HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

9-njy awgust Ernst Neizwestnynyň ýatlama güni

Awgust 10, 2026 | 17:37 |1802
10 ýyl mundan ozal, 2016-njy ýylyň 9-njy awgustynda Nýu-Ýork şäherinde ruhy garşylygyň, monumental gerimiň we döredijilik bitaraplygynyň nyşanyna öwrülen heýkeltaraş Ernst Neizwestnyý aradan çykdy. Onuň terjimehalynda dünýä ýeňişleri sowet gadaganlyklary bilen utgaşýar: Maneždäki Hruşşow bilen aç-açan çaknyşykdan başlap, ÝUNESKO-nyň halkara bäsleşiklerinde Salwador Dali we Robert Rauşenberg ýaly ussatlardan geçip, gazanan ýeňişlerine çenli10 ýyl mundan ozal, 2016-njy ýylyň 9-njy awgustynda Nýu-Ýork şäherinde ruhy garşylygyň, monumental gerimiň we döredijilik bitaraplygynyň nyşanyna öwrülen heýkeltaraş Ernst Neizwestnyý aradan çykdy. Onuň terjimehalynda dünýä ýeňişleri sowet gadaganlyklary bilen utgaşýar: Maneždäki Hruşşow bilen aç-açan çaknyşykdan başlap, ÝUNESKO-nyň halkara bäsleşiklerinde Salwador Dali we Robert Rauşenberg ýaly ussatlardan geçip, gazanan ýeňişlerine çenli
Çeşme: orient.tm

10 ýyl mundan ozal, 2016-njy ýylyň 9-njy awgustynda Nýu-Ýork şäherinde ruhy garşylygyň, monumental gerimiň we döredijilik bitaraplygynyň nyşanyna öwrülen heýkeltaraş Ernst Neizwestnyý aradan çykdy. Onuň terjimehalynda dünýä ýeňişleri sowet gadaganlyklary bilen utgaşýar: Maneždäki Hruşşow bilen aç-açan çaknyşykdan başlap, ÝUNESKO-nyň halkara bäsleşiklerinde Salwador Dali we Robert Rauşenberg ýaly ussatlardan geçip, gazanan ýeňişlerine çenli.

Emma türkmen paýtagtynyň taryhynda ussat aýratyn jadyly orun eýeleýär. Hut Aşgabatda Ernst Neizwestnynyň SSSR-den gitmezinden ozal onuň sowet döwründäki iň sоňky monumental işi saklanyp galypdyr.

1970-nji ýyllarda türkmen binagärleriň çakylygy boýunça Neizwestnyý uly möçberli taslama — şu wagt Türkmenistanyň Baş arhiw müdirliginiň ýerleşýän binasynyň barelýefine girişýär.

15 metrlik beton panno möhüm we ekspressiw beýan boldy. Ussat onda aziýa modernizminiň ritmlerini, monumental plastikany we çuňňur manyny — eýýamlardan geçip ösüp barýan döredijilik zähmetiniň, erkiň we siwilizasiýanyň ýüzüni birleşdirdi. Ussadyň tapyndylarynyň biri hem tutuş monumental ýüzüň keşbini emele getirýän zenanyň keşbi boldy.

Ýanyndaky «Mekan» köşgüniň öň tarapynda oňa ot sowgat berijiniň, döredijilik joşgunynyň, bilimiň we ýagtylyga ymtylyşyň dinamiki keşbi bolan «Prometeý» barelýefi seslenýär. Bu iki fasad taryhy hakydanyň («Maska») we döredijilik hyjuwynyň («Prometeý») ebedi monumental gepleşige girişen ýeke-täk filosofiýa giňişligini emele getirdi.

Aşgabatdaky iş Neizwestnyý üçin özboluşly döredijilik manifesti we şol bir wagtda emosional çäk boldy. Beýle äpet relýefi döretmek heýkeltaraşdan uly fiziki we ruhy güýji talap edýärdi.

1976-njy ýylda, Sýurihe göçüp gitmeginiň öňüsyrasynda, dostunyň emigrasiýanyň sebäpleri baradaky soragyna Neizwestnyý şeýle jogap berdi: «Diňläň, eger men Aşgabatdaky ýaly ýene bir eser döredäýsem, onda men göni ölerdim».

Bu ýöne bir ýadawlyk däl, eýsem betona siňdirilen şekilleriň we manylaryň iň ýokary derejedäki jemlenmesidi. Aşgabatdaky barelýef çäklerden çykyp gidýän ussadyň ähli güýjüni özüne siňdirdi.

Ernst Neizwestnynyň ähli döredijiliginiň içinden ýarym asyr bäri işlän «Durmuş daragty» filosofiýa taslamasy eriş-argaç bolup geçýär. Bu adamlaryň keşpleri, bogunlary we mehanizmleri ynsan ruhunyň ýeňişini, erkini we durmuşyň dowamlylygyny alamatlandyryp, şahalarda birleşýän sungatyň we ylymyň äpet sintezidir. Aşgabatdaky barelýefde hem şol bir plastiki motiwler we güýçli ritm duýulýar: ussat onýyllyklar soňra Moskwa şäherinde gurnalan meşhur ýadygärliginde öz beýanyny tapan ynsan ykbalynyň bitewiligini ýüze çykarmak üçin şekilleri gözleýärdi.

Şu gün türkmen paýtagtynyň keşbi täze, sazlaşykly binagärlik sypatlaryna eýe bolan döwründe, Neizwestnynyň relýefi XX asyryň ýokary modernizmiň seýrek we gymmatly ýadygärligi bolmagynda galýar.

Daşary ýurtly bilermenler, medeniýet öwrenijileri we Merkezi Aziýa boýunça medeni syýahatlara gyzyklanýan syýahatçylar üçin bu panno hakyky «gizlin merjen» we möhüm ýer boldy. Dünýä derejeli ussadyň özboluşly işini göni ýerinde görmek mümkinçiligi sungat muşdaklaryny, seýrek künjekleri gözleýjileri we dramaturg Artur Milleriň «ruhuň beýany we geljegiň pygamberligi» diýip atlandyran adamyň mirasy bilen tanyşmak isleýänleriň hemmesini özüne çekýär.

Tema boýunça

Bütin dünýäniň tanan nätanyşy: heýkeltaraşyň ýüzýyllygy ummanyň iki tarapynda hem bellenildi

Wadim Kosmaçýowyň "Durmuş daragty"

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026