HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy we jemgyýetçilik guramalary «Back to school» atly çäräni geçirdiler

Awgust 11, 2026 | 15:28 |1944
Çagalar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän günlerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanda Maýyplygy bolan adamlary goldamak merkezi bilen bilelikde däbe öwrülen «Back to school» («Mekdebe gaýdyp geliş») atly durmuş maksatly çäräni geçirdiÇagalar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän günlerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanda Maýyplygy bolan adamlary goldamak merkezi bilen bilelikde däbe öwrülen «Back to school» («Mekdebe gaýdyp geliş») atly durmuş maksatly çäräni geçirdi
Çeşme: UNICEF in Turkmenistan 

Çagalar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän günlerinde, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasy we Türkmenistanda Maýyplygy bolan adamlary goldamak merkezi bilen bilelikde däbe öwrülen «Back to school» («Mekdebe gaýdyp geliş») atly durmuş maksatly çäräni geçirdi.

Bäşinji ýyl yzly-yzyna geçirilýän bu başlangyç maýyplygy bolan çagalary we durmuş taýdan ejiz maşgalalardan bolan çagalary goldamaga, olaryň täze okuw ýylynyň başlanmagyna taýýarlyk görmegine ýardam bermäge gönükdirilendir.

eu-delegation-turkmenistan-back-to-school-campaign (2).jpeg

Baýramçylyk çäresiniň çäginde ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksa we diplomatik wekilhananyň işgärleri çagalar bilen duşuşyp, olara zerur okuw esbaplarynyň ählisi bilen üpjün edilen mekdep torbalaryny gowşurdylar. Beata Peksa çagalara ýüzlenip: «Hemişe bilesigeliji boluň, mümkin boldugyça köp sorag beriň we hiç haçan öwrenmegi bes etmäň» diýip aýtdy.

Myhmanlar üçin baýramçylyk ýagdaýyny we şatlykly gurşawy «Rishat Events» animatorlar topary döretdi. Olar interaktiw oýunlary, aýdym-sazy we dürli bäsleşikleri öz içine alýan ýörite maksatnamany taýýarladylar.

Inklýuziw bilimi ösdürmek, her bir çaganyň ösüşi üçin deň mümkinçilikleri döretmek hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalaryny goldamak Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ynsanperwer we durmuş ugurlaryndaky işleriniň esasy bölekleri bolmagynda galýar.

eu-delegation-turkmenistan-back-to-school-campaign (1).jpeg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

Katar sebitdäki çylşyrymly ýagdaýlary düzgünleşdirmek boýunça gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi

22:00 Oktýabr 08, 2026
Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

Gazada 20 müňden gowrak hassa lukmançylyk taýdan ewakuasiýa edilmegine garaşýar

20:00 Oktýabr 08, 2026
Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

Fransiýada ýüzlerçe müň adam okuwçylary goldamak üçin geçirilen çärelere gatnaşdy

18:00 Oktýabr 08, 2026