CNPC kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy International Ltd. deslapky saýlama tapgyry boýunça tender yglan edýär


Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) «International Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginiň «B» blogunyň günbatar bölegindäki suw alyş desgalarynyň elektrik enjamlaryny we elektrik gurnamalaryny gyssagly abatlamak boýunça CIT-26099-SR belgili tenderiň deslapky saýlama tapgyrynyň başlanandygyny yglan etdi.
Görkezilen işleri ýerine ýetirmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar. Deslapky saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
• tendere gatnaşmak barada arza;
• kompaniýa we onuň esasy işi barada gysgaça maglumat;
• soňky üç ýylda şuňa meňzeş işleri ýerine ýetiren tejribesi barada maglumat;
• Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň şahadatnamasy.
Arzalary tabşyrmagyň möhleti
Arzalar köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde bildiriş çap edilen gününden başlap ýedi senenama gününiň dowamynda (03.08.2026–09.08.2026) kabul edilýär. Bellenilen möhletden gijä galyp gelen deslapky saýlama resminamalary kabul edilmeýär.
Resminamalary resmileşdirmek boýunça talaplar
Deslapky saýlama resminamalary rus we iňlis dillerinde taýýarlanmaly, tikilmeli, sahypalary belgilenmeli we guramanyň möhüri bilen tassyklanan, berk ýapylan bukjada ýollanmaly. Şeýle hem olara ugradyş hat goşulmaly.
Resminamalar bir asyl nusga we bir göçürme nusga görnüşinde tabşyrylmalydyr. Mundan başga-da, resminamalaryň doly skanirlenen elektron görnüşi hem hökmany tertipde goşulmaly. Bukjada alyjynyň we iberijiniň ady, şeýle hem tenderiň belgisi we ady görkezilmelidir.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
Gatnaşmagyň şertleri we deslapky saýlama resminamalaryny tabşyrmagyň tertibi barada goşmaça maglumatlary şu salgy boýunça alyp bilersiňiz:
Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) «International Ltd.» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy
Salgysy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Aşgabat, Türkmenistan.
Habarlaşmak üçin adam: Şasoltan Hasanowa.
Telefon: +993 (12) 44-52-00 (5701).
Faks: +993 (12) 44-50-44.







