HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

Iýul 14, 2026 | 18:02 |1061
Bütin dünýä eminleriň ilkinji jürlewügine garaşýan mahaly, biz ýarym finala çykan toparlara nazar aýlap, olaryň güýçli we gowşak taraplaryny seljereris, lukmançylyk maglumatlaryna baha bereris hem-de olaryň taktiki çözgütleriniň syrlaryny açmaga synanyşarysBütin dünýä eminleriň ilkinji jürlewügine garaşýan mahaly, biz ýarym finala çykan toparlara nazar aýlap, olaryň güýçli we gowşak taraplaryny seljereris, lukmançylyk maglumatlaryna baha bereris hem-de olaryň taktiki çözgütleriniň syrlaryny açmaga synanyşarys
Çeşme: beinsports.com

Bütin dünýä eminleriň ilkinji jürlewügine garaşýan mahaly, biz ýarym finala çykan toparlara nazar aýlap, olaryň güýçli we gowşak taraplaryny seljereris, lukmançylyk maglumatlaryna baha bereris hem-de olaryň taktiki çözgütleriniň syrlaryny açmaga synanyşarys.

Ispaniýa — Fransiýanyň ýyldyrym çaltlygyndaky dik hüjümlerine garşy

Birinji ýarym final soňky ýyllaryň Ýewropanyň iň gyzykly futbol garşydaşlygynyň täze sahypasyna öwrüler. Bu gezek bolsa psihologik dartgynlylyk has-da ýokary bolar.

Ispaniýanyň ýygyndysy ýarym finala ýaryşyň iň sazlaşykly we taktiki taýdan iň tertipli toparlarynyň biri hökmünde geldi. Topar ýokary oýun formasyny görkezýär, olaryň pozisiýa hüjümleri kämillik derejesine ýetirilipdir, orta çyzyk bolsa şweýsar sagady ýaly takyk işleýär. Esasy zat bolsa toparyň liderleriniň ajaýyp sport formasydyr. Esasan hem ýaş we döredijilikli gapdal oýunçylary häzirki wagtda iň ýokary derejede çykyş edýärler.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (6).jpg

Fransiýanyň ýygyndysy bolsa pleý-off tapgyrynda güýçli garşylyklary ýeňip geçip, ýarym finala ýetdi. Şeýle-de bolsa, topar bu duşuşyga doly taýýarlyk we ýokary ruhy ýagdaý bilen gelýär. Fransiýanyň lideri Kilian Mbappe meýdançada öz täsirli oýny bilen janköýerleri haýran galdyrmagyny dowam etdirýär.

Döwrebap futbolyň iň görnükli ýyldyzlarynyň biri hasaplanýan Mbappe toplanylan ýadawlyga we garşydaş goragçylaryň hemişelik gözegçiligine garamazdan, Demirgazyk Amerikadaky şertlere doly uýgunlaşdy. Häzirki wagtda ol özüni bu ýerde örän ynamly duýýar. Onuň ýyldyrym çaltlygyndaky tizligi henizem iň güýçli ýaraglarynyň biri bolup galýar.

Bu günler iki toparyň lukmançylyk işgärleri we düzgün-nyzam boýunça hünärmenleri aýratyn jogapkärçilikli ýagdaýda işleýärler. Sebäbi şikesler bilen bagly islendik ýitgi güýçleriň deňagramlylygyny düýpli üýtgedip biler.

Ispaniýanyň goragynda käbir kynçylyklar ýüze çykdy. Çärýek finaldaky duşuşykda alnan köp sanly sary duýduryş sebäpli olaryň esasy gapdal goragçysy indiki oýna gatnaşyp bilmez. Bu ýagdaý Fransiýanyň çalt hüjümçileriniň şol ugurdan has işjeň hereket etmegine mümkinçilik döredip biler.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (4).jpg

Fransiýanyň düzüminde ýagdaý birneme oňyn görünýär. Esasy hüjümçileriň ählisi hatarda. Emma gorag häsiýetli üç esasy ýarym goragçy sary duýduryşlar sebäpli mümkin bolan final oýnuny goýbermek howpy bilen ýüzbe-ýüz. Şonuň üçin olar eminleriň kararlaryny nazara alyp, gorag hereketlerinde has seresap çykyş etmäge mejbur bolarlar.

Ispaniýanyň esasy artykmaçlygy hemişe topa doly gözegçilik etmekde we meýdançanyň ähli böleginde ýokary basyş arkaly garşydaşyň garşylyklaýyn hüjümlerini dessine togtatmak ukybynda jemlenýär. Emma hut şu aýratynlyk olaryň gowşak tarapy hem bolup biler. Goragçylaryň ýokary ýerleşmegi olaryň arkasynda uly boş giňişlikleri galdyrýar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanmagy bolsa Fransiýanyň ýygyndysy dünýäde iň ussat ýerine ýetirýän toparlaryň biri hasaplanýar.

