Daşkentde yslam siwilizasiýasy barada halkara media forumy geçiriler


24–29-njy awgust aralygynda Daşkentde «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara media forumy geçiriler. Uly göwrümli çäräniň esasy meýdançasy Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezinde ýerleşip, bu ýerde daşary ýurtly žurnalistler, halkara bilermenler we media hünärmenleri ýygnanar. Bu barada Yuz.uz habar berýär.
Forumyň maksatnamasyna plenar mejlisler, tematik sergiler, metbugat brifingleri we işewür duşuşyklary girýär. Bilermenler dokumental filmleri döretmek, taryhy hakydany gorap saklamak, neşir taslamalaryny ösdürmek hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Ýaş hünärmenlere aýratyn üns berler: dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri Özbegistanyň talyplary üçin ussatlyk sapaklaryny geçirerler. Gatnaşyjylar häzirki zaman žurnalistikasynyň ugurlary, media kontentini taýýarlamak we maglumat materiallaryny dünýäniň habar giňişliginde öňe sürmek barada maglumat alarlar.
Myhmanlar üçin baý medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Žurnalistler Daşkent boýunça ýörite media-syýahata gatnaşarlar, 27-nji awgustda bolsa Samarkanda we Ymam Buhary toplumyna baryp görerler.
Forum 28-nji awgustda jemleri jemlemek bilen tamamlanar. Daşary ýurtly gatnaşyjylar Özbegistanyň garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem gatnaşarlar. Bu çäre halkara gatnaşyklary berkitmäge we sebitiň baý taryhy-medeni mirasyny dünýäde giňden tanatmaga ýardam eder.
ORIENT






