Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Serdar Berdimuhamedow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Iýul 29, 2026 | 09:37 |2560
28-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi28-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi
Çeşme: orient.tm

28-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Bassony kabul etdi.

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysyny Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmelere ýokary baha berdi hem-de bankyň Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutany şu gezekki saparyň dowamynda geçiriljek duşuşyklaryň bilelikdäki taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar uzak möhletleýin durnukly ösüşe gönükdirilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi jemlediler. Prezident Serdar Berdimuhamedow ulag-logistika ulgamynda «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» halkara ulag geçelgelerinde möhüm üstaşyr merkez hökmünde Türkmenistanyň ornunyň uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şeýle hem «ýaşyl» energetikany ösdürmek, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we milli telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we oba hojalyk pudagyny ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu ugurda Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň tejribesini hem-de maýa goýumlaryny işjeň çekmäge taýýardygyny beýan etdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga we täze infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge açykdygyny tassyklady.

coda orient.jpg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026