HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Serdar Berdimuhamedow Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

Iýul 28, 2026 | 06:07 |3334
27-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi27-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi
Çeşme: orient.tm

27-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.

Myhman Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanyna hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda Tährana amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde EYR-nyň ýokary ýolbaşçylygy bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigi bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklar taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar diýip nygtady. Ýurtlarymyzyň halkara derejesinde, esasan hem BMG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar we Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Taraplar ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa şeýle hem işewür gatnaşyklary hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara topary bolsa bu maksatlary durmuşa geçirmegiň we täze ösüş mümkinçiliklerini kesgitlemegiň esasy mehanizmi bolmagynda galýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026
Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

Awstraliýa Sun neberliginiň döwrüne degişli iki gadymy hytaý medeni gymmatlygyny yzyna gaýtardy

17:00 Oktýabr 30, 2026