HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Millionlaryň söýgüli oýny milliardlarça girdeji getirdi

Iýul 21, 2026 | 23:21 |7283
Futbolçylaryň şertnamalary, kärendesine berilmegi, transferleri, has-da ýokary derejeli klublaryň býujetleri baradaky maglumatlarda käwagt her kimiň aňyna sygmajak derejede uly — ýedi-sekiz belgili sanlar duş gelýärFutbolçylaryň şertnamalary, kärendesine berilmegi, transferleri, has-da ýokary derejeli klublaryň býujetleri baradaky maglumatlarda käwagt her kimiň aňyna sygmajak derejede uly — ýedi-sekiz belgili sanlar duş gelýär
Çeşme: GettyImages

Futbolçylaryň şertnamalary, kärendesine berilmegi, transferleri, has-da ýokary derejeli klublaryň býujetleri baradaky maglumatlarda käwagt her kimiň aňyna sygmajak derejede uly — ýedi-sekiz belgili sanlar duş gelýär.

Şonuň üçin käbir oba ýerlerindäki türgenleriň: «Eger bize-de şeýle pul töleseler, biz hem erbet oýnamazdyk» diýen sözlerini eşitmek geň däldir.

Halkara Futbol Federasiýasy näçe girdeji gazandy?

2023-nji ýyldan 2026-njy ýyla çenli döwürde FIFA 15 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy. Bu görkeziji 2022-nji ýylda Katarda geçirilen Dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründäki öňki tapyrdan iki esse köp bolup, şol döwürde girdeji 7,57 milliard dollardan sähelçe geçýär.

Girdejiniň artmagynyň esasy sebäpleriniň biri oýunlara biletleriň satylmagy, şol sanda resmi taýdan gaýtadan satylmagy boldy. Şonuň netijesinde federasiýa hem satyjydan, hem alyjydan 15 göterim möçberde komissiýa aldy.

Hyzmatlardan gelýän maliýe serişdeleri hem möhüm girdeji çeşmesine öwrüldi. Bu iki ugur bilelikde FIFA-nyň girdejisini bir ýarym on milliard dollardan hem ýokary derejä ýetirmäge mümkinçilik berdi.

2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň final oýnuna iň gymmat bilet ikinji el bazarynda 4,6 million dollara çenli ýetdi. Resmi VIP bukjalary we ýokary amatlykly ýerler bolsa 257 müňden 260 müň dollara çenli bahalandyryldy.

FIFA tarapyndan hödürlenen VIP-lukslaryň we iň gowy orunlaryň resmi iň ýokary bahasy takmynan 260 müň dollar boldy. Emma Argentina bilen Ispaniýanyň arasyndaky final duşuşygyna bolan ýokary derejedäki isleg sebäpli, spekulýatiw platformalarda biletleriň bahasy 2,3–4,6 million dollara çenli ýokarlandy.

Biletleriň ortaça bahasy hem rekord derejede bolup, 11 327 dollar boldy.

Nirä seretseň-de, futbol maliýe taýdan üstünligiň iň ýokary çäkleriniň birini görkezýär.

2105748306_0_231_3232_2048_1920x1080_80_0_0_42fea67b36c26d0ca8bed529ee6a520f.jpg

Futbolçy näçe gazanyp biler?

Indi bolsa Dünýä çempionatyna gatnaşýan toparlary höweslendirmek üçin bölünip berilýän maliýe serişdelerine seredeliň. Halkara Futbol Federasiýasy ilkibaşda 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň baýrak gaznasynyň 727 million ABŞ dollary boljakdygyny yglan edipdi. Bu öňki, Katarda geçirilen çempionat bilen deňeşdirilende ýarym esse köpdi.

Bu möçberiň 655 million dollaryny çempionata gatnaşýan toparlaryň arasynda paýlamak, ýene-de 72 million dollaryny bolsa milli ýygyndylaryň çempiona taýýarlyk çykdajylaryna gönükdirmek meýilleşdirilipdi. Her bir ýygynda taýýarlyk üçin 1,5 million dollardan düşýärdi.

