin ulanylýar.
Gadymy imperiýanyň jümmüşine syýahat

Hattusa Çorum welaýatynyň Bogazkale etrabynda ýerleşýär. «Müň hudaýyň şäheri» diýlip atlandyrylýan Hattusa häzirki wagtda ägirt uly arheologik seýilgähdir. Aşaky şäherde Beýik ybadathana ýerleşýär. Ýokarky şäher bolsa monumental Arslan derwezesi, Patyşa derwezesi we Sfinks derwezesi bilen syýahatçylary haýran galdyrýar.

Hetleriň taryhyna has çuňňur aralaşmak üçin meşhur gaýa relýefleri ýerleşýän Ýazylykaýa mukaddes ýerlerine, şeýle hem Alajahöýük we Şapinuwa gadymy şäherlerine baryp görmek bolýar.
Täze tapyndylar Hattusanyň soňky döwürlerini açýar

Tapylan 3 sany täze mazar Het imperiýasy ýykylansoň hem Hattusada ýaşaýşyň dowam edendigini subut edýär. Ellinistik we galat döwürlerine degişli tapylan mazarlaryň umumy sany 17-ä ýetdi.
Täze tapylan mazarlaryň biri örän gowy ýagdaýda saklanypdyr. Diametri 7 metr bolan daş diwar bilen gurşalan mazaryň içinden sag egniniň ýanynda däp-dessur pyçagy ýerleşdirilen uly ýaşly adamyň süňk galyndylary tapyldy. Dikeldiş işleri tamamlanandan soň bu ýer syýahatçylar üçin açylar.

Syýahaty Ankara şäherinde tamamlamak
Hetleriň mirasy bilen tanyşlygy Ankarada dowam etdirmek bolýar. Anadoly siwilizasiýalary muzeýinde hetlere degişli örän baý arheologik eserler toplumy görkezilýär. Syýahatyň täsirlerini Ankara galasyna aýlanyp görmek we meşhur türk leblebisini — gowrulan nohudy dadyp görmek bilen has-da baýlaşdyryp bolýar.
ORIENT






