«Türkmengeologiýa» seýrek duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerine daşary ýurtly hyzmatdaşlary çekýär


«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy öňdebaryjy halkara tejribesini ulanmak arkaly seýrek duş gelýän minerallary gözlemek we olary geologik taýdan öwrenmek boýunça gözleg işlerini işjeňleşdirýär. Bu ugurda edaranyň esasy işleriniň durmuşa geçirilişi barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow hasabat berdi.
Seýrek duş gelýän peýdaly minerallary gözlemek we geologik taýdan öwrenmek ýurduň çig mal hem-de senagat kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň iň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Ýerasty baýlyklary gözlemek işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistan ýokary takyk tehnologiýalara we baý halkara tejribesine eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
Wise-premýer bu geologiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak we giňeltmek barada döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi goldap, ýurduň baý tebigy serişdelerini rejeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi hem-de meýilleşdirilen hyzmatdaşlyk taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.






