Garagumdaky “Çemmerli” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alyndy


Merkezi Garagumda ýerleşýän “Çemmerli” gaz käninde täze 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy ulanmaga berildi. Bu guýudan alnan senagat ähmiýetli tebigy gazyň akymy bir gije-gündizde 150 — 200 müň kub metrden geçýär.
1 müň 200 metr çuňluga çenli burawlama işleri “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Döwletabatgazçykaryş” müdirliginiň buýurmasy esasynda, “Türkmengazburawlaýyş” müdirligi tarapyndan ýerine ýetirildi. Önümli gatlak 1114–1110 metr aralygynda synagdan geçirilende, burawçylar guýynyň gije-gündizde durnukly gaz akymyny hasaba aldylar. Bu bolsa gaz käniň degişli böleginiň ýokary senagat önümçiligine ukyplydygyny tassyklaýar.
“Çemmerli” gaz känini özleşdirmek ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň çig mal binýadyny giňeltmek boýunça döwlet maksatnamasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýokary öndürijilikli täze guýularyň ulanmaga berilmegi “mawy ýangyjyň” çykarylyş möçberlerini artdyrmaga, ýurduň içerki isleglerini ygtybarly üpjün etmäge hem-de Türkmenistanyň dünýä energetika bazaryndaky eksport kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.





