Merkezi Aziýada emeli aň: Garaşşyz aňy nädip döredýärler we medeni koduny nädip ýitirmeýärler


«Merkezi Aziýada emeli aň» atly tapgyrymyzyň ilkinji iki sany sanynda Merkezi Aziýanyň emeli aň eýýamyna ilkinji ulgamlaýyn ädimleri nähili ädýändigini öwrenipdik. Biz sebitiň milli strategiýalary taýýarlamakdan we kabul etmekden başlap, startap ekoulgamyna, şeýle hem emeli aň üçin giň gerimli infrastruktura taýýarlygyna çenli bolan birmeňzeş bolmadyk institusional gurluşyna seredip geçdik.
Sebitimizde algoritmleriň bäsleşiginiň diňe bir dünýäde emele gelen tendensiýa eýermek däldigi, eýsem tutuş Merkezi Aziýanyň uzak möhletleýin bäsdeşlige ukyplylygy bilen bagly mesele bolup durýandygy aýdyň boldy. Merkezi Aziýanyň käbir döwletleri möhüm sepgide — özleriniň milli, garaşsyz dil modellerini döretmek tapgyryna ýetdiler. Ine, şu ýerde has inçe we düýpli bir mesele ýüze çykýar...
Milli emeli aňyň döredilişine diňe bir tehniki hasabat hökmünde däl-de, eýsem häzirki döwrümiziň janly ýyl ýazgysy hökmünde garamaga synanyşalyň. Bu ýerde sanly garaşsyzlyk medeni özboluşlylygy gorap saklamagyň esasy şertine öwrülýär.
Garaşsyz emeli aňyň döreýşi barada gürrüň edilende, köplenç ýönekeý ulanyjyda munuň diňe bir akylly inženerleriň internetden göçürip alyp, kuwwatly serwerde işe girizen nobatdaky kompýuter programmasydygy baradaky ýalňyş düşünje döreýär. Aslynda bolsa, owadan interfeýsleriň aňyrsynda müňlerçe adamyň ägirt uly zähmeti ýatyr.
Amaly taýdan seredeniňde, garaşsyz emeli aňyň döredilmegi ägirt uly «gurluşygy» ýada salýar. Bu gurluşykda kerpiçleriň ýerine sözler, manylar, taryhy ýyl ýazgylary, ylmy traktatlar we başga-da köp sanly maglumatlar ulanylýar. Merkezi Aziýanyň ýurtlary häzirki wagtda bir zady aýdyň düşünýärler: eger emeli aňy biziň ene dilimizde pikirlenmäge, degişmäge, duýgudaşlyk bildirmäge we işlemäge öwretmesek, onda ertir raýatlar keseki algoritmleriň medeni ýesirliginde galyp bilerler.
Diňe daşary ýurtlardaky maglumat toplumlarynyň esasynda tälim berlen emeli aňyň bize mahsus bolmadyk düşünjeler arkaly pikirlenmegi, milli manylaryň inçe öwüşginlerini mehaniki we gödek maşyn terjimesi bilen çalşyrmagy, hakyky ruhy gymmatlyklary bolsa pelsepewi we ahlak nukdaýnazaryndan kabul ederliksiz düşünjeler bilen çalşyp goýmagy mümkin.
Geliň, milli häsiýeti boýunça bize ýakyn bolan Gündogar ýurtlarynda garaşsyz emeli aň modeliniň, mysal üçin, Abu-Dabiniň Tehnologiki innowasiýalar institutynyň “Falcon” modeliniň nähili döredilendigine seredeliň. Bu model öňdebaryjy Günbatar tehnologiýalarynyň ýerli durmuş-medeni kadalara çuňňur uýgunlaşdyrylmagy bilen utgaşmasyna esaslanýar.
