Fransuz öwüşgini we “ýaşamak sungaty”: Bastiliýanyň eýelenen güni Aşgabatda bellendi


14-nji iýulda, sişenbe güni Aşgabatdyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ajaýyp Pariž agşamynyň atmosferasy höküm sürdi— bu ýerde Fransiýanyň milli baýramy Bastiliýanyň eýelenen güni bellenildi. Fransiýanyň diplomatik wekilhanasy tarapyndan guralan dabaraly kabul edişlik daşary ýurt diplomatik korpusynyň, işewür jemgyýetçiliginiň we Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow ýurduň Hökümetiň adyndan hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Agşamyň resmi bölegi Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merliniň çykyşy bilen açyldy. Diplomat myhmanlara ýüzlenip, iki ýurduň arasyndaky häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň berk binýadynyň iň ýokary derejede – 2025-nji ýylyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pariže amala aşyran sapary we Prezident Emmanuel Makron bilen gepleşikleriniň dowamynda goýlandygyny nygtady.

Häzirki wagtda bu ylalaşyklar iş ýüzünde işjeň durmuşa geçirilýär. Ykdysady ugur boýunça ilçi Türkmenistanda üstünlikli işleýän öňdebaryjy fransuz brendleriniň, şol sanda “Thales”, “Bouygues Turkmen”, “TotalEnergies”, “Carpi”, “IGN-FI”, “MBDA” we “CLAAS Tractor” kompaniýalarynyň alyp barýan işlerini aýratyn belledi. Aýratyn üns ynsanperwer köprülere berildi: ýurtda takmynan 20 müň mekdep okuwçysy we talyp fransuz dilini öwrenýär. Ýakyn wagtda Gawr-Normandiýa uniwersiteti bilen birnäçe türkmen ýokary okuw mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryna gol çekilmegine garaşylýar. Şeýle hem “MAFTUR” ekspedisiýasynyň Ulugdepe arheologik barlaglary we “KRAC” assosiasiýasynyň Köýtendagdaky speleologik taslamalary” dowam etdirilýär.

Jogap çykyşynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow fransuz hyzmatdaşlaryny mähirli gutlady we fransuz işewürliginiň ýurdumyzyň esasy pudaklarynyň ösüşine goşýan uly goşandyny belledi.
Ministriň bellemegine görä, gurluşyk ägirdi “Bouygues” birnäçe onýyllygyň dowamynda paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň kemala gelmegine uly goşant goşdy. Ýokary tehnologiýalar ulgamynda bolsa Türkmenistanyň ilkinji kosmos hemrasyny taslamalaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk esasy taslamalaryň birine öwrüldi.

Ministrligiň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugurlaryny hem görkezdi. Olar howa hereketini dolandyrmak ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmakdan, ýer kadastryny we suw serişdelerini netijeli dolandyrmakdan başlap, nebit pudagynda ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga çenli giň ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem, Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” strategiýasynyň çäklerinde Hazarüsti ulag geçelgesini bilelikde ösdürmäge aýratyn üns berildi. Bu başlangyç Türkmenistanyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda iň möhüm ulag we logistika köprüleriniň birine öwrülmegine ýardam berýär.

Resmi çykyşlar tamamlanandan soň, Fransiýanyň ilçisi özi üçin örän duýguly pursatda ýene-de söz sözledi. Ol ilçihananyň üç işgäriniň, şol sanda özüniň hem, ýakyn hepdelerde Türkmenistandan gitýändigini habar berdi. Filip Merlen sahna öz orunbasary Magali Katajary we telekommunikasiýa boýunça hünärmen Kristofer Haneni çagyrdy. Şeýle hem ol kärdeşlerine, diplomatik wekilhanalara (esasanam Ýewropa Bileleşiginiň, Germaniýanyň, Italiýanyň we Rumyniýanyň ilçihanalaryna), şeýle-de türkmen dostlaryna, fransuz dili mugallymlaryna hem-de «Buig Turkmen» kompaniýasynyň ýolbaşçylygyndaky fransuz jemgyýetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Aşgabat bilen hoşlaşygyny ilçi aýdym-saz bilen bezemegi makul bildi. Orkestriň sazandarlygynda meşhur aýdymçy Maýsa Niýazowanyň ýerine ýetirmeginde belli fransuz aýdymçysy Edit Piafyň meşhur «Non, je ne regrette rien» («Ýok, men hiç zada ökünemok») aýdymy ýaňlandy. Bu çuňňur duýgulara ýugrulan, täsirli pursat bu ýerdäki hiç kimi biparh goýmandy.

