“Tatneft” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyndan himiki reagentleri getirmek boýunça tender


“Tatneft” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanda işleýän şahamçanyň buraw toparlary üçin buraw erginini taýýarlamakda ulanylýan himiki reagentleri satyn almak boýunça 2026/42 belgili tenderi Türkmenistanyň manadynda we Russiýanyň rublynda yglan edýär.
Gatnaşmagyň şertleri
Tendere gatnaşmak isleýän dalaşgärler şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna gatnaşmak islegini bildirýän arzasyny KhalilulinBS@tatneft.tatar elektron poçta salgysyna ibermelidirler.
Arza dalaşgäriň resmi blankasynda taýýarlanylyp, ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilen we möhür bilen tassyklanan bolmalydyr. Arzada gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank maglumatlary görkezilmelidir.
Offşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol zolaklarda bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Arza iberilenden soň, gatnaşyja tehniki tabşyryk onuň arzasynda görkezilen elektron poçta salgysyna iberiler.
Tender teklibi PDF görnüşindäki elektron faýllar görnüşinde, goşmaça Excel formatynda hem taýýarlanylyp, RAR arhiwine gaplanmalydyr. Faýllar azyndan 8 simwoldan ybarat açar sözi bilen goralmalydyr.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti
Tender teklipleri «Nebit-Gaz» gazetinde bildirişiň resmi çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda — 10.08.2026–21.08.2026 aralygynda tabşyrylmalydyr.
Resminamalary kabul etmek 10-njy iş gününiň ýerli wagt bilen 18:00-da tamamlanýar. Görkezilen möhletden soň gelip gowşan teklipler garamak üçin kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin
Guramaçylyk meseleleri boýunça:
Maddy-tehniki üpjünçilik boýunça inžener:
+993 61-49-57-47
Tehniki meseleler boýunça:
KRB, BBS sehiniň başlygy:
+993 65-81-70-29





