Türkmenistanyň bilermenleri Ženewada geçirilen mejlisde Özbegistanyň BSG-a agza bolmak boýunça tejribesini öwrendiler


Türkmenistanyň wekiliýeti synçy hökmünde Özbegistan Respublikasynyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy boýunça Iş toparynyň 13-nji mejlisine gatnaşdy. Çäre 27–28-nji iýul aralygynda Ženewadaky BSG-nyň ştab-kwartirasynda geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzümine Ministrler Kabinetiniň, Daşary işler ministrliginiň, şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri girdi.

BSG-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen duşuşyk türkmen hünärmenlerine gurama agza bolmak boýunça gepleşikleriň alnyp barlyş mehanizmlerini iş ýüzünde öwrenmäge mümkinçilik berdi. Mundan başga-da, bu sapar Türkmenistanyň Özbegistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna goşulyşmak ýolundaky tagallalaryny goldaýandygyny nobatdaky gezek tassyklady.
Iki günüň dowamynda BSG-a agza döwletleriň wekilleri, Özbegistanyň wekiliýeti hem-de guramanyň Sekretariaty Iş toparynyň Hasabatynyň taslamasyny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar köptaraplaýyn ylalaşyklar boýunça borçnamalary, harytlar we hyzmatlar bazarlaryna elýeterlilik şertlerini, şeýle hem milli kanunçylygy BSG-nyň kadalaryna laýyk getirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bütindünýä Söwda Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda iş alyp barýan Türkmenistan üçin hem bu mejlise gatnaşmagyň uly amaly ähmiýeti boldy. Ýurduň wekilleri köptaraplaýyn gepleşikleri alyp barmagyň häzirki zaman usullary, şeýle hem dalaşgär döwlet, BSG-nyň Sekretariaty we guramanyň agza ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň tertibi bilen tanyşdylar.

Ženewada özleşdirilen tejribe türkmen hünärmenleriniň gepleşik geçirmek mümkinçiligini pugtalandyrmaga, pudagara utgaşdyrylyşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de ýurduň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulyşmak işiniň indiki tapgyrlaryna ýokary derejede taýýarlanmagyna hyzmat eder.