Dünýäniň bu pudagyndaky öňdebaryjy kompaniýalar tarapyndan döredilen esasy arhitekturalardan peýdalanyp, daşary ýurtly IT hünärmenleri garaşsyz emeli aň ulgamlaryna milli modeli keseki ahlak garaýyşlarynyň täsirinden goraýan toplumlaýyn gözegçilik mehanizmlerini ornaşdyrdylar. Şol bir wagtyň özünde bolsa, bu ulgamlara däp bolan milli gymmatlyklar siňdirildi.
Bu iş ýüzünde nähili amala aşyryldy?
Ulgamy oňa mahsus bolmadyk kadalardan goramak prosesi okuw maglumatlaryny taýýarlamak tapgyrynda başlanýar. Şonda başlangyç tekst toplumlaryndan milli ahlak kadalaryna ters gelýän durmuş-syýasy düşünjeler, humarly oýunlar, alkogol we ş.m. bilen baglanyşykly mazmun aýrylýar.
Soňra model bilermenleriň gatnaşmagynda inçe sazlama tapgyryndan geçýär. Bu döwürde alymlar, lingwistler we medeniýetşynaslar jogaplaryň dürli görnüşlerine baha berýärler we algoritmiň özüni alyp barşyny düzedýärler. Şeýlelikde, kabul ederliksiz materialyň döredilmek ähtimallygy peseldilýär.
Goragyň goşmaça derejesi hökmünde daşarky programma üpjünçiligi süzgüçleri çykyş edýär. Olar ulanyjylaryň duýgur häsiýetli soraglaryny saklap, jogaplary milli kanunçylyga we jemgyýetçilik ahlak kadalaryna berk laýyklykda görnüşe getirýärler.
Bu bir tarapdan şeýle bolsa, beýleki tarapdan, şol bir wagtyň özünde okuw maglumatlarynyň düzümine nusgawy edebiýatyň baý gatlagyny, geçmişiň akyldarlarynyň ruhy ugra gönükdirilen eserlerini, taryhy-hukuk resminamalaryny we poeziýany goşmak arkaly däp bolan gymmatlyklary integrirlemek işi alnyp barylýar.
Şeýlelikde, model däp bolan ýaşaýyş durmuşynyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmaga, maşgala institutlaryna we ýaş uly nesle hormat goýmaga, şeýle hem sypaýyçylyk kadalaryny berjaý etmäge türgenleşdirilýär. Dili işlemek üçin ýöriteleşdirilen algoritmleriň ornaşdyrylmagy ulgama ene dilindäki çylşyrymly many öwüşginlerini tanamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa milli gymmatlyklaryň we medeni kontekstiň tebigy ýagdaýda kabul edilmegini üpjün edýär.
Şeýle çemeleşmäniň netijesinde daşary ýurtlar dünýäniň tehnologiýa pudagyndaky gazananlaryny üstünlikli özleşdirip, milli intellektual ulgamlary döretmek bilen bir hatarda özleriniň sanly we medeni garaşsyzlygyny hem saklap bilýärler.
Biziň ýakyn goňşularymyz Gazagystan we Özbegistan Merkezi Aziýada bu çagyryşy ilkinji bolup kabul etdiler we sanly geçiş diýip atlandyryp boljak ýoly geçdiler. Olaryň tejribesinden çykarylýan esasy sapak — iň ösen tehnologiýalaryň hem ylym bilen döwletiň hyzmatdaşlygy bolmasa, netijeliliginiň pes bolmagydyr.
Mysal üçin, Gazagystanda “Kaz-LLM” modeliniň döredilmegi akademikleri, lingwistleri we programmistleri bir ýere jemledi. Diňe internetden millionlarça sahypa tekst ýygnamagyň ýeterlik däldigi belli boldy. Tor maglumat galyndylarynyň, ýalňyşlyklaryň we gödekligiň terabaýtlarçasyny öz içine alýar. Şonuň üçin folklory el bilen bellik eden, nakyllaryň we atalar sözleriniň inçe aýratynlyklaryny algoritmlere düşündiren filologlaryň örän takyk we ünsli zähmeti zerur boldy.
