Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi


Özbegistanyň Şahrisabz şäheri keşdeçilik ugry boýunça «Bütindünýä senetçilik şäherleri» toruna resmi taýdan goşuldy. Bu barada «IROQI» halkara keşdeçilik festiwalynyň jemleýji dabarasynda yglan edildi. Bütindünýä senetçilik geňeşiniň prezidenti Saad Al-Kaddumi resmi şahadatnamany şäher häkimi Şerzod Buriýewe gowşurdy. Bu barada Yuz.uz habar berýär.
Bu ýokary derejäniň berilmegi «iroki» atly özboluşly usulyň — Şahrisabzda nesilden-nesle geçirilip gelinýän däp bolan özbek keşdeçiliginiň aýratyn tehnologiýasynyň we ussatlygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň netijesidir.
Täze dereje ýerli senetçileri goldamak we köp asyrlyk halk sungatyny gorap saklamak üçin giň mümkinçilikleri açar. Mundan başga-da, halkara derejesindäki bu ykrar edilme Şahrisabzyň dünýäniň syýahatçylyk platformalaryndaky abraýyny ýokarlandyrar we Özbegistanyň sebitleriniň medeni hem-de senetçilik mirasy bilen gyzyklanýan syýahatçylaryň sanynyň artmagyna ýardam eder.
ORIENT






