Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary kontrabanda garşy göreşmek boýunça ÝHHG-niň we Türkiýäniň TADOC akademiýasynyň ýöriteleşdirilen kursuny geçdiler


Aşgabatda Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň merkezi tarapyndan Türkiýäniň Kontrabanda we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça halkara akademiýasy (TADOC) bilen bilelikde guralan halkara howa menzillerinde töwekgelçilikleri seljermek we barlamak usullary boýunça bäş günlük okuw kursy tamamlandy.
Okuwa esasy edaralaryň 20 wekili – Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ulaglardaky polisiýa müdirliginiň, Döwlet serhet gullugynyň, Döwlet gümrük gullugynyň we “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiasiýa howpsuzlygy gullugynyň wekilleri gatnaşdy.
Okuwyň dowamynda TADOC-yň halkara bilermenleri türkmen hünärmenlerine kontrabanda bilen bagly jenaýatlary ýüze çykarmagyň häzirki zaman strategiýalary boýunça tälim berdiler. Aýratyn üns profil düzmek usulyna berildi. Bu usul uçuşlary, ýolagçy akymyny, ýükleri we goşlary seljermek arkaly töwekgelçiliklere baha bermegi öz içine alýar. Şeýle hem psihologik usullar boýunça okuw geçirildi. Gatnaşyjylar raýatlaryň terminala giren pursadyndan uçara münýänçä şübheli hereketleriniň alamatlaryny kesgitlemegiň, şeýle hem sorag etmegiň usullarynyň aýratynlyklaryny öwrendiler. Resminama we barlag gözegçiligi boýunça hem degişli sapaklar geçirildi. Onda ýol resminamalaryny barlamagyň we neşe serişdelerini gizlemegiň giňden ýaýran usullaryny ýüze çykarmagyň ýollary öwredildi.
Nazary okuwlar Aşgabat Halkara howa menzilinde geçirilen amaly sapak bilen berkidildi. Gatnaşyjylar hakyky şertlerde gözleg we barlag işlerini ulgamlaýyn geçirmek boýunça alan bilimlerini iş ýüzünde synagdan geçirdiler.
Okuwyň açylyş dabarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Uilýam Lif transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek boýunça Tirana jarnamasynyň esasy düzgünlerini belledi.
«Bu okuw çäresi ÝHHG-niň we oňa agza döwletleriň Tirana jarnamasynyň syýasy borçnamalaryny anyk we amaly goldawa öwrendigini aýdyň görkezýär. Biziň ähli tagallalarymyz bir zady tassyklaýar: tejribe alyşmak we sebitdäki hyzmatdaşlyk transmilli jenaýatçylyga garşy göreşde möhüm ähmiýete eýediri » — diýip, Uilyam Lif nygtady.