Eger emeli aňy nakyllary we atalar sözlerini olaryň obrazlylygy we metaforik häsiýeti bilen tanamaga, olary adaty söz düzümlerinden we sözlemlerden tapawutlandyrmaga öwretmeseň, onda «Tokaýa näçe çuň girseň, odun şonça köpelýär» diýen nakyly maşyn mehaniki ýagdaýda: «Tokaý massiwiniň jümmüşine aralaşyş artdygyça, ýangyç hökmünde niýetlenen agaç materiallarynyň umumy mukdary yzygiderli artar» diýip terjime edip biler.
Özbegistan hem dil taýdan barlag geçirmek meselesinde ep-esli öňe gitdi. Ýurtda berk lingwistik test ulgamlary döredildi. Her bir söz we söz düzümi diliň garaşsyz ýerli göterijileri tarapyndan barlanyp, bazany beýleki dillerden emeli görnüşde göni geçirilip alnan söz gurluşlaryndan arassalamak maksady bilen işlenildi.
Şonuň üçin daşary ýurt tejribesinden peýdalanmak barada gürrüň edilende, diňe häzirki zaman tehnologiýalary bilen çäklenmeli däldir. Milli emeli aňyny döretmäge başlan ýurtlaryň nähili duzaklara duş gelendigini kesgitlemek biziň üçin möhümdir. Bu ýerde esasy töwekgelçilik çalt netijäniň aldawjy ýeňilligidir we bu ýagdaýy eýýäm başlangyç tapgyrynda göz öňünde tutmak zerurdyr.
Şeýle çylşyrymly ýoly entek geçmeli boljak Türkmenistan, şeýle hem Täjigistan we Gyrgyzystan üçin goňşy ýurtlaryň tejribesi gowy ýol görkeziji bolup durýar. Bu, başgalaryň ýalňyşlyklaryny gaýtalamazdan öňe gitmäge mümkinçilik berýän karta ýalydyr.
Elbetde, taýýar daşary ýurt modelini alyp, ony ýüzleý terjime etmek we milli ulgamyň döredilendigini yglan etmek uly özüne çekijilik döredýär. Emma bu çykalgasyz ýol. Şeýle emeli aň diňe ýerli sözleri öwrenen, emma biziň milli dünýägaraýşymyza, pikirlenişimize we ruhy durmuşymyza düşünmeýän daşary ýurtly myhmana meňzär.
Özboluşly medeni mirasy we nusgawy poeziýanyň örän baý gatlagy, şeýle hem döwlet gurluşynyň aýratynlyklary bolan Türkmenistan üçin öz «altyn maglumat toplumyny» döretmek örän möhümdir. Bu geljekki kitabyň ilkinji, iň arassa garalama nusgasy ýalydyr — eger ony özüň ýazyp başlasaň, soňky tekst hem tebigy ýagdaýda dowam eder. Ol ene-atasynyň gözleriniň alnynda ulalýan çaga ýaly özbaşdak durmuşyny dowam etdirer.
Emma iň arassa garalamanyň hem öz «hukuk tarapy» bar. Ilkinji bolup bu işe girişenleriň duş gelen ýene bir kynçylygy — hukuk labirintleridir. Has takygy, awtorlyk hukuklaryny bozmazdan häzirki zaman milli prozanyň we poeziýanyň eserlerinden, ylmy makalalardan, monografiýalardan we metbugat materiallaryndan peýdalanmak meselesidir.
Sebitdäki emeli aňy işläp düzüjiler parlamentiň, Adalat ministrliginiň we Medeniýet ministrliginiň derejesinde çeýe hukuk mehanizmlerini döretmeli. Şeýlelikde, çap edilen materiallaryň awtorlary milli emeli aňyň döredilmegine bilelikdäki awtorlar hökmünde gatnaşyp bilerler we ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Kanada, Italiýa, Hindistan we beýleki birnäçe daşary ýurtlarda bolşy ýaly, kazyýetlere awtorlyk hukuklarynyň bozulandygy baradaky talaplar bilen ýüz tutmak zerurlygy ýüze çykmaz.
