HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda täze «Bilelik Hub» döredijilik merkezi açylýar

Iýul 31, 2026 | 15:15 |1767
7-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagtynda täze döredijilik we işewürlik giňişligi bolan «Bilelik Hub» merkeziniň açyk gapylar güni bolar7-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagtynda täze döredijilik we işewürlik giňişligi bolan «Bilelik Hub» merkeziniň açyk gapylar güni bolar
Çeşme: bilelik.com.tm

7-nji awgustda Türkmenistanyň paýtagtynda täze döredijilik we işewürlik giňişligi bolan «Bilelik Hub» merkeziniň açyk gapylar güni bolar. Guramçylar halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, işewürlik we hünär jemgyýetleriniň wekillerini dürli görnüşli çäreleri geçirmek üçin döwrebap meýdançanyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaga çagyrýarlar.

«Bilelik Hub» merkezi «Aşgabat» söwda merkeziniň birinji gatyndaky «C» blokda ýerleşýär. Meýdança bir ýerde maslahat zallaryny, gibrid iş zolaklaryny we Coworking giňişligini birleşdirýär. Merkez ýokary tizlikli internet, döwrebap tehniki enjamlar we dört dilde sinhron terjime ulgamlary bilen üpjün edilendir.

Açyk gapylar gününiň çäginde myhmanlar iş giňişliklerini synap görüp, tehniki üpjünçiligine baha berip bilerler, şeýle hem media goldawy we keýtering ýaly hyzmatlaryň doly toplumy barada maglumat alyp bilerler.

Çäre bir käse kofe başynda resmi däl aragatnaşyk saklamak, tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly meýdança bolar.

Meýdança maslahatlary, seminarlary, treningleri, işewür duşuşyklary we korporatiw çäreleri geçirmek üçin niýetlenendir.

Geçirilýän senesi we wagty: 7-nji awgust (anna güni), başlanýan wagty 14:30.

Ýeri: Aşgabat şäheri, «Aşgabat» SM, C blok, 1-nji gat.

Maksatnama baradaky giňişleýin maglumatlar we gatnaşmagyňyzy tassyklamak üçin info@bilelik.com.tm elektron poçtasy we +993 63 47 62 89 belgili telefon arkaly habarlaşyp bilersiňiz.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

Apple ýokary derejeli zaýalanma sebäpli iPhone modeliniň 20 ýyllygyna doly aýnadan ýasalan görnüşinden ýüz öwürdi

23:25 Awgust 12, 2026
Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

Minimal Phone 2 tanyşdyryldy: aýdyň OLED ekrany bolan QWERTY klawiaturaly smartfon

23:14 Awgust 12, 2026
ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

ABŞ 175 müňden gowrak wizany ýatyrdy

21:00 Awgust 12, 2026