Angliýa DÇ-2026-nyň finalyna barýan ýolda Mik Jaggeriň ýazgarmasyny bozup bilermi?


14-nji iýulda ýary gije (Aşgabat wagty bilen) ABŞ-nyň Arlington şäherinde DÇ-2026-nyň ilkinji ýarym final oýny geçiriler. Ondan bir gün soň bolsa Atlantada ikinji ýarym final duşuşygy bolar. Finalyň öňisyrasyndaky bu möhüm tapgyrda dünýä futbolynyň ägirtleri özara güýç synanyşarlar: Fransiýa Ispaniýa bilen, Angliýa bolsa Argentina bilen duşuşar.
Dünýäniň millionlarça futbol janköýeriniň meýdandaky şowsuzlyklardan umytsyzlygyň iň ýokary derejesini başdan geçirip, şol bir wagtyň özünde geçirilen goldan deňi-taýy bolmadyk şatlygy duýmagy üçin, dünýä futboly futbolçylaryň hem-de janköýerleriň çydamlylygyny synagdan geçirýän kyn ýollary geçmeli boldy.
Ilkinji tapgyrda arzuw edilýän Kubogy gazanmak hukugy ugrunda göreşe Antarktidadan başga (sebäbi pingwinler häzirlikçe futbol oýnamagy öwrenmediler) dünýäniň ähli yklymlaryndan, sebitlerinden we ada döwletlerinden 200-den gowrak milli ýygyndy gatnaşdy.
Bu ýol aňsat bolmady — ol iki ýarym ýyla golaý dowam etdi (2023-nji ýylyň sentýabryndan şu ýylyň mart aýyna çenli). Başlangyçda 206 milli ýygyndy bäsleşige goşulan bolsa, häzirki wagtda diňe dört dalaşgär galdy. Olaryň haýsy ýygyndylardygyny we öňki duşuşyklaryň netijelerini bolsa, janköýerlik borjuna ygrarly bolan siz eýýäm gowy bilýärsiňiz.

Indi bolsa futbol Olimpiniň iