HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň gepleşikleri geçirildi

Iýul 28, 2026 | 06:28 |3157
27-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd gatnaşdy27-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

27-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň bilelikdäki başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Gepleşiklere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şähergurluşyk ministri Farzane Sadeg Malwajerd gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş ugurlaryny, şeýle hem halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki özara hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy aýratyn nygtaldy.

Eýran tarapy Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen we Eýran Yslam Respublikasynyň hem awtordaş hökmünde çykyş eden «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistany gutlady.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, hökümetara toparyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine hem aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça döwletara dialogy yzygiderli ösdürmäge we hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026