Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi


Özbegistan syýahat etmek üçin dünýäniň iň howpsuz we özüne çekiji ýurtlarynyň biri hökmünde öz ornuny ýene bir gezek tassyklady. Ykdysadyýet we Parahatçylyk instituty tarapyndan taýýarlanan Global Terrorism Index 2026 reýtinginde ýurt 96-njy orny eýeläp, jemgyýetçilik durnuklylygy ýokary bolan döwletleriň toparyna girdi diýip, Yuz.uz habar berýär.
Howpsuzlygyň ýokary derejesi sebitiň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýçleriniň biri bolmagynda galýar. Daşary ýurtly syýahatçylary diňe bir Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy şäherleri bolan Samarkant, Buhara we Hywa däl, eýsem ýokary howpsuzlyk derejesi hem özüne çekýär. Ýurtda netijeli howpsuzlyk ulgamy hereket edýär: howa menzillerinde, demir ýol menzillerinde, metropolitende, merkezi köçelerde we ähli meşhur syýahatçylyk ýerlerinde howpsuzlyk gije-gündiz üpjün edilýär.
Jemgyýetçilik durnuklylygynyň ýokary derejesi Merkezi Aziýanyň beýleki döwletlerinde, şol sanda Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Türkmenistanda hem hasaba alynýar. Sebitdäki amatly ýagdaý serhetüsti syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmek we Merkezi Aziýanyň halkara syýahatçylygy hem-de işewürligi üçin amatly sebit hökmünde abraýyny berkitmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär.
ORIENT