Fransiýanyň esasy güýji onuň berk tertipli dik hüjüm gurluşyndadyr. Olar kyrk minutlap pes gorag hatarynda sabyr bilen goranyp, öz derwezesine golaý ykjam ýerleşip bilýärler. Soňra amatly pursat dörän badyna bolsa, bary-ýogy üç pas arkaly garşydaşyň goragyny böwsüp geçmäge ukyplydyrlar. Emma Fransiýanyň gowşak tarapy, garşydaş bilkastlaýyn topy olara berip, pozisiýa hüjümlerini gurmaga mejbur eden mahaly olaryň hereketleriniň käte öňünden çaklanyp bilinmegidir.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (8).jpg

Pireneý ýarymadasynyň wekilleriniň güýçli taraplaryny zyýansyzlandyrmak üçin Fransiýanyň tälimçiler toparynyň meýdançanyň merkezinde galp taktiki köplügi döretmek usulyny ulanmagyna garaşylýar. Munuň maksady Ispaniýanyň esasy lideri Rodri (Rodrigo Ernandes) merkezi zolakdan çykarmak we şeýlelik bilen Kilian Mbappe üçin dik paslara boş giňişlik döretmekdir.

Ispaniýa muňa öz taktiki çözgüdi bilen jogap berip biler. Olar Fransiýany topdan mahrum etmäge, garşydaşy öz meýdançasynyň üçden bir böleginde saklamaga hem-de ownuk, ýadawlyga getirýän düzgün bozmalary ulanmaga synanyşarlar.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (16).jpg

Ähli ýagdaýlary nazara alanyňda, taktiki pragmatizm bilen futbol intellektiň arasyndaky göreşde Ispaniýanyň öňe çykmak mümkinçiligi biraz ýokary görünýär. Toparyň sazlaşykly oýny we duşuşygyň depginine gözegçilik etmek ukyby fransuz ýyldyzlarynyň aýratyn ussatlygyndan has täsirli bolup biler. Şonuň üçin biziň pikirimizçe, Ispaniýa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ilkinji finalçysy bolmaga biraz has ýakyndyr.

Argentinanyň paýhasly pragmatizmi Angliýanyň atletiki basyşyna garşy

Ikinji ýarym final duşuşygy taryhy, duýgy we psihologik taýdan örän uly ähmiýete eýe bolar. Onda dünýäniň häzirki çempiony bilen bu dünýä çempionatynyň iň güýçli fiziki toparlarynyň biri duşuşar.

Argentina bu tapgyra paýhasly we pragmatik oýun bilen geldi. Topar öz mümkinçiliklerine dogry baha berýär hem-de güýjüni tygşytly peýdalanýar. Şeýle hem olar 39 ýaşynda-da ajaýyp oýun derejesini görkezýän Lionel Messiniň döredijilikli hereketlerine bil baglaýarlar. Messi oýny okamakda we howply pursatlary netijeli tamamlamakda henizem örän ýokary ussatlygyny görkezýär.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (5).jpg

Angliýa bolsa ýarym finala iň ýokary fiziki taýýarlyk ýagdaýynda ýetdi. Britaniýaly futbolçylar örän güýçli we atletiki görünýärler. Toparyň liderleri Jud Bellingem bilen Garri Keýn ajaýyp sport formasyny görkezýärler. Olar meýdançanyň merkezinde uly basyş döredip, her bir metrde garşydaşyna berk göreş hödürleýärler.

Bu jübütiň iň möhüm meseleleriniň biri şikesler we sary duýduryşlardyr. Bu ýagdaýlar duşuşygyň netijesine düýpli täsir edip biler.

Argentinanyň lukmanlary çärýek finalda Müsür bilen geçirilen agyr duşuşykdan soň dikeldiş bejergisini dowam etdirýän merkezi goragçy baradaky ýagdaýdan aladalanýarlar. Onuň oýna gatnaşmazlygy howa göreşlerinde örän güýçli Garri Keýne garşy uly kynçylyk döredip biler.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (14).jpg

Mundan başga-da, Argentinanyň gorag ýarymgoragçysy indiki sary duýduryşy alan ýagdaýynda mümkin bolan finaly goýbermek howpy bilen ýüzbe-ýüzdir.

Angliýada düzgün-nyzam bilen bagly ýagdaý has durnukly görünýär. Emma olaryň esasy meselesi ganat oýunçylarynyň ýadawlygydyr. Sebäbi olar Norwegiýa garşy geçirilen duşuşykda goşmaça wagty hem goşmak bilen 120 minutlap ýokary depginde çykyş etdiler.