Biz eýýäm garaşsyz emeli aňyň diňe surat döretmek üçin ulanylýan oýunjak däldigi barada ýazypdyk. Şol Özbegistanda we Gazagystanda hem ol eýýäm ýapyk döwlet ulgamlarynda üstünlikli işleýär. Ol salgyt ulgamyndaky kölege shemalaryny ýüze çykarmaga, sebit hassahanalaryndaky rentgen suratlaryny seljermäge, adatdan daşary yssy günlerde energetika torlaryna düşýän ýükü deňleşdirmäge we daýhanlaryň ekin meýdanlary üçin ýetmezçilik edýän suwaryş suwunyň zerur mukdaryny takyk hasaplamaga kömek edýär.
Mundan başga-da, mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda emeli aň okuwçynyň gowşak taraplaryny güýçlendirýän we mugallymlary köp sanly gündelik hasabatlary barlamak ýaly gaýtalanýan işlerden boşadýan şahsy repetitor hökmünde çykyş edip başlaýar.
Türkmenistan üçin bu ýol öz mümkinçiliklerini açýar. Sebitdäki goňşy ýurtlaryň tejribesine daýanyp, «hapalanan maglumatlar» bilen bagly ýalňyşlyklardan gaça durup, başdan arassa we barlanylan model gurmak mümkin.
Esasy zat, emeli aňyň diňe adamlaryň onuň içine ýerleşdiren maglumatlaryny şöhlelendirýän aýna bolandygyny ýatdan çykarmaly däl. Ol halkyň hakyky ruhuny görkezmegi üçin bolsa, onuň içine manylary ýurduň iň gowy zehinleri — tejribeli mekdep mugallymyndan başlap, akademige çenli — girizmelidir.
Hut haýsy amaly ädimlerden ministrlikler we pudak edaralary suweren maglumat binýadyny döretmäge başlamaly? Dil maglumatlaryny ýygnamaga we sanly görnüşe geçirmäge nämeden başlamaly?
Bu giň gerimli iş üçin gymmat düşýän daşary ýurt hünärmenlerini çekmeli bolmaz ýaly, milli işgärleri taýýarlamak strategiýasy nähili bolmaly?
Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, akademiki institutlaryň, mugallymlaryň we emeli aň üçin dil maglumatlaryny saýlap aljak ähli hünärmenleriň işini nähili utgaşdyrmaly? Üstesine-de, tekstler dürli pudaklardan we iş ugurlaryndan bolan hünärmenleriň dürli toparlary tarapyndan işlenilende, olaryň arasynda terminologiýa babatda tapawutlaryň ýüze çykmazlygy üçin muny nähili guramaly?
Sanalan ähli meseleler geljekde Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň mümkinçiliklerini bitewi sebit emeli aň ulgamyna birleşdirmek üçin, şübhesiz, örän möhümdir. Görkezilen meseleleriň çözülmegi milli emeli aň ulgamlaryny döretmek boýunça ýerli taslamalary tutuş Merkezi Aziýa üçin kuwwatly geosyýasy we infrastruktura binýadyna öwürmäge mümkinçilik berer.
Sebitiň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribesini göz öňünde tutup, ministrlikler üçin ilkinji amaly ädimler barada gürrüň edilende, işi diňe bir kuwwatly serwerleri satyn almakdan (bu emeli aňyň ösdürilmegi üçin örän möhüm şert bolsa-da) däl-de, eýsem milli mirasyň sanawyny çykarmakdan başlamaly. Birnäçe gezek agzalan «altyn maglumat toplumyny» döretmekden başlamaly. Bu işe ilkinji nobatda Aragatnaşyk ministrliginiň hünärli işgärlerini, akademiki jemgyýetçiligi we Türkmenistanyň ynsanperwer hem-de tehniki ýokary okuw mekdepleriniň uly mümkinçiliklerini çekmek zerur.