Emma üç aý mundan ozal FIFA çempionatyň täjirçilik görkezijileriniň garaşylýandan has ýokary bolandygy sebäpli, umumy baýrak gaznasyny 15 göterim artdyryp, ony 871 million dollara ýetirdi. 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatyna taýýarlyk döwründäki çykdajylary ýapmak üçin her bir milli ýygynda berilýän töleg hem ýokarlandyryldy — öň meýilleşdirilen 1,5 million dollaryň ýerine 2,5 million dollar berler. Bu bolsa öňki meýilnamadan 1 million dollar köpdür.

Mundan başga-da, toparlaýyn tapgyrda diňe gatnaşandygy üçin 48 toparyň hersine kepillendirilen ýagdaýda 10 million dollar tölenildi. Muňa dünýä çempionaty başlamazyndan öň logistika, türgenleşik bazalary, uçuşlar, sport enjamlary we beýleki çykdajylary ýapmak üçin berlen goşmaça 2,5 million dollary hem goşmaly.

Netijede, hatda çempionatyň ilkinji tapgyrlarynda ýaryşdan çykan milli ýygyndylaryň her biri 12,5 million dollar aldy.

Pleý-off tapgyrynda her bir indiki ädim bu möçberi has-da artdyrdy. Mysal üçin, ilkinji çykaryş tapgyrynda (1/16 finalda) ýeňlen toparlar jemi 13,5 million dollargazandylar (11 million dollar baýrak puly + taýýarlyk üçin 2,5 million dollar). 1/8 finalda ýaryşy tamamlan toparlaryň federasiýalarynyň býujetine bolsa 17,5 million dollar goşuldy (15 million dollar baýrak puly + taýýarlyk üçin 2,5 million dollar).

1/4 final tapgyrynda ýaryş ýoluny tamamlan sekiz milli ýygyndynyň her biri, şol sanda Marokkonyň ýygyndysy, FIFA-dan arassa baýrak hökmünde 19 million dollar aldy. Muňa başlangyç taýýarlyk üçin berlen 2,5 million dollary goşsaň, olaryň umumy girdejisi 21,5 million dollara ýetdi.

6a5e11954c59b7014a4fef25.jpg

1/2 finala çykan toparlar näçe gazandy?

Elbetde, az däl! Sebäbi bu – dünýäniň iň güýçli dört futbol toparydyr.

Ýarym finalçylara berilýän kesgitlenen tölegler soňky oýunlaryň netijesine görä bölündi. Şeýlelikde, dördünji orny eýelän Fransiýanyň ýygyndysy 25 million dollar gazandy. Bürünç medala mynasyp bolan Angliýanyň ýygyndysy bolsa öz federasiýasynyň býujetine 27 million dollar goşdy.

Ýaryşyň finalçysy we kümüş medal eýesi bolan Argentina ýygyndysy watanyna 40 million dollarlyk çek bilen gaýtdy. Dünýä çempionatynyň ýeňijisi — Ispaniýanyň ýygyndysy bolsa taryhy taýdan iň uly baýragy, ýagny 50 million dollary aldy.

Has düşnükli bolmagy üçin (sebäbi bu ýerde millionlarça dollar barada gürrüň gidýär), ýarym final tapgyryna ýeten dört ýygynda berlen arassa baýrak pullaryna her bir topar üçin goşmaça 2,5 million dollarlyk umumy subsidiýany hem goşmak gerek.

Elbetde, bu sanlar haýran galdyrýar, geň galdyrýar we täsir galdyrýar!

Ýöne esasy sorag şeýle bolup galýar: bu pullaryň näçe göterimini milli federasiýalar şol baýraklary gazanan futbolçylaryň özlerine berer? Sebäbi bu futbolçylar uzak dowam eden, dürli ýurtlaryň arasynda köp uçuşlary talap eden we güýçli bäsdeşlik şertlerinde geçen dünýä çempionatynda şol girdejileri gazandylar.

Bu soragda, ähtimal, FIFA-nyň ähli maliýe gurluşynyň iň geň galdyryjy paradokslarynyň biri gizlenendir. Gepiň gerdişine görä, Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) resmi taýdan milli futbol assosiasiýalaryny oýunçylara belli bir kesgitlenen göterimi tölemäge asla borçly etmeýär.

FIFA-nyň düzgünnamasyna laýyklykda, bu millionlarça serişde diňe milli futbol federasiýalarynyň (mysal üçin, Ispaniýanyň Korollyk Futbol Federasiýasynyň ýa-da Argentinanyň Futbol Assosiasiýasynyň) hasaplaryna geçirilýär. Ine, şondan soň bolsa iň gyzykly bölegi başlanýar — bu doly derejede içerki syýasata we diplomatiýa bagly mesele bolýar.

Ýokardan berk düzgün bolmansoň, her bir ýurt bu meseläni özbaşdak çözýär. Dünýä tejribesinde bu serişdeleri paýlamagyň birnäçe düýpgöter tapawutly usuly emele gelipdir. Olary iň aýdyň üç mysalyň esasynda toparlara bölüp bolýar.

default.jpg

Adaty Ýewropa nusgasy (Ispaniýa, Fransiýa) ýa-da “Kenarda ylalaşyk gazanmak”

“Kenarda ylalaşyk gazanmak”* diýen durnukly söz düzümi haýsydyr bir möhüm işe, taslama ýa-da bilelikdäki ýola başlamazdan öň esasy şertler boýunça ylalaşmagy we jedelli meseleleriň ählisini öňünden çözmegi aňladýar.

Bu göçme manyly aňlatma umumy edebi dile deňizçileriň sözleýiş dilinden geçipdir. Gämi labyrdan çykyp, kyn deňiz saparyna ugrandan öň, topar bilen kapitan heniz gury ýerde — “kenarda” — her kimiň ornuny, borçlaryny we iň esasysy bolsa geljekde gazanyljak girdejiniň ýa-da zähmet hakynyň nähili paýlanjakdygyny anyk ylalaşmalydyr.

Eger bu meseleler öňünden çözülmese, açyk deňizde, tolkunlaryň arasynda düşünişmezlikler ýüze çykyp, hatda gozgalag ýa-da anarhiýa hem döräp biler.

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň maliýe nusgasynyň çäginde bu, çempionat döwründe hiç hili jedelleriň bolmaly däldigini, ähli mukdarlaryň öňünden anyk kesgitlenmelidigini we hemme zadyň hem-de hemmeleriň dawa-jenjellerden goralmalydygyny aňladýar.

Mysal üçin, Ispaniýanyň ýa-da Fransiýanyň milli ýygyndylarynyň kapitanlary dünýä çempionatynyň ilkinji oýnundan birnäçe aý öň öz Milli Futbol Federasiýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik stoluna geçýärler.

Olar öňünden hukuk taýdan güýji bolan resminamalary tassyklaýarlar. Mysal üçin, şol resminamalarda ýygyndy 1/8 final tapgyrynda ýaryşdan çykarylsa, futbolçylaryň FIFA-nyň baýrak pulundan belli bir göterimi aljakdygy; topar ýarym finala çyksa, bu göterimiň artjakdygy; eger-de dünýä çempiony bolup altyn medala eýe bolsalar, onda baýrak pulunyň 45 göteriminiň futbolçylara degişlidigi anyk görkezilýär.

Şeýle “kenarda gazanylan ylalaşygyň” netijesinde futbolçylar dünýä çempionatyna hiç hili aladasyz we arkaýyn ýagdaýda ugraýarlar. Olar ähli ünsüni diňe “janly küşt oýnuna” öwürýärler. Toparyň içinde bolsa toparyň agzybirligini bozup, çempionatyň ortasynda geýim çalşylýan otagyň atmosferasyna ýaramaz täsir edip biljek maliýe jedelleri ýüze çykmaýar.

“Kenarda ylalaşyk gazanmak” diýen durnukly söz düzümi Ýewropa çemeleşmesiniň işewür we paýhasly häsiýetini örän aýdyň görkezýär: ilki bilen gury ýerde ähli hukuk we maliýe meseleleri anyk düzgünleşdirilýär, diňe şondan soň bolsa “Futbol” diýlip atlandyrylýan hemişe joşup duran bäşinji ummana uly ýüzüş başlanýar.

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol ýurtlarynyň köpüsinde futbolçylara we tälimçiler toparyna FIFA-nyň arassa baýrak pulunyň 30 göteriminden 45 göterimine çenli bölegi berilýär. Mysal üçin, Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary (hamana dünýä çempiony boljakdyklaryny öňünden bilýän ýaly) ýaz paslynda federasiýa bilen şeýle ylalaşyk gazandylar: eger altyn medallary gazansalar, olar dünýä çempiony üçin berilýän 50 million dollarlyk baýragyň takmynan 45 göterimini öz aralarynda paýlaşarlar. Bu bolsa Ispaniýanyň her bir futbolçysyna ýarym million ýewrodan hem köp şahsy baýrak almagy kepillendirdi.

1_GettyImages-2286144749.jpg

ABŞ-nyň demokratik nusgasy — doly deňlik

Diýmek, bu “Demokratik nusga” bolýar. Amerikada başgaça bolmagy mümkinmidi? Täze dünýäniň ýaşaýjylary bu meselä özlerine mahsus bolan işewür çemeleşme we jemgyýetçilik deňligi ýörelgesi bilen garadylar.

ABŞ-nyň erkekler we zenanlar milli ýygyndylarynyň arasynda zähmet hakynyň deň bolmagy barada taryhy ylalaşyk hereket edýär. Milli ýygyndynyň kapitany we onuň ýoldaşlary FIFA-dan gelýän ähli baýrak pullarynyň 80 göterimini umumy gazana geçirýärler. Soňra bu ägirt uly maliýe serişdesi erkekler we zenanlar milli ýygyndylarynyň arasynda berk deň ikä bölünýär.

Baýragyň galan 20 göterimi bolsa göni ABŞ-nyň Futbol Federasiýasynyň býujetine geçirilýär. 2022-nji ýylda gol çekilen taryhy köpçülikleýin şertnama laýyklykda, amerikan federasiýasy bu kesgitlenen bäşden bir bölegi administratiw we guramaçylyk çykdajylaryny ýapmak üçin özünde galdyrýar.

Bu biraz çylşyrymly ýaly görünýär! Onda ABŞ-nyň Futbol Federasiýasynyň bu administratiw we guramaçylyk çykdajylary nämelerden ybarat? FIFA-nyň baýrak pullarynyň 20 göterimi nirä harçlanýar?

Açyk çeşmelerde ýerleşdirilen maliýe hasabatlary bu pullaryň wezipeli adamlaryň jübüsinde galmaýandygyny, eýsem olaryň anyk maksatly ugurlara gönükdirilýändigini tassyklaýar. Has takygy, bu serişdeler çagalar-ýetginjekler futbolyny we köpçülikleýin futboly ösdürmäge, logistika we infrastruktura çykdajylaryny maliýeleşdirmäge, şeýle hem durmuş we lukmançylyk ýeňilliklerini üpjün etmäge sarp edilýär.

Şeýlelikde, saklanyp galan puluň ýarysy milli derejede futbol zehinlerini gözlemek maksatnamalaryna, çagalar tälimçileri üçin grantlara we ýurduň dürli künjeklerinde tölegsiz futbol meýdançalaryny gurmaga gönükdirilýär.

Galan bölegi bolsa türgenleşik bazalaryny saklamaga, ähli milli ýygyndylar (ýaşlar we paralimpiýa ýygyndylary hem goşmak bilen) üçin uçuş töleglerine, ýaşaýyş çykdajylaryna we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna sarp edilýär.

Hut şu 20 göterimlik serişdeleriň hasabyna ABŞ-nyň Futbol Federasiýasy ýygyndylaryň okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary wagtynda futbolçy çagalaryna we futbolçy zenanlaryň çagalaryna giňeldilen ideg maksatnamalaryny maliýeleşdirýär, şeýle hem karýerasyny tamamlan oýunçylar üçin pensiýa gaznasyny döredýär.

