Ormuz bogazy arkaly gämi gatnawy düýpli azaldy
Duşenbe güni deňiz maglumatlaryny seljerýän Kpler kompaniýasy tarapyndan çap edilen maglumatlara görä, anna gününden başlap Ormuz bogazy arkaly her gün geçýän gämileriň sany yzly-yzyna üç günläp azaldy. Dünýäniň iki möhüm deňiz geçelgesi – Ormuz bogazy bilen Bab-el-Mandeb bogazy – bir wagtyň özünde daralyp, edil barha gysylýan halka ýaly bolanda, dünýä global üpjünçilik zynjyrlarynyň näderejede näzikdigini ýene-de ýatlaýar. Deňiz arkaly daşalýan nebitiň takmynan üçden bir böleginiň geçýän Ormuz bogazy hiç wagt kartadaky ýönekeý geografik nokat bolmandy.
Ol tutuş yklymlaryň ykdysadyýetiniň depgininiň bagly bolan esasy arteriýasydyr. Bir hepde öň bu ýerden onlarça gämi geçen bolsa, häzirki wagtda gatnawyň günde bary-ýogy dokuz gämä çenli peselmegi diňe bir statistika däl, eýsem daşaýjylary, ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny we treýderleri töwekgelçilikleri täzeden hasaplamaga mejbur edýän çynlakaý duýduryşdyr. Syýasatçylar beýanat alyşýan mahaly, gämi eýeleri eýýäm çynlakaý ýagdaýda aýlawly ugurlary göz öňünde tutýarlar. Bu bolsa her bir gatnawa müňlerçe goşmaça deňiz milini we millionlarça dollar çykdajyny goşýar.
Kpleriň maglumatlaryna görä, anna güni bu möhüm suw ýolundan 23 gämi geçen bolsa, şenbe güni olaryň sany 11-e, ýekşenbe güni bolsa bary-ýogy dokuza düşdi. Şeýle hem ýekşenbe güni bogazdan geçen dokuz gäminiň ýedisiniň Eýranyň ugruny ulanandygy bellenilýär. Şol bir wagtyň özünde Gyzyl deňziň günorta derwezesi hasaplanýan Bab-el-Mandeb bogazynda ýekşenbe güni 30 gämi geçişi hasaba alyndy: 20 gämi Gyzyl deňizden çykdy, 10 gämi bolsa oňa girdi.
Kpleriň maglumatlaryna görä, awtomatik tanamak ulgamlaryny (AIS) öçürilen ýagdaýda hereket eden gämileriň sany bire çenli azaldy. Kompaniýa degişli taraplaryň arasynda gämi gatnawy boýunça anyk ylalaşyklar gazanylýança, gämi operatorlarynyň Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlaryna adaty gämi gatnaw ugurlary hökmünde däl-de, jedelli dar geçelgeler hökmünde garamagyny dowam etdirmelidigini duýdurdy.
Ormuz bogazy dünýäniň strategik taýdan iň möhüm suw ýollarynyň biridir. Onuň üsti bilen dünýäde öndürilýän nebitiň takmynan 20 göterimi we deňiz arkaly daşalýan suwuklandyrylan tebigy gazyň üçden bir bölegi geçirilýär. Bu sebitde gämi gatnawyndaky islendik bökdençlik dünýä energiýa serişdeleriniň bahalaryna dessine täsir edýär. Gyzyl deňzi Hindi ummany bilen birleşdirýän Bab-el-Mandeb bogazy bolsa Sues kanalyna we ondan gaýdýan gämileriň geçýän ýene bir möhüm dar geçelgesidir.
Iki bogazda hem şol bir wagtda işjeňligiň peselmegi logistika ulgamyna goşa zarba urýar hem-de kompaniýalary öz ugurlaryny we ätiýaçlandyryş nyrhlaryny täzeden gözden geçirmäge mejbur edýär. Seljerijileriň bellemegine görä, ýagdaý dowam eden halatynda frahtyň we ätiýaçlandyryşyň gymmatlamagy 20 göterimden hem geçip biler. Bu bolsa ahyrky sarp edijiler üçin harytlaryň bahalarynyň ýokarlanmagyna getirip biler.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, ýagdaýy dartgynlylykdan çykarmak boýunça diplomatik tagallalar dowam edýän mahaly, gämi gatnaw kompaniýalary uzak möhletli näbellilige taýýarlanýarlar. Ýakyn hepdeler halkara söwdasynyň durnukly saklanyp bilinjekdigini ýa-da dünýä ykdysadyýetiniň täze logistika çökgünligi bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny görkezer.





