HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Belgradda geçiriljek EXPO-2027 üçin milli pawilýonyň gurluşygyna girişýär

Awgust 19, 2026 | 17:23 |3117
Türkmenistanyň Prezidenti Belgradda geçiriljek EKSPO 2027-de milli pawiliýon gurmak baradaky permana gol çekdi. Sergi 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgustyna çenli Serbiýada geçirilerTürkmenistanyň Prezidenti Belgradda geçiriljek EKSPO 2027-de milli pawiliýon gurmak baradaky permana gol çekdi. Sergi 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgustyna çenli Serbiýada geçiriler
Çeşme: expobelgrade2027.org

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Serbiýada geçiriljek Bütindünýä ýöriteleşdirilen EXPO-2027 sergisine gatnaşmak üçin milli pawilýonyň taslamasyny taýýarlamaga, gurluşyk-gurnama işlerini we beýleki degişli işleri ýerine ýetirmäge ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Resminama ministrlige ýurduň halkara giňişligindäki gazananlaryny mynasyp derejede görkezmek üçin ähli guramaçylyk we gurluşyk işleriniň toplumyny amala aşyrmagy tabşyrýar.

Ýöriteleşdirilen EXPO-2027 sergisi 2027-nji ýylyň 15-nji maýyndan 15-nji awgustyna çenli Belgradda «Adamzat üçin oýun: hemmeler üçin sport we saz» diýen umumy tema bilen geçiriler. Ählumumy forumyň guramaçylary häzirki wagtda Belgradyň Surçin etrabynda esasy sergi toplumynyň we EXPO-şäherçesiniň gurluşygyny tamamlaýarlar. Gatnaşyjy ýurtlar üçin taýýarlanylýan pawilýonlaryň 2026-njy ýylyň 1-nji dekabrynda tabşyrylmagy meýilleşdirilýär. Şondan soň pawilýonlaryň içki bezeg we sergi ekspozisiýalaryny ýerleşdirmek işleri başlanar.

Türkmenistan Serbiýada geçiriljek ýöriteleşdirilen sergä gatnaşjakdygyny resmi taýdan ilkinji bolup tassyklan döwletleriň hataryna girdi. Sergä 130-dan gowrak ýurduň gatnaşmagyna garaşylýar. Dubaýda, Osakada we beýleki şäherlerde milli pawilonlary döretmekde üstünlikli tejribesi bolan Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi däp boýunça türkmen sergisini guramak üçin jogapkär bolar.

Türkmenistanyň Belgraddaky milli pawilýony diňe bir ýurduň baý medeni mirasyny we sportdaky gazananlaryny däl, eýsem durmuş-ykdysady ösüşiň depginini, şol sanda giň gerimli şähergurluşyk taslamalaryny, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny we sebitiň logistika mümkinçiliklerini hem görkezmäge hyzmat eder.

16082026-turkmenistan-expo-2027-belgrade (2).jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026