HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan bilen Türkmenistan üstaşyrmalary ýeňilleşdirmek we göni howa gatnawlaryny ýola goýmak barada ylalaşýarlar

Awgust 16, 2026 | 13:02 |8628
Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleri Daşkentde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşyk geçirdilerÖzbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleri Daşkentde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşyk geçirdiler
Çeşme: uzdaily.uz

Özbegistanyň ulag-logistika pudagynyň wekilleri Daşkentde Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şadurdy Meredow bilen duşuşyk geçirdiler. Gepleşikleriň esasy meselesi administratiw päsgelçilikleri aradan aýyrmak, harytlaryň hereketini çaltlaşdyrmak we iki döwletiň arasyndaky ulag ugurlaryny giňeltmek boldy.

Duşuşyga ulag meselelerini öwrenmek boýunça degişli merkeziň ýolbaşçy işgärleri, Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň hünärmenleri, Halkara awtoulag daşaýjylary assosiasiýasynyň wekilleri, şeýle hem iri ekspeditor kompaniýalary gatnaşdylar.

Daşkent türkmen kärdeşlerine serhet geçelgelerindäki işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe amaly çäreleri teklip etdi. Olaryň hatarynda ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wizalary elektron görnüşde resmileşdirmäge geçmek, degişli tölegleri azaltmak we nobatlaryň emele gelmeginiň öňüni almak maksady bilen esasy «Farap — Alat» barlag-göýberiş nokadynda barlag işlerini çaltlaşdyrmak bar. Esasy üns tiz zaýalanýan önümleri daşaýan ýük awtoulaglary üçin aýratyn «ýaşyl geçelgäni» döretmäge we bitarap zolakda ikinji köprini gurmaga gönükdirildi.

Mundan başga-da, taraplar ulaglaryň agram we ölçeg çäklendirmelerine täzeden garamak, awtoulag-demir ýol ugurlary üçin Türkmenbaşy deňiz portunyň infrastrukturasyny has işjeň peýdalanmak, şeýle hem iki ýurduň arasynda göni yzygiderli howa gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasy öňe sürlen ähli başlangyçlary bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň garamagyna dessin geçirmeklige taýýardygyny mälim etdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026