Bu ýerde ilkinji ädim eýýäm sanly görnüşe geçirilen tekst gaznalaryna giň gerimli gözden geçiriş geçirmek bolmalydyr. Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň arhiwleri, döwlet kitaphanalary, sanly görnüşe geçirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalary, umumy edebi we terminologik sözlükler — bularyň ählisi dilimiziň ilkinji sanly nusgasynyň binýadynyň ilkinji «daşy» bolup durýar.
Ylmy, hukuk we tehniki düşünjeleriň türkmen dilindäki resmi terjimeleriniň anyk kesgitlenjek Ýeke-täk döwlet terminler sanawyny döretmäge aýratyn üns bermeli. Bu geljekki neýroulgamy internetden alnan tötänleýin we nädogry terjimeler bilen «hapalanmakdan» gorar. Bu örän çylşyrymly we köp zähmeti talap edýän mesele, şonuň üçin, meniň pikirimçe, onuň jikme-jikliklerini aýratyn makalada ara alyp maslahatlaşarys.
Bu işe ýokary okuw mekdeplerini hem çekmek möhümdir. Tekstleri sanly görnüşe geçirmek we ilkinji arassalaýyş işlerini okuw işleriniň, ýaş filologlaryň we terjimeçileriň ylmy-barlaglarynyň hem-de diplom işleriniň bir bölegine öwürmek bolar.
Emma dil maglumatlaryny ýygnamak işiň diňe ýarysydyr, sebäbi olary dogry dolandyrmak hem zerur. Şunuň bilen baglylykda, milli işgärleri taýýarlamak strategiýasy iki ugryň — kompýuter lingwistikasy bilen maglumat inženerçiliginiň çatrygynda gurulmalydyr.
Gymmat düşýän daşary ýurtly hünärmenlere — ekspatlara garaşly bolmazlyk üçin, ýurduň öňdebaryjy degişli ýokary okuw mekdeplerinde maksada gönükdirilen dersara maksatnamalary işe girizmek möhümdir. Filologlara maglumatlary bellikleme we tekstlere annotasiýa bermek boýunça başlangyç bilimleri öwretmeli we olary maşyna konteksti hem-de medeni kody «öwredýän» (has dogrusy, «türgenleşdirýän», «düşündirýän») sanly redaktorlara öwürmeli. Şol bir wagtyň özünde inženerleri uly maglumatlar we dil modelleriniň arhitekturalary bilen işlemek boýunça ýöriteleşdirmeli.
Gazagystanyň we Özbegistanyň tejribesi iň netijeli ýoluň sebitdäki IT kompaniýalary bilen bilelikdäki ylmy-barlag barlaghanalaryny döretmekdigini görkezýär. Bu ýerde ýaş hünärmenler milli meselelerden üzňe galmazdan, kärdeşleriniň hakyky superkompýuterlerinde tejribe geçip, amaly tejribe toplap bilerler. Bu binýat döredilenden soň, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda emeli aňy has işjeň ulanmak üçin ägirt uly mümkinçilikler açylar.
Mysal üçin, gurak howa şertlerinde suw serişdelerini dolandyrmak diňe Türkmenistan üçin däl, eýsem Özbegistan we Gazagystanyň günorta sebitleri üçin hem ýaşaýşyň dowam etmegi bilen bagly meselä öwrülýär. Amyderýadaky, Garagum derýadaky we beýleki suw hojalyk desgalaryndaky datçikler bilen birleşdirilen garaşsyz emeli aň bugarmany, süzülmäni we ekin meýdanlaryny suwarmak üçin suwuň paýlanyşynyň iň amatly deňagramlylygyny hakyky wagtda hasaplamaga ukyply bolup, ägirt uly suw ýitgileriniň öňüni alyp biler.
Ýeri gelende aýtsak, gowy habar bar: 7-nji awgustda kabul edilen Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň kararyna laýyklykda, ýakyn günlerde Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk edaralary Syrderýanyň basseýninde akymyň hasabyny ýöretmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek boýunça iş toparyny düzerler. Şeýlelikde, Syrderýa sebitimizde ilkinji «sanlylaşdyrylan» derýa öwrüler, şol bir wagtyň özünde hem sanly gözegçilik tejribesiniň tutuş Amyderýa basseýnine ýaýramagynyň başlangyjyna öwrüler.
