Aşgabat Halkara hukuk ýylynyň ählumumy meýdançasyny kemala getirýär


Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen başlangyjyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli halkara maksatnamasyny amala aşyrmaga girişdi. 1-nji awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Aşgabadyň teklibi esasynda 2028-nji ýyly Halkara hukuk ýyly diýlip yglan edilmegine taýýarlyk görmek boýunça toplumlaýyn strategiýa tanyşdyryldy.
Täze maksatnamanyň ylmy-bilim ugrunyň esasy bölegi hökmünde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň binýadynda «Halkara hukugy» atly Aşgabat halkara platformasyny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu düzümiň bilermenler jemgyýeti, seljeriş merkezleri hem-de BMG-niň degişli institutlary üçin hemişelik esasda işleýän ylmy-diplomatik merkez bolmagy maksat edinilýär. Platformanyň çäklerinde her ýyl «Aşgabat halkara hukuk dialogyny», şeýle hem ýaş hukukçylar üçin tomusky mekdepleri geçirmek meýilleşdirilýär.
2028-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan ählumumy maksatnamanyň iň möhüm çäresi BMG-niň howandarlygynda Aşgabatda geçiriljek halkara hukugy boýunça ýokary derejeli Bütindünýä forumy bolar. Bu sammitiň jemleri boýunça Aşgabat Jarnamasyny kabul etmek meýilleşdirilýär. Ol halkara hukugynyň ählumumy howpsuzlygy, parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde hökmürowanlygyny berkidýän resminama bolar.
Türkmenistanyň esasy halkara çäreleriniň senenamasyny BMG-niň Sekretariaty we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde işlenip taýýarlanar.Halkara hukuk ýylynyň resmi açylyş dabarasy 2028-nji ýylyň başynda BMG-niň Nýu-Ýork şäherindäki ştab-kwartirasynda geçiriler. Şondan soň ýokary derejeli ugurdaş çäreler Ženewada, Wenada we dünýäniň beýleki iri halkara merkezlerinde guralar.
Syýasy-diplomatik, bilermenler we bilim ugurlaryny öz içine alýan çäreleriň toplumlaýyn utgaşdyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen Pudagara iş topary döredilýär. Bu topar 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Milli hereketler meýilnamasyny tassyklar. Şunuň bilen birlikde, «Halkara hukugy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Milli konsepsiýa aýratyn resminama hökmünde taýýarlanar we ony Birleşen Milletler Guramasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň agza döwletleriniň arasynda ýaýratmak teklip edilýär.