Argentinanyň iň uly artykmaçlygy baý kubok tejribesidir. Olar iň dartgynly pursatlarda-da asudalygyny ýitirmeýärler. Duşuşygyň soňky minutlarynda hüjüme geçmek zerur bolsa-da, topar howlukman, biri-birine pas berip, sabyrly oýnamagyny dowam etdirýär. Soňra bolsa garşydaş ünslüligini ýitiren pursadynda örän howply we çalt hüjüm guraýar.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (15).jpg

Emma olaryň gowşak tarapy tejribeli goragçylaryň ýaşynyň ulalmagy bilen baglydyr. Olara 90 minutlap ýokary depginli basyşa garşy durmak kyn düşýär. Angliýanyň esasy artykmaçlygy bolsa yzygiderli basyş, standart ýagdaýlary ýokary derejede ýerine ýetirmek we ätiýaçdaky oýunçylarynyň köp bolmagydyr. Şeýle-de bolsa, iňlis ýygyndysynyň gowşak tarapy, duşuşyk öňünden meýilleşdirilen ssenariý boýunça gitmedik ýagdaýynda psihologik taýdan kynçylyk çekmegidir.

Britan toparynyň güýçli fiziki basyşyny zyýansyzlandyrmak üçin Argentina özüne mahsus taktiki usuly ulanyp biler. Olar duşuşygyň depginini peseldip, topy uzak wagtlap öz goragynda dolandyrmaga synanyşarlar. Şeýlelikde, iňlis futbolçylaryny özlerine çekip, Lionel Messiniň meýdançanyň çuňlugyndan berýän takyk we goragy böwüji paslary arkaly hüjümçilerini amatly ýagdaýlara çykarmaga çalşarlar.

Iňlisleriň bu taktika jogaby bolsa öňden synagdan geçirilen usula esaslanar. Olar Messiniň töwereginde ýörite gorag gurap, ony hereketjeň, emma soňky duşuşyklarda ep-esli ýadawlyk duýan Jud Bellingemiň berk gözegçiligine tabşyrmaga çalşarlar. Maksat — argentinaly ýyldyzy boş giňişlikden we karar kabul etmek üçin zerur wagtdan mahrum etmekdir.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (10).jpg

Argentina üçin esasy howp Angliýanyň ýaş, ýokary fiziki taýýarlykly hem-de giň düzüminiň artykmaçlygyndadyr. Iňlisler oýnuň başyndaky basyşa çydap, soňra bolsa dünýä çempionlarynyň tejribeli goragçylaryny ýadatmaga synanyşarlar. Şeýlelikde, finala çykmagy we Messi bilen onuň toparynyň ýaryşy tamamlamagyny maksat edinýärler.

Şol sebäpli Günbatar ýarymşarynyň ýeke-täk wekili bolan Argentina tejribeli iňlisleri ýeňmek islese, esasy oýun wagtynda ýeňşi gazanmaga çalyşmaly bolar. Sebäbi goşmaça wagtda ýokary depginde oýnamak üçin toparyň güýji ýetmezligi mümkin.

Mundan başga-da, dört ýarym finalçy toparyň liderleriniň ählisi ýaryşyň iň gowy futbolçysyna gowşurylýan «Altyn top» baýragy ugrunda hem bäsleşýärler. Häzirlikçe bu sanawda argentinaly Lionel Messi öňde barýar. Onuň esasy bäsdeşi fransiýaly Kilian Mbappedir. Ilkinji üçlüge iňlis futbolçysy Jud Bellingem hem girýär.

world-cup-2026-semifinals-tactical-preview-decolonization-football (9).jpg

Ispaniýanyň iň gowy wekili Lamin Ýamal dünýä sanawynda ýedinji orny eýeleýär we ýaşuly bäsdeşlerinden birneme yzda galýar. Emma olardan tapawutlylykda örän ýaş futbolçydyr. Düýn onuň 19 ýaşy doldy. Ýamal ajaýyp zehinli we geljegi örän uly hasaplanýan futbolçylaryň biridir. Şonuň üçin onuň esasy üstünlikleriniň entek öňdedir.

Ine, biziň pikirimizçe, ýakynlaşýan ýarym final duşuşyklarynyň öňüsyrasynda güýçleriň mümkin bolan deňagramlylygy şeýledir. Ýöne meniň saýlan çaklamam şahsy isleglerim bilen doly gabat gelmeýär. Şeýle ýagdaýlar barada gadymy gündogar paýhasynda şeýle diýilýär: «Ýöne ähli zady Allah has gowy bilýär…»

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026
CARAVAN taslamasynyň mirasy: 56 million yzarlamalar we media dialogda Türkmenistanyň sesi

CARAVAN taslamasynyň mirasy: 56 million yzarlamalar we media dialogda Türkmenistanyň sesi

18:30 Iýul 14, 2026
2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň taktiki tapmaçalary: futbol intellekti atletiki güýji ýeňip bilermi?

18:02 Iýul 14, 2026