Bu nusgany has düşnükli görkezmek üçin, 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyndan alnan anyk mysalyň esasynda ýönekeý hasaplamalara ýüzleneliň. Bu ulgamy maliýe hasabatynda doly görkezmek üçin, ABŞ-nyň öz ýerinde geçirilen dünýä çempionatynda gazanan hakyky baýragyny alalyň.

ABŞ-nyň milli ýygyndysy 1/8 finala çykandygy üçin, şol tapgyrda Belgiýa bilen geçirilen oýunda 1:4 hasabynda ýeňlişe sezewar bolandyklary sebäpli (geň ýeri, hatda ABŞ-nyň futbolçysyna berlen gyzyl kartoçkany ýatyran Trampyň gatyşmagy hem topara indiki tapgyra geçmäge kömek etmedi), FIFA amerikanlara baýrak hökmünde 16 million dollar töledi.

Bu maliýe paýy amerikan formulasyna laýyklykda sentine çenli takyklyk bilen bölündi. Şeýlelikde, 3,2 million dollar (ýagny şol 20 göterim) — ýokarda agzalan zerurlyklar üçin ABŞ-nyň Futbol Federasiýasyna geçirildi.

6,4 million dollar (40 göterim) — erkekler milli ýygyndysynyň gaznasyna geçirildi we toparyň düzümindäki 26 futbolçynyň arasynda deň paýlandy. Netijede, her bir oýunça takmynan 246 müň dollardan düşdi.

Galan 6,4 million dollar (bu hem 40 göterim) — ABŞ-nyň zenanlar milli ýygyndysynyň futbolçylary üçin öňünden bölünip goýuldy. Bu serişdeler indiki ýyl Braziliýada geçiriljek Zenanlar dünýä çempionaty – 2027-de ýurduň abraýyny gorajak toparyň agzalaryna töleniler.

Bu sportdaky jemgyýetçilik ugurly işewürligiň nusga almaga mynasyp ajaýyp mysalydyr. Erkekler dünýä çempionatynda çykyş edip, öz zähmetleri bilen gazanan pullaryny aldylar, emma olaryň girdejileriniň 20 göterimi geljekki nesliň binýadyny döretmäge, 40 göterimi bolsa zenanlar sportyny goldamaga gönükdirildi.

England national team World Cup 2026 match action.jpg

Asylly britan nusgasy (Angliýanyň milli ýygyndysy) — pikir üçin futbol

Näme üçin Britan nusgasy diňe Angliýa bilen çäklenýär?

Sebäbi dünýä çempionatlarynda bir umumy ýygyndynyň ýerine dört aýratyn milli ýygyndyny — Angliýa, Şotlandiýa, Uels we Demirgazyk Irlandiýa ýygyndylaryny çykarmak aýratyn britan artykmaçlygydyr. Bu hukuk taryhyň iň çuň gatlaklaryna uzap gidýär.

Futbol haýsydyr bir görnüşde gadymy döwürlerde köp halklarda bar bolupdyr. Emma häzirki zaman futbolynyň esasyny goýanlar hut britanlardyr, ilkinji futbol assosiasiýalaryny döredenler hem şolardyr. Oýnuň esaslandyryjylaryna bolan hormatyň nyşany hökmünde FIFA XIX asyryň ahyrynda olara şu taryhy hukugy berkidipdir we bu hukuk häzirki güne çenli saklanyp gelýär.

Şondan bäri, saýlama oýunlaryndan başlap, Beýik Britaniýa dört milli ýygyndy bilen çykyş edýär: Angliýa (2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna çykan ýeke-täk britan ýygyndysy), Şotlandiýa, Uels we Demirgazyk Irlandiýa.