Nebitgaz pudagynda neýroulgamlar öňünden çaklaýyş seljermesiniň esasy guralyna öwrülip biler. Emeli aň «Galkynyş» gaz känindäki täze gatlaklary has takyk gözlemek üçin seýsmiki maglumatlary işläp biler, burawlamak işleriniň düzgünlerini amatly edip biler we iň möhümi, magistral gaz geçirijilerindäki basyşa hem-de olaryň bitewüligine üznüksiz gözegçilik edip biler.
Algoritmler dispetçerler enjamlarda basyşyň peselendigini görmezlerinden has öň gazyň örän ownuk syzmalaryny ýüze çykaryp ýa-da turbalaryň könelmegini öňünden çaklap biler. Bu bolsa Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň–Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasy geçýän ýurtlarynyň gaz eksport infrastrukturasynyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrar. Geljekde olaryň hataryna gurluşygy boýunça eýýäm belli bir işler alnyp barylýan dördünji şaha hem goşular.
Emma esasy gözýetim Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitleriniň çatrygynda açylýar. Emeli aň mümkinçilikleriniň bitewi ulgama birleşdirilmegi sebitimizi bitewi ykdysady merkeze öwrüp biler. Elektroenergetika ulgamynda emeli aň Merkezi Aziýanyň Birleşen energetika ulgamy — şol Merkezi Aziýa energetika halkasy üçin sanly dispetçer bolup biler.
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň gidroenergetika kuwwatlyklarynyň Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň ýylylyk elektrik stansiýalary bilen bitewi emeli aňyň dolandyryşynda birleşdirilmegi energiýanyň iň ýokary sarp edilýän döwürlerinde ýa-da möwsümleýin suw ýetmezçiliginde energiýa akymlaryny awtomatiki deňleşdirmäge mümkinçilik berer we tapgyrlaýyn elektrik togunyň öçürilmeginiň öňüni alar.
Ulag-üstaşyr ulgamynda bitewi sebitleýin emeli aňy bäş ýurduň gümrük we logistika ulgamlaryny birleşdirip, hakyky sanly dispetçere öwrülip biler. Ol Gündogar–Günbatar we Demirgazyk–Günorta geçelgeleri boýunça ýük akymlaryny amatlylaşdyryp, serhet geçelgelerindäki ýüklenmäni öňünden hasaplap, üstaşyr deklarasiýalaryny awtomatiki barlap we demir hem-de awtomobil ýollarynyň hereket tertibini utgaşdyryp biler. Şeýlelikde, ol göze görünmeýän býurokratik päsgelçilikleri gönümel «aýryp», ýükleriň eltiliş wagtyny birnäçe esse gysgaldyp biler.
Netijede, milli emeli aň ulgamlarynyň özara sazlaşygy giň gerimli sebit nusgasyny döreder. Bu ýagdaýda her bir ýurduň sanly özygtyýarlylygy Merkezi Aziýany bölüşdirmez, tersine, ony dünýäniň islendik iri tehnologiýa kompaniýalary bilen deň derejede gepleşik geçirip biljek bitewi, ýokary tehnologiýaly we garaşsyz ekoulgama berk birleşdirer.
Bu ägirt uly maksatlaryň we olary durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimleriň diňe bir tehniki aýratynlyklar bilen çäklenmeýändigi, eýsem tutuş bilermenler jemgyýetiniň jebisleşen garaýşyny talap edýändigi düşnüklidir. «Altyn maglumat toplumyny» döretmek, intellektual eýeçiligi hukuk taýdan goramak, algoritmleriň etikasy we dersara bilim — häzirki wagtda bularyň ählisi alymlaryň, işläp düzüjileriň, lingwistleriň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda çuňňur hünär çekişmesini talap edýän möhüm meselelerdir.
(Dowamy bar)
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi







