Belarusdaky Özbegistanyň täze ilçisi Türkmenistanyň ilçihanasyna sapar bilen bardy


Minsk şäherinde Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Nazarguly Şagulyýew bilen Özbegistan Respublikasynyň täze bellenen ilçisi Nuriddin Mamajanowyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyk özbek tarapynyň başlangyjy bilen guraldy.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ykdysady we medeni gatnaşyklary has-da berkitmek, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanyň ilçisi Daşkendiň, şol sanda GDA-nyň çäginde hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň ilçisi bolsa kärdeşini 2026-njy ýyl üçin ýurduň ileri tutulýan milli başlangyçlary we 23-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrdy.
Özbegistanyň ilçisi Daşkendiň Aşgabat bilen köpugurly dialogy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirdi.