Angliýanyň milli ýygyndysy FIFA-dan gelýän tölegleri paýlamagyň özboluşly däbini ýörelgeli ýagdaýda saklaýar. Bu däbe adalatly ýagdaýda “Asylly” diýip at berilýär. Onuň manysy şeýle: öz klublarynda ägirt uly girdeji gazanýan Premýer-liganyň futbolçylary milli ýygyndynyň düzüminde çykyş edenlerinde FIFA-nyň baýrak pullaryndan ýüz öwürýärler.

Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçylary däp boýunça dünýä çempionatyndaky oýunlar üçin alan ähli häzirki töleglerini haýyr-sahawat gaznalaryna bagyşlaýarlar. Emma Angliýanyň Futbol Assosiasiýasy hem asylly we ýagşy niýet bilen, FIFA-nyň baýrak pullary bilen baglanyşykly bolmadyk öz täjirçilik býujetlerinden, eger-de topar 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň finalynda ýeňiş gazansa, her bir futbolça 500 müň funt sterling tölemegi karar etdi.

Emma bu meýilnama amala aşmady. Sebäbi Angliýa ýaryşda diňe üçünji orny eýelänligi üçin, futbolçylar şahsy baýraksyz ýagdaýda çempionaty terk etdiler. Olar toparyň gazanan ähli pul serişdelerini haýyr-sahawata geçirdiler. Hawa, hakykatdan-da, britan nusgasy öz adyny doly aklaýar — ol hakykatdan hem “Asylly” nusgadyr.

110152439-0-image-a-38_1784620761154.jpg

Ykdysady taýdan gysgaça jemleme

Iň ýokary derejeli ýyldyzlar (mysal üçin, Mbappe ýa-da Bellingem ýaly futbolçylar) üçin bu baýrak pullary has köp ýakymly goşmaça sylag bolup durýar, sebäbi olaryň klublardaky aýlyklary onlarça million bilen ölçelýär.

Emma maliýe taýdan güýçli bolmadyk federasiýalaryň futbolçylary üçin (ýakynda geçirilen dünýä çempionatynyň esasy garaşylmadyk täsinlikleriniň biri bolan Kabo-Werde milli ýygyndysyny ýada salalyň) Halkara Futbol Federasiýasyndan gelýän baýragyň hatda 20–30 göterimini almak hem maşgalalarynyň durmuşyny düýpgöter üýtgedip biljek ägirt uly baýlyk bolup biler.

39 gün we gije Ýer ýüzüniň daşynda aýlanan şol tegelek top ýene-de jemgyýetçilik deňagramlylygyny dikeldýär: FIFA serişdeleri milli federasiýalara berýär, olar bolsa bu pullary öz gahrymanlary üçin durmuşda ýokary galmaga mümkinçilik berýän “sosial lift” hökmünde ulanýarlar.

Indi bolsa, käbir oba ýerleriniň türgenlerinden käwagt eşidilýän şeýle sözler barada: “Eger bize-de şeýle pul tölenýän bolsa, biz hem olar ýaly oýnardyk” diýen pikirler hakynda aýdalyň.

Bu ýagdaý täze işe başlan ýaş hünärmenleriň işe ýerleşmäge gelenlerinde ilkinji nobatda “Maňa näçe aýlyk tölener?” diýip soraýanlaryna meňzeýär. Emma biziň pikirimizçe, ilkinji nobatda olar öz hünär taýdan ukyplylygyny subut etmelidirler, sebäbi diňe bir diplom bilen öwünmek ýeterlik däl. Diplom hemişe adamyň hakyky başarnygynyň kepili bolup bilmeýär.

Indiki ýazgymyzda taryha giren dünýä çempionaty baradaky söhbetimizi dowam etdireris. Tema bolsa, aýdaýyn, örän jedelli bolar…

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

Pekinde “Umumy geljek üçin ýaşlaryň ösüşi 2026” atly halkara tomusky merkezler öz işine başlady

20:20 Iýul 27, 2026
Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

Stambulda Data Center Eurasia 2026 sergisi we maslahaty geçiriler

20:15 Iýul 27, 2026
Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

Türkmen robototehnikleri bu gezek Awstraliýadan hem medal bilen dolandylar

20:10 Iýul 27, 2026