Antalýanyň başga bir keşbi – täzeden janlanan gadymy şäherler we täsin tapyndylar


Bütin dünýäde medeni-taryhy syýahatçylyga bolan isleg yzygiderli artýar. Häzirki zaman syýahatçylary barha many-mazmunly, gadymy siwilizasiýalaryň hakyky mirasy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän syýahatlary saýlaýarlar. Syýahatçylaryň köpüsi hut medeni syýahatlara uly gyzyklanma bildirýär. Bilermenleriň çaklamalaryna görä, bu ugur 2026-njy ýylda 647,5 milliard ABŞ dollaryndan 2033-nji ýyla çenli 937 milliard ABŞ dollaryna çenli öser.

Şeýle dünýä möçberindäki gyzyklanmanyň netijesinde Türkiýe medeni syýahatçylygyň öňdebaryjy ugurlarynyň biri hökmünde öz ornuny has-da pugtalandyrýar. Ýurtda gadymy taryhy ýadygärlikleri dikeltmek we gorap saklamak boýunça iri taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa diňe bir baý taryhy mirasy geljek nesiller üçin gorap saklamaga däl, eýsem syýahatçylaryň saparlaryny hem has amatly etmäge mümkinçilik berýär. Soňky ýyllarda Andriake arheologik toplumynyň düýpli täzelenmegi, Demrede ýerleşýän Likiýa siwilizasiýalary muzeýiniň açylmagy we Alaniýadaky gadymy Siýedra şäherinde täze myhmanlar merkeziniň işe girizilmegi munuň aýdyň mysallarydyr.

Andriake we Likiýa siwilizasiýalary muzeýi – gadymy taryha täzeçe garaýyş
Andriake gadymy Mira şäheriniň porty bolup, gadymy Likiýanyň iň möhüm deňiz duralgalarynyň biri hasaplanypdyr. Ol ellinistik, rim hem-de wizantiýa döwürlerinde strategik ähmiýetini saklapdyr. Häzirki wagtda bu ýerde syýahatçylar gadymy suw geçirijisini, rim döwrüne degişli ajaýyp çüwdürimi (nimfeý), Port köçesini, gämi duralgalarynyň galyndylaryny we Plakoma agorasyny synlap bilerler.

Şeýle hem Andriake Türkiýäniň ilkinji uzak aralyk pyýada syýahat ugrunyň – meşhur Likiýa ýodasynyň (Lycian Way) ugrunda ýerleşýär. Bu ugur halkara neşirleri tarapyndan Ýewropanyň iň gözel pyýada syýahat ýollarynyň biri hökmünde yzygiderli görkezilýär. Toplumy abadanlaşdyrmagyň çäklerinde bu ýerde agaç örtükli we granit daşly ekologik pyýada ýodalary guruldy. Şeýlelikde, gadymy port bilen tanyşmak has amatly boldy.

Gezelenjiň ahyrynda myhmanlary dikeldilen gadymy däne ammarynda (Granarium) ýerleşýän Likiýa siwilizasiýalary muzeýi garşy alýar. Muzeýiň täzelenen zallarynda Likiýanyň gadymy şäherlerinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan heýkeller, sarkofaglar, teňňeler we ýazgylar görkezilýär. Serginiň iň gymmatly eksponatlarynyň biri 2024-nji ýylda Andriakede tapylan, «millefiori» («müň gül») usulynda taýýarlanan aýna paneller we rozetkalardyr. Bu tapyndylar gadymy Anadolyň aýna ussalarynyň örän ýokary ussatlygyny tassyklaýar.
Gadymy Siýedrada täze myhmanlar merkezi

Gadymy Siýedra şäheri Asartepe depesiniň üstünde ýerleşýär. Bu ýerden Ortaýer deňziniň ajaýyp panoramasy açylýar. Arheologik gazuw-agtaryşlar şäheriň biziň eýýamymyzdan öňki IX asyrda hem bar bolandygyny, onuň gülläp ösüşiniň bolsa rim we wizantiýa döwürlerine gabat gelendigini görkezýär.
Siýedrada Sütünli köçe, Uly hammamlar, Mejlis binasy we Çokunma gowagy ýaly ýadygärlikler bilen birlikde özboluşly mozaikasy hem giňden tanalýar. Hammamlarda tapylan «Siýedra mozaikasynda» Geraklyň 12 gahrymançylygy bir bitewi kompozisiýada şekillendirilip, ol gadymy sungatyň seýrek duş gelýän nusgalarynyň biri hasaplanýar.
«Geljek üçin miras» (Legacy for the Future Project) döwlet maksatnamasynyň çäklerinde Siýedrada abadanlaşdyryş işleri tamamlandy we häzirki zaman maglumat-myhmanlar merkezi açyldy. Täzelenen arheologik toplum her gün sagat 09:00-dan 18:00-a çenli myhmanlary kabul edýär.
ORIENT






