HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Awgust 13, 2026 | 21:55 |669
Massaçusetts Tehnologiýa Institutynyň (MIT) we Sinhua uniwersitetiniň alymlary emeli aňy okatmagyň GeoPT atly täze usulyny işläp taýýarladylarMassaçusetts Tehnologiýa Institutynyň (MIT) we Sinhua uniwersitetiniň alymlary emeli aňy okatmagyň GeoPT atly täze usulyny işläp taýýarladylar
Çeşme: belta.by

Massaçusetts Tehnologiýa Institutynyň (MIT) we Sinhua uniwersitetiniň alymlary emeli aňy okatmagyň GeoPT atly täze usulyny işläp taýýarladylar. Bu innowasion tehnologiýa kompýuter modellerine fiziki kanunlara has çuňňur düşünmäge we hakyky dünýäde dürli obýektleriň özüni alyp barşyny ýokary takyklyk bilen wirtual görnüşde gaýtadan döretmäge mümkinçilik berýär diýip, BELTA habar berýär.

GeoPT ulgamy üç ölçegli mehaniki täsirleri wirtual görnüşde gaýtadan döredýär: bölejikleriň predmetler bilen galtaşanda hereketini we çaknyşmagyny görkezýär. Munuň netijesinde emeli aň ulgamy bar bolan meňzeş tehnologiýalara garanyňda iň ýokary takyklyk derejesine iki esse çalt ýetýär, şeýle hem ony doly derejede öwretmek üçin 60 göterim az maglumat gerek bolýar. Tehnologiýany ulanmak hem örän ýönekeý: inženeriň diňe obýektiň 3D modelini ýüklemegi we güýjüň tizligini hem-de ugruny görkezmegi ýeterlikdir. Soňra algoritm ähli fiziki reaksiýalary özbaşdak hasaplaýar.

Bu işläp taýýarlama inženerçilik we robototehnika üçin giň mümkinçilikleri açar. GeoPT-iň kömegi bilen hünärmenler awtoulaglaryň, uçarlaryň ýa-da robotlaryň çaknyşyklar wagtynda, şeýle hem ýeliň we suwuň täsiri astynda özlerini nähili alyp barjakdygyny öňünden çaklap bilerler. Bu bolsa täze tehnologiýalary synagdan geçirmegi ep-esli çaltlandyrmaga we taslama tapgyrynda olaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda «Ahalteke bedewleri — parahatçylygyň ilçileri» atly okuwçylar bäsleşigi geçiriler

22:00 Awgust 13, 2026
Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

Ady rowaýata öwrülen “Soýuzmultfilm” täze taslamalary we animasiýa brendleri Aşgabada getirer

22:00 Awgust 13, 2026
Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

Alymlar takyk 3D modelirlemek üçin GeoPT okuw tehnologiýasyny döretdiler

21:55 Awgust 13, 2026