HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

GDA-nyň ýaş arheologlary Wolganyň boýundaky Beýik Bulgarda sanly usullary özleşdirýärler

Awgust 12, 2026 | 19:20 |4004
Tatarystan Respublikasynyň Bolgar şäherinde ýerleşýän Bolgar döwlet taryhy-arhitektura muzeý-goraghanasynda XIII Halkara arheologiýa mekdebi öz işine başladyTatarystan Respublikasynyň Bolgar şäherinde ýerleşýän Bolgar döwlet taryhy-arhitektura muzeý-goraghanasynda XIII Halkara arheologiýa mekdebi öz işine başlady
Çeşme: tatar-inform.ru

Tatarystan Respublikasynyň Bolgar şäherinde ýerleşýän Bolgar döwlet taryhy-arhitektura muzeý-goraghanasynda XIII Halkara arheologiýa mekdebi öz işine başlady. Şu ýyl bilim we ylmy-barlag taslamasy Russiýanyň 24 sebitinden, şeýle hem GDA ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden 75 ýaş alymy bir ýere jemledi.

2026-njy ýylda mekdebiň esasy temasy arheologiýada sanly tehnologiýalary we emeli aňy ulanmak boldy. Iki hepdäniň dowamynda ýaş bakalawrlar, magistrantlar we aspirantlar Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Tatarystanyň akademiki institutlarynyň öňdebaryjy bilermenleriniň ýolbaşçylygynda geoinformasiýa ulgamlary, 3D-modelirleme, dron enjamlary, uzak aralykdan zondirleme we meýdan geodeziýasy bilen işlemek usullaryny özleşdirýärler. Meýdan maglumatlaryny obýektleri resmileşdirmek we dikeldiş işlerini meýilleşdirmek maksady bilen neýroulgamlar arkaly işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

bolgar-archaeological-school-tatarstan.png

Bolgar halkara arheologiýa mekdebi 2014-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär. Şu döwürde paleantropologiýadan başlap geoinformatika çenli özboluşly dersara ugurlar boýunça 800-den gowrak hünärmen taýýarlanyldy. Taslama adatça iki tapgyrda geçirilýär: birinji sessiýa Tatarystanda, gadymy Bolgaryň çäginde geçirilýär, ikinji tapgyr bolsa gatnaşyjy ýurtlaryň ylmy merkezleriniň binýadynda guralýar.

Guramaçylar halkara hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda giňeldýärler. Mekdebiň açylyşynyň çäklerinde hytaýly kärdeşler bilen gepleşikler geçirilip, mekdebiň geljekki tapgyrlarynyň birini Içerki Mongoliýanyň Hoh-Hoto şäherinde geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mekdebiň işi 23-nji awgusta çenli dowam eder we ýaş gözlegçileriň öz ylmy çykyşlaryny hödürlejek halkara ylmy-amaly maslahat bilen jemlener.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026