HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maliýe meseleleriniň dünýä çempionatlaryndaky taryhy ýa-da ýerine ýetirilmän galan wadalaryň bahasy

Iýul 24, 2026 | 07:21 |14400
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňisyrasynda, Ýewropanyň futbol federasiýalarynyň aglabasy öňünden milli ýygyndylary bilen baýrak pullary barada resmi ylalaşyklary baglaşdy2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňisyrasynda, Ýewropanyň futbol federasiýalarynyň aglabasy öňünden milli ýygyndylary bilen baýrak pullary barada resmi ylalaşyklary baglaşdy
Çeşme: Getty Images

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňisyrasynda, Ýewropanyň futbol federasiýalarynyň aglabasy öňünden milli ýygyndylary bilen baýrak pullary barada resmi ylalaşyklary baglaşdy.

Emma taryhda bu düzgüne üns berilmedik ýagdaýlaryň köpüsi uly dawa-jenjellere sebäp bolup, toparlaryň agzybirligini bozup, ýurtlaryň halkara abraýyna zeper ýetirendigi mälimdir.

Öňünden aç-açan we resmi ýazmaça «ylalaşygyň» bolmandygy sebäpli, futbolçylar türgenleşmegiň, taktiki taýýarlygyň we standart ýagdaýlary türgenleşdirmegiň ýerine, diňe dilden wada berlen, ýöne resminama bilen tassyklanmadyk pullaryny talap edip başlapdyrlar. Hatda olar dünýä çempionatynyň dowamynda hem iş taşlaýyş geçiripdirler.

«Baş bermez ýolbarslaryň» sensasiýasy we «Baş bermez alamançylaryň» çykyşlary

«Kamerun» sözüni eşidenimde, ilki bilen Waleriý Nepomnýaşiý ýadyma düşýär. Ol (ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanda doglan) Kamerunyň milli ýygyndysynyň mümkinçiligini açyp görkezip, afrikaly topary ozal görülmedik derejä çykarmagy başaran tälimçi hökmünde dünýä futbolynyň taryhyna girdi.

1980-nji ýyllaryň ahyrynda Waleriý Nepomnýaşiý Kamerunyň milli ýygyndysyna tälimçi boldy. Ilkinji döwürde bu toparyň uly üstünlik gazanjagyna kän adam ynanmaýardy, sebäbi şol ýyllarda afrika futboly heniz dünýäniň öňdebaryjy ýygyndylary bilen bäsleşip biljek güýç hökmünde kabul edilmeýärdi.

Şeýle-de bolsa, Nepomnýaşiý işe örän jogapkärçilikli çemeleşdi. Ol diňe taktiki taýýarlyga däl, eýsem futbolçylaryň ruhy jebisligine hem uly üns berdi. Netijede, toparyň agzybirligi we özara ynamy has-da berkäp, toparlaýyn oýun üçin örän möhüm bolan bitewülik duýgusy emele geldi.

1669231883424646989.jpg

Onuň tälim usuly berk düzgün-tertibe hem-de kesgitleýji pursatlarda on bir oýunçyny bir bitewi topar hökmünde herekete getirip bilmek ukybyna esaslanýardy. Futbolçylar hem öz gezeginde tälimçilerine uly hormat goýup, meýdançada ähli güýjüni gaýgyrman çykyş edýärdiler. Munuň netijesinde Kamerunyň milli ýygyndysy sazlaşykly we takyk işleýän topara öwrüldi.

Hiç kim 1990-njy ýylda Italiýada geçirilen dünýä çempionatynda kamerunly futbolçylaryň ilkinji minutlardan şeýle ynamly oýun görkezjekdigine garaşmaýardy. Olar garaşylmadyk ýagdaýda diňe bir islendik topary däl, eýsem şol wagtky dünýä çempiony bolan Argentinanyň milli ýygyndysyny hem ýeňmegi başardylar.

Meniň bilşime görä, dünýä futbolynyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempiony dünýä çempionatynyň açylyş oýnunda ýeňlişe sezewar boldy. Şeýle-de bu ýeňliş tötänden geçirilen gol sebäpli däl-de, eýsem oýnuň gidişine görä Kamerunyň doly artykmaçlyk görkezmegi netijesinde boldy.

Hatda şol döwrüň iň uly futbol ýyldyzy, golunda kapitanyň daňysy bolan Diego Maradona hem ýagdaýy üýtgedip bilmedi. Kamerunlylar hatda iki oýunçysy meýdançadan çykarylyp, dokuz adam bilen galandyklaryna garamazdan, duşuşygy ynamly tamamlap, taryhy ýeňiş gazandylar.

i (5).jpg

Bu ýeňiş diňe bir sport netijesi bolman, eýsem dünýä futbolyndaky köne düşünjeleriň üýtgäp başlandygyny görkezýän möhüm waka boldy. «Baş bermez ýolbarslar» adyny alan Kamerunyň milli ýygyndysynyň üstünligi tötänleýin üstünlik däldi. Olar žurnalistleri, futbolçylary we tejribeli tälimçileri hem yzygiderli haýran galdyrmagyny dowam etdirdi.

Goragda ynamly çykyş etmekleri, uzak aralykdan takyk urgulary hem-de garşydaşyň goragyna gorkusyz hüjüm etmegi kamerunlylara iň güýçli toparlara garşy hem öz şertlerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Netijede, Kamerun dünýä çempionatynyň çärýek finalyna çykan ilkinji afrika ýygyndysy boldy.

Olar eýýäm bir aýagy bilen ýarym finaldadylar, ýagny dünýäniň iň güýçli dört toparynyň arasyna girmäge örän ýakyndylar. Angliýanyň milli ýygyndysyna garşy kesgitleýji duşuşykda kamerunlylar uzak wagtlap hasapda öňdeligi saklap, Waleriý Nepomnýaşiýiň öz şägirtlerinde terbiýelän ýeňşe bolan erk-islegini görkezýärdiler.

Непомнящий (1).jpg

Emma goşmaça wagtyň iň soňky minutlarynda, hasap 2:1 Kamerunyň peýdasyna bolan mahaly, iňlisler uly tagallalaryň netijesinde hasaby deňlediler. Oýundan soňky penaltiler tapgyrynda bolsa üstünlik has tejribeli ýewropa toparynyň tarapynda boldy.

Sport bilermenleriniň pikirine görä, kamerunlylara ýokary derejeli ýaryşlarda gazanylýan tejribäniň ýetmezçiligi päsgel berdi. Ýeňşe sanlyja minut galandygyna garamazdan, olar joşgun bilen ýene-de garşydaşyň derwezesine hüjüm edip, ýene bir gol geçirmegi maksat edinýärdiler. Top meýdançadan çykanda bolsa, wagty ýitirmezlik üçin özleri ylgap gidip, ony tizden-tiz oýna girizýärdiler.

i (4).jpg

Şeýle ýagdaýlarda hatda dünýäniň iň güýçli milli ýygyndylary hem wagty uzaltmagyň dürli usullaryny ulanýarlar: pökgini uzak saklaýarlar, gysga paslar bilen oýnuň depginini peseldýärler, burçdan urgyny howlukman ýerine ýetirýärler ýa-da pökgini derwezeçä gaýtaryp berýärler. Şeýle pursatlarda diňe ýeňilýän topar oýny çalt dowam etdirmäge howlugýar, ýeňýän topar däl. Ýaşlyk we tejribesizlik öz täsirini görkezdi.

Şeýle-de bolsa, Italiýada geçirilen dünýä çempionatynyň çärýek finalynda ýaryşdan çykandygyna garamazdan, Kamerun öz täsirli çykyşy bilen uly seslenme döretdi we futbol dünýäsini Afrika futbolynyň mümkinçiliklerine başgaça nazar bilen garamaga mejbur etdi. Waleriý Nepomnýaşiýiň ady hem dünýä çempionatlarynyň taryhyna tälimçiniň ussatlygynyň islendik topary düýpli üýtgedip bilýändiginiň aýdyň mysaly hökmünde ebedilik ýazyldy. Ol hatda autsaýder hasaplanýan toparlardan hem hakyky liderleri kemala getirip bolýandygyny subut etdi.

Непомнящий (2).jpg

…Emma ýyllar geçdi. Kamerunda futbolçylaryň hem-de wezipeli ýolbaşçylaryň nesilleri çalşyldy. Şondan soň Kamerun ýene-de dünýäniň ünsüni özüne çekdi, ýöne bu gezek oňyn däl-de, ters manyda. Bu, Braziliýada geçiriljek dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda «Baş bermez ýolbarslaryň» nähili ýagdaýda «pul talap edijilere» öwrülmäge mejbur bolandyklary baradaky gynandyryjy hekaýatdyr.

Bu waka, wezipeli adamlaryň jogapkärçiliksizligi we öňünden anyk ýazmaça ylalaşygyň bolmazlygy netijesinde yklymyň buýsanjy hasaplanan toparyň aldanan adamlaryň toparyna, futbol ýolbaşçylarynyň bolsa tutuş futbol dünýäsiniň ýigrenji ýaňsylaýyş nyşanasyna öwrülip bilýändiginiň nusgawy mysalydyr.

2014-nji ýylda Braziliýada geçirlen dünýä çempionatynyň öňisyrasynda Kamerunyň milli ýygyndysynyň futbolçylary göni howa menzilinde nägilelik bildirip, Braziliýa uçmakdan düýbünden ýüz öwürdiler. Olar hatda Kamerunyň Premýer-ministriniň elinden döwlet baýdagyny kabul etmek boýunça däp bolan dabarany hem boýkot edip, döwlet ýolbaşçysyny meýdançada ýeke goýdular.

Şol wagt futbolçylar myhmanhanada galyp, özlerine degişli ähli baýrak pullary tölenýänçä dünýä çempionatyna gitmejekdiklerini mälim etdiler. Olar indi futbol ýolbaşçylarynyň dilden beren wadalaryna ynanmaýardylar. Hökümet bu ýagdaýyň halkara derejesinde utanja öwrülmezligi üçin gyssagly bank karzyny alyp, futbolçylar bilen hasaplaşmaga mejbur boldy.

Nagt pul çemodanlar bilen getirilenden soň, futbolçylar uçara mündüler. Şeýlelikde, topar Braziliýa diňe bir gün gijä galyp bardy. Käbir maglumatlara görä, pul paýlaşygy diňe uçaryň içinde däl, eýsem Braziliýa barandan soň geýim çalşylýan otagda hem dowam edipdir.

Munuň netijesi uzak garaşdyrmady. Topar toparçalaýyn tapgyrdaky ähli duşuşyklarynda agyr ýeňlişe sezewar boldy. Bu ýagdaý olaryň düzüminde dünýä futbolynyň iň meşhur hüjümçileriniň biri, beýik derwezeçileriň gorkusy hasaplanan Samuel Eto ýaly ýyldyzyň bardygyna garamazdan ýüze çykdy.

ЭТОО.jpg

Bir wagtlar Waleriý Nepomnýaşiý tarapyndan ussatlyk bilen kemala getirilen Kamerunyň milli ýygyndysy Braziliýadaky dünýä çempionatynda ruhdan düşen we psihologik taýdan syndyrylan topara öwrülipdi. Onda göreş ruhy-da, berk häsiýet-de, agzybirlik-de galmandy. Bularyň ählisi bolsa rus tälimçisiniň aýratyn üns beren gymmatlyklarydy.

Kamerunlylar şol çempionatda ýene bir utandyryjy waka bilen ýatda galdy. Horwatiýa garşy geçirilen duşuşykda afrika ýygyndysynyň iki goragçysy millionlarça tomaşaçynyň gözüniň alnynda biri-biri bilen uruşdy.

Boş wadalaryň milleti-de, geoykdysady serhedi-de ýok

Şol 2014-nji ýylda has-da geň galdyryjy ýagdaý Gananyň milli ýygyndysynda ýüze çykdy. Portugaliýa garşy toparçalaýyn tapgyryň iň möhüm oýnunyň öňisyrasynda ganaly futbolçylar özlerine degişli 3 million ABŞ dollary möçberindäki baýrak pullary tölenýänçä türgenleşige çykmakdan ýüz öwürdiler.

Ýagdaý şeýle derejä ýetdi welin, Gananyň Prezidenti hut özi toparyň kapitanyna jaň edip, meseläni çözjekdigini wada berdi. Netijede, Akkra şäherinden Braziliýa ýörite çarter uçary ugradyldy. Uçaryň içinde ýüz dollarlyk banknotlardan doldurylan gutular bardy.

Braziliýanyň polisiýasynyň şol gutulary gorag astynda milli ýygyndynyň myhmanhanasyna alyp barýandygyny görkezýän wideolar, şeýle hem ýarym goragçy Jon Boýyň göni ýaýlymda özüne berlen dollarlary ogşaýan pursatlary bütin dünýä ýaýrady. Elbetde, şondan soň futbolçylaryň ünsüni diňe oýna gönükdirmek mümkin däldi. Netijede, Gana Portugaliýadan ýeňildi we dünýä çempionatyndan ir çykdy.

гана.jpg

Ilkibaşda şeýle wakalar diňe ykdysady taýdan gowşak we hukuk ulgamy ýeterlik derejede ösmedik ýurtlarda bolup biler diýen düşünje bardy. Emma öňünden anyk ylalaşygyň bolmazlygy sebäpli dörän iň uly maliýe we durmuş dawalarynyň biri hut ykdysady taýdan ösen Ýewropada hem bolup geçdi.

Munuň özi hem Ýewropanyň çetki künjeginde däl-de, eýsem özüni siwilizasiýanyň merkezi hasaplaýan Fransiýanyň milli ýygyndysynyň 2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen dünýä çempionatyndaky lagerinde bolup geçdi.

Knisna şäherçesinde bolup geçen bu tragikomediýa Fransiýanyň Beşinji Respublikasynyň milli masgaraçylygynyň nyşanyna öwrüldi. Baş tälimçi Reýmon Domenek bilen futbolçylaryň arasynda dörän dawa, tälimçiniň taktikasyna nägilelik we hemaýatkärlerden berilmeli baýrak pullary baradaky näbellilik sebäpli has-da ýitileşdi. Bu ýagdaý hüjümçi Nikola Anelkanyň dawa-jenjel bilen milli ýygyndydan çykarylmagyndan soň hasam güýçlendi.

Närazylyk hökmünde kapitan Patris Ewranyň ýolbaşçylygyndaky fransuz futbolçylary resmi topar awtobusyna girip, perdeleri ýapdylar we ýüzlerçe geň galan janköýerleriň hem-de žurnalistleriň öňünde açyk türgenleşige çykmakdan ýüz öwürdiler. Netijede, baş tälimçi Domenek gozgalaňçylaryň beýannamasyny metbugata hut özi okap bermäge mejbur boldy.

France team bus Knysna World Cup 2010.jpg

Bu iş taşlaýyş toparyň içindäki agzybirligi doly ýok etdi. Netijede, Fransiýanyň milli ýygyndysy toparçasynda iň soňky orny eýeledi. Hemaýatkärler futbol federasiýasy bilen köp millionlyk şertnamalary ýatyrdylar. Fransiýanyň şol wagtky Prezidenti Nikola Sarkozi bolsa ýurduň sport abraýyny halas etmek üçin hökümetiň gyssagly mejlisini çagyrdy.

Bu mysallaryň ählisi häzirki zaman futbolynda diňe zehiniň hasabyna üstünlik gazanyp bolmaýandygyny aýdyň görkezýär. Eger oýnuň düzgünleri öňünden anyk kesgitlenmese we adalatly, aç-açan «öňünden baglaşylan ylalaşyk» bolmasa, topar ilkinji çynlakaý kynçylykda hökmany suratda şowsuzlyga uçrar.

Beýik döwletiň soňky oýnan ýarymy

Wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmagy, ýerine ýetirilmedik wadalar, öňünden baglaşylmaly ylalaşyklaryň äsgerilmezligi we muňa jogap hökmünde futbolçylaryň berk nägilelik çärelerine ýüz urmagy, gynansak-da, sowet hem-de rus futbolynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän meselä öwrüldi.

1990-njy ýylyň iýun aýynda beýik tälimçi Waleriý Lobanowskiniň ýolbaşçylygyndaky SSSR-iň milli ýygyndysy Italiýada geçirilýän dünýä çempionatyna Ýewropanyň kümüş medalçysy we ýaryşyň dalaşgär hasap edilmeýänleriň biri hökmünde bardy. Topar aç-açan esasy dalaşgärleriň hatarynda görkezilmese-de, islendik pursatda garaşylmadyk netije görkezip, dünýä çempionlygyny gazanyp biljek uly mümkinçilige eýedi.

Toparyň düzüminde dünýä derejesindäki ýyldyz futbolçylar – Rinat Dasaýew, Aleksandr Zawarow we Oleg Protasow çykyş edýärdi. Muňa garamazdan, ýygyndy şowsuzlyga uçrap, toparçasynda iň soňky orny eýeledi. Bu şowsuzlygyň hakyky sebäbi taktika bilen bagly bolman, eýsem gizlin maliýe dawa-jenjeli bilen baglanyşyklydy.

SSSR-iň Sport komitetiniň we Futbol federasiýasynyň ýolbaşçylary dünýä çempionaty başlamazdan ozal futbolçylar bilen baýrak pullary baradaky anyk şertnama baglaşmakdan düýbünden ýüz öwürdiler. Olar diňe: «Ilki oýnaň, soň hemme zady çözersiňiz» diýip jogap berdiler.

Topar Italiýanyň Çokko şäherçesine geleninden soň, ýolbaşçylaryň öz bähbitleri üçin italýan kompaniýalary bilen örän girdejili hemaýatkärlik şertnamalaryny gizlin baglaşandygy belli boldy. Şol şertnamalara görä bolsa, futbolçylara mahabat işleri üçin örän ujypsyz hak göz öňünde tutulypdy.

Bu ýagdaý oýunçylaryň arasynda uly nägilelige sebäp boldy. Futbolçylar Argentina we Rumyniýa garşy geçiriljek oýunlaryň taktikasyny ara alyp maslahatlaşmagyň ýerine, sowet futbol ýolbaşçylary bilen gyzgyn jedelleşdiler. Ýagdaý şeýle derejä ýetdi welin, topar dünýä çempionatyndan çykarylandan soň hem, eýýäm howa menzilinde futbolçylar özbaşdak iş taşlaýyş yglan edip, özlerine degişli daşary ýurt walýutasyndaky gündelik tölegler berilýänçä Moskwa uçjak uçara münmekden düýbünden ýüz öwürdiler.

Futbol dolandyryş müdirliginiň başlygynyň orunbasary Wýaçeslaw Tukmanow ilki bilen topary göni manyda dyza çöküp köşeşdirmäge synanyşdy, soňra bolsa olara haýbat atdy. Ol futbolçylaryň «at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyndan mahrum ediljekdigini we «futboldan kowuljakdyklaryny» wada berdi.

Netijede, ýolbaşçylar howlukmaç ýagdaýda her bir futbolçy üçin 8 müň ABŞ dollary möçberinde töleg tapyp berdiler. Emma toparyň içindäki ynam we agzybirlik dolulygyna ýok boldy. Sowet futbolynyň beýik nesli özleriniň soňky dünýä çempionatyny partiýa nomenklaturasynyň aşa açgözlügi sebäpli ruhy taýdan ezilen ýagdaýda tamamlady.

«On dörtleriň haty» – täze Russiýanyň iň uly sport pajygasy

Şol wakadan bary-ýogy üç ýyl soň, 1993-nji ýylyň noýabr aýynda, ýaňy döredilen Russiýanyň milli ýygyndysy 1994-nji ýylda ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyny üstünlikli gazandy. Emma Afiny şäherindäki stadionyň geýim çalşylýan otagynda Gresiýa bilen geçirilen soňky oýundan soň başlanan şatlyk uzak dowam etmedi we uly dawa bilen tamamlandy.

