HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljek senesi bellenildi

Iýul 16, 2026 | 02:12 |3335
Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriler. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çekdiHalk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriler. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çekdi
Çeşme: orient.tm

Halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriler. Bu barada degişli Karara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde gol çekdi.

Forum Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.

Gol çekilen resminama laýyklykda, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň halk maslahatlaryna 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli umumymilli forumyň işine gatnaşjak jemgyýetçilik wekilleriniň sanawyny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanyna bermek tabşyryldy.

Prezidiumyň ikinji Karary bilen öňde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini dabaraly ýagdaýda we ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen guramaçylyk topary döredildi. Şu ýyl ýurduň esasy umumymilli forumy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany Mejlis bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň halk maslahatlaryna guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam bermek we bu işleri utgaşdyrmak tabşyryldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026