HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran bilen Türkmenistanyň medeni arabaglanyşyklary: geçmişdäkileriň ýazuw mirasyndan şu günki medeni diplomatiýa çenli

Awgust 05, 2026 | 01:49 |20
Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň umumy siwilizasiýa mirasy giň ýaýrawa eýe bolup, ony öwrenmäge girişmek üçin iki milleti baglanyşdyrýan örkleri we häzirki ösen gatnaşyklaryň özenini sebitiň taryhynyň jümmüşinden agtaryp tapmak gerek. Eýran bilen Türkmenistanyň iň möhüm siwilizasiýa mirasynyň biri-de ylym pudagy we onuň ýaýramagydyr. Golýazmalary gorap saklamak, kitaphanaçylyk işi boýunça tejribeleri alyşmak we bilelikdäki kitaplary neşir etmek – gatnaşyklaryň bu medeni we siwilizasion ulgamynyň bir bölegi hasaplanylýarEýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň umumy siwilizasiýa mirasy giň ýaýrawa eýe bolup, ony öwrenmäge girişmek üçin iki milleti baglanyşdyrýan örkleri we häzirki ösen gatnaşyklaryň özenini sebitiň taryhynyň jümmüşinden agtaryp tapmak gerek. Eýran bilen Türkmenistanyň iň möhüm siwilizasiýa mirasynyň biri-de ylym pudagy we onuň ýaýramagydyr. Golýazmalary gorap saklamak, kitaphanaçylyk işi boýunça tejribeleri alyşmak we bilelikdäki kitaplary neşir etmek – gatnaşyklaryň bu medeni we siwilizasion ulgamynyň bir bölegi hasaplanylýar
Çeşme: Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň umumy siwilizasiýa mirasy giň ýaýrawa eýe bolup, ony öwrenmäge girişmek üçin iki milleti baglanyşdyrýan örkleri we häzirki ösen gatnaşyklaryň özenini sebitiň taryhynyň jümmüşinden agtaryp tapmak gerek. Eýran bilen Türkmenistanyň iň möhüm siwilizasiýa mirasynyň biri-de ylym pudagy we onuň ýaýramagydyr. Golýazmalary gorap saklamak, kitaphanaçylyk işi boýunça tejribeleri alyşmak we bilelikdäki kitaplary neşir etmek – gatnaşyklaryň bu medeni we siwilizasion ulgamynyň bir bölegi hasaplanylýar.

Uly Horasan sebiti hem-de Merw, Nusaý, Sarahs, Nişabur, Abiwerd ýaly ylmyň we edebiýatyň taryhy merkezleri köp asyrlaryň dowamynda eýran we türkmen alymlary, filosoflary we ýazyjy-şahyrlary üçin ylalaşyp ýaşamagyň we oý-pikirleri öndürmegiň ojagy bolupdyr. Merw yslam döwründe, ylaýta-da Seljuklylar eýýamynda hat-ýazuwyň, astronomiýanyň, hasap ylmynyň we yrfanyň düýp merkezlerinden biri bolupdyr. Enweri Abiwerdi, Zamahşary, Fahreddin Razi ýaly milli buýsanjymyz bolan beýik şahsyýetler, soň-soňlar bolsa, Magtymguly Pyragy ýaly görnükli aryflar we şahyrlar eserlerini pars, arap we türkmen dillerinde ýazypdyrlar. Bu bir taryhy sebitde kalligrafiýanyň, kitap jildlemegiň, sanaw ýöretmegiň, golýazmalary nusgalamagyň bir bitewi däpleri bolupdyr. Türkmenistanyň kitaphanalarynda pars we arap dillerindäki müňlerçe golýazma eserleriniň, Eýrandaky resminamalaryň genji-hazynalarynda bolsa, bu sebitiň taryhyna degişli türki, arap we türkmen dillerindäki tekstleriň bolmagy bu çuňňur siwilizasion özene şaýatlyk edýär.

Bu sebitdäki çuňňur arabaglanyşyklar diňe geçmiş eýýamlar bilen çäklenmeýär. Beýle gatnaşyklar häzir hem dürli görnüşlerde dowam edýär. Häzirki hyzmatdaşlyklar geçmişleriň golýazmalaryny anyklamagy, okamagy, sanawyny ýöretmegi we alyşmagy, beýiklerimiziň eserlerini bileleşip neşir etmegi, türkmen we pars dillerindäki ylmy eserleri öwretmekligi, olaryň ylmy barlagyny we terjime edilmegini öz içine alýar. Bu gatnaşyklar şeýle çuňluga eýe bolany üçin 2023-nji ýylyň iýun aýynda Eýranyň Yslam Ynkylabynyň şehit Lideri Aýatolla Hameneýi tarapyndan Onuň Alyhezreti, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymguly Pyragynyň diwanynyň (eserler ýygyndysynyň) düzedilen iki tomluk nepis nusgasy sowgat berildi. Bu amal edebi şahsyýetlere goýulýan özara hormaty we ýazuw mirasynyň özara doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda peýdalanylýandygyny görkezýär.

Bu hyzmatdaşlygyň göze görünýän maddy bölegi nusgawy tekstleriň we täze ylmy gözlegleriň çapdan çykýan ýeri bolan kitap neşir etmek işi pudagynda hem ýüze çykdy. Olardan, korrektirlenip, pars diline terjime edilen Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň nepis kitaplar görnüşinde neşir edilendigini belläp geçmek bolar. Mundan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň tagallalary bilen häzire çenli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hormatly Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe eserleri pars diline terjime edildi we çapdan çykdy, başga birnäçesiniň bolsa, terjime ýa-da neşir edilmegi boýunça işler dowam edýär. Bu gymmatly eserleriň biri-de, Gahrymanyň Arkadagyň pars diline terjime we neşir edilen “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly kitaby bolup durýar. Şeýle hem, onuň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri" atly köp jiltlik ensiklopediki eseriniň bir jildi pars diline terjime edildi we häzirki wagtda terjimäni deňeşdirmek we neşir etmek tapgyrynda barýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly gymmatly kitabynyň terjime işi hem dowam edýär. Ýakyn wagtlarda onuň tanyşdyryş dabarasy geçiriler.

Geçmişden galan eserler babatda bilelikdäki ylmy-barlag işleri, nepis kitaplaryň neşir edilmegi we Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda ylmy hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagy umumy taryhy özboluşlylygy gorap saklamak ugrundaky strategiki ädimdir. Bu ýoluň sanly gurallara we bilelikdäki neşirlere daýanmak arkaly dowam edilmegi sebitiň medeni ekosistemasynyň goralyp saklanmagynyň we bu gymmatbaha mirasyň geljek nesillere geçirilmeginiň kepilidir.

Ali Mojtaba Ruzbehani, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026