Dabaranyň resmi däl bölegi bolsa häzirki zaman fransuz medeniýetiniň köptaraplylygyny açyp görkezýän täsirli we döredijilik çykyşlarynyň özboluşly kaleýdoskopyna öwrüldi.

Dabara ajaýyp we edil kinodan alnan sahna meňzeş täsir galdyran “Dessange International” brendiniň görkezilişi bilen dowam etdi. Sahna ýumşak tolkunlar bolup ýaýraýan emeli duman bilen örtüldi. Şol syrly, bulutly atmosferada stilistler edil suratkeşleriň ak mata eser döredişi ýaly, tomaşaçylaryň gözüniň alnynda “haute coiffure” (ýokary derejeli saç bezeg sungaty) usulynda ajaýyp eserleri – nepis hem özboluşly agşamky keşpleri döretdiler.

Myhmanlar nusgawy ruhdaky dabaranyň dowamyna açyk meýdança furşediň başynda erkin söhbetdeşlige geçdiler. Ol ýerde çagalar breýking topary edil bir tüweleý ýaly sahna çykdylar. Oglanlar we gyzlar köçe tansynyň joşgunly energiýasyny görkezmek bilen, çylşyrymly güýç hereketlerini, çalt aýlawlary we kyn deňagramly duruşlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Kabul edişlikdäki bu garaşylmadyk çykyş agşamyň nusgawy nepisligi bilen täsirli sazlaşygy emele getirip, myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Dabaranyň dowamynda ýaňlanan sazlar ýadawsyz maestro Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr topary tarapyndan ýerine ýetirildi. Fransuz sazynyň hakyky nyşany hasaplanýan akkordeonyň owazy bolsa aýdymlara Parižiň gaýtalanmajak özüne çekijiligini we aýratyn öwüşginini çaýdy. Myhmanlar söhbet edip, dabaranyň ýakymly pursatlaryndan lezzet alýan wagtlary sazandalar köp sagatlap dowam eden çykyşy ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, göze görünmeýän ägirt uly zähmeti çekdiler.

Hakyky baýramçylyk ruhuny diňe bir artistler däl, eýsem «Ýyldyz» myhmanhanasynyň ýokary derejede taýýarlanan işgärler topary hem döretdi. Olaryň hyzmaty şeýle bir edepli, sypaýylyk we ussatlyk bilen guralypdyr welin, edil tebigy jady ýaly duýulýardy. Diňe kömek etmäge hemişe taýýar bolmak we ähli zadyň kämil tertipde saklanmagy dabaranyň ýokary derejesini has-da belende göterdi.

Dabaraly agşamda sport joşguny hem orun aldy. Çünki dabaranyň geçirilýän günleri 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýarym final duşuşyklaryna gabat gelipdi. Myhmanlar Fransiýanyň milli ýygyndysyna üstünlik arzuw edip, oňa işjeň goldaw bildirdiler. Soňra sport şowlulygy Ispaniýanyň tarapynda bolsa-da, şol agşam Aşgabatdaky janköýerleriň kalby doly derejede Fransiýa degişlidi.

Agşam tamamlananda, ol diňe bir fransuz ruhunyň özboluşly öwüşginini we hakyky «Art de vivre» («ýaşamak sungaty») pelsepesini ýakymly ýatlama hökmünde galdyrman, eýsem Aşgabat bilen Parižiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini saklap, geljege ynamly gadam basýandygyna bolan ynamy hem pugtalandyrdy.