Russiýanyň Futbol birleşiginiň prezidenti Wýaçeslaw Koloskow geýim çalşylýan otagyna girip, futbolçylary oýnuň hili üçin berk tankyt etdi. Soňra bolsa olara şeýle şert goýdy: Amerikadaky dünýä çempionatyna diňe federasiýanyň tehniki hemaýatkäri bolan «Reebok» kompaniýasy bilen şahsy şertnama baglaşan futbolçylar gider. Mundan başga-da, dünýä çempionatyna çykandyklary üçin berilmeli baýrak pullarynyň birnäçe esse azaldyljakdygyny mälim etdi. Bu hem öňki ýaly aç-açan bolmadyk «garaňky» maliýe meýilnamasynyň dowamydy.

Öňünden anyk we adalatly ylalaşyk bolmansoň, gahar-gazaba münen futbolçylar Afinydaky myhmanhanada görlüp-eşidilmedik ädim ätdiler. Ýurduň iň öňdebaryjy 14 futbolçysy Russiýanyň Prezidentiniň sport meseleleri boýunça geňeşçisi Şamil Tarpişewiň adyna açyk hat ýazyp, oňa gol çekdiler.

bpкарпин.jpg

Haty goldanlaryň arasynda Waleriý Karpin, Wiktor Onopko, Igor Şalimow, Igor Dobrowolskiý, Andreý Kançelskis, Aleksandr Mostowoý we beýleki meşhur futbolçylar bardy. Şolaryň ikisi – Waleriý Karpin bilen Wiktor Onopko – häzirki wagtda Russiýanyň milli ýygyndysynda degişlilikde baş tälimçi we tälimçi wezipesini ýerine ýetirýärler.

Futbolçylar birnäçe berk talap öňe sürdüler: baş tälimçi Pawel Sadyrini Anatoliý Byşowese çalyşmak, toparyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak we baýrak pullarynyň töleniş şertlerini täzeden gözden geçirmek.

Şol wagt Russiýanyň Futbol birleşigine ýene-de Wýaçeslaw Koloskow ýolbaşçylyk edýärdi. Başgalaryň puluna açgözlük bilen seredýän bu ýolbaşçy ylalaşyga gitmekden ýüz öwürdi we futbolçylaryň talaplaryny kabul etmedi. Şeýlelikde, gizlin basyş we haýbat atmalar başlandy. Ýolbaşçylar futbolçylar bilen aýratynlykda gepleşip, olary açyk hatdaky gollaryny yzyna almaga mejbur etmäge synanyşdylar.

Netijede, milli ýygyndy iki ylalaşmaz topara bölündi. Ýedi futbolçy (Şalimow, Kançelskis, Kolywanow, Kirýakow we beýlekiler) öz garaýşynda berk durup, ABŞ-a gitmekden ýüz öwürdiler. Şeýlelikde, Russiýanyň milli ýygyndysy taryhyndaky ilkinji dünýä çempionatyna ruhy taýdan dargan düzüm bilen gatnaşdy we garaşylyşy ýaly toparçalaýyn tapgyrdan çykyp bilmedi.

«On dörtleriň haty» ýolbaşçylygyň şowsuzlygynyň nyşanyna öwrüldi. Wezipeli adamlaryň özbaşdak hereket etmegi we toparyň esasy ýyldyzlary bilen öňünden aç-açan ylalaşyk baglaşmak islemändigi sebäpli, Russiýanyň iň zehinli futbol nesli durmuşyndaky iň uly ýaryşdan doly peýdalanyp bilmedi.

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda hem käbir ýolbaşçylar futbolçylara tölemeli pullaryny «ýatdan çykardylar»…

Dünýä çempionatlarynda baýrak pullary meselesi hemişe iň gyzgalaňly we duýgur temalaryň biri bolup gelýär. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty hem bu babatda kadadan çykmady. Baýrak pullary bilen baglanyşykly uly dawa-jenjeller bolmasa-da, olaryň töwereginde dürli jedeller we dartgynly ýagdaýlar ýüze çykdy.

Ýatda saklamaly möhüm zatlaryň biri – FIFA baýrak pullaryny göni futbolçylara tölemeýär. Baýrak gaznasy ilki milli federasiýalara geçirilýär. Ondan soň bolsa her ýurduň futbol ýolbaşçylary şol serişdeleri nähili paýlamalydygyny özleri çözýärler. Käbir ýurtlarda futbolçylara toparçalaýyn tapgyra çykandyklary üçin öňünden kesgitlenen möçber berilýär, käbirlerinde bolsa diňe ýeňiş gazanylanda goşmaça baýrak tölenýär. Käwagt bolsa baýrak gaznasynyň bir bölegi başga maksatlar üçin ulanylýar.

Şonuň üçin dürli ýurtlarda düşünişmezlikler ýüze çykýar. Käbir milli ýygyndylaryň futbolçylary ep-esli mukdarda baýrak alsalar, beýlekilerde federasiýalar serişdeleri başga ugurlara gönükdirýändigi sebäpli futbolçylara örän az paý düşýär.

Demirgazyk Amerikada geçirilen dünýä çempionatyndaky iň aýdyň mysallaryň biri Senegalyň milli ýygyndysy boldy. Baş tälimçi Pap Tiawyň ýolbaşçylygyndaky topar ýaryşa Afrikanyň iň sazlaşykly we güýçli ýygyndylarynyň biri hökmünde geldi. Emma toparçalaýyn tapgyryň dowamynda toparyň içinde iş taşlaýyşa çenli baryp biljek çynlakaý dawa döremek howpy ýüze çykdy.

Pape Thiaw Senegal coach.jpg

Munuň sebäbi Senegalyň Futbol federasiýasynyň 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň saýlama oýunlary hem-de Afrika milletleriniň kubogy üçin futbolçylara wada edilen baýrak pullaryny tölemegi «ýatdan çykarandygy» boldy.

Bu dawa-jenjeli has-da ýitileşdiren ýagdaý bolsa, şol wagta çenli Senegalyň Futbol federasiýasynyň FIFA-dan we Afrika Futbol konfederasiýasyndan öňki Afrika milletleriniň kubogy üçin baýrak pullaryny hem-de dünýä çempionatyna taýýarlyk üçin niýetlenen köp millionlyk maliýe serişdelerini eýýäm doly alyp bolmagydy. Bu pullaryň nirä sarp edilendigi näbelli bolup galdy. Şeýle ýagdaý Ýewropanyň dürli klublarynda çykyş edýän senegally ýyldyz futbolçylaryň gaharyny getirdi. Sebäbi olar öz hukuklaryny örän gowy bilýärler.

Mundan başga-da, topar durmuş şertleri bilen bagly birnäçe kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boldy. Futbolçylar myhmanhanada naharyny öz hasabyna sargyt etmeli bolýardylar. Baş tälimçi Pap Tiýaw bolsa bäş aýa golaý wagtlap resmi şertnamasyz we aýlyk hakysyz işledi. Netijede, bu mesele köpçülige mälim bolan dawa öwrüldi – futbolçylar hem-de tälimçiler maliýe ýagdaýyndan nägile boldular.

Şeýle ýagdaýlar başga ýygyndylarda hem bolup geçdi. Mysal üçin, Fransiýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary ýaryş başlamazdan ozal öz futbol federasiýasy bilen dartgynly gepleşikleri geçirdiler. Olar diňe ýeňiş üçin beriljek baýrak pullarynyň möçberini däl, eýsem futbolçylaryň maşgala agzalary üçin bölünjek petekleriň sany ýaly goşmaça meseleleri hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle gepleşikleriň köpçülige mälim bolmagy hem metbugatda uly seslenme döretdi.

i (1).jpg

...Şeýlelikde, ýolbaşçylaryň ýerine ýetirilmedik wadalary sebäpli milli ýygyndylaryň içinde dörän maliýe dawalary we agzalalyk hakykatdanam belli bir millete ýa-da geoykdysady sebite mahsus däl. Şeýle ýagdaýlar dünýäniň islendik ýerinde ýüze çykyp biler.

Elbetde, bu taryh gynandyryjydyr. Ýöne ony diňe tankytlamakdan peýda ýok. Ondan sapak almak bolsa, hakykatdanam möhümdir.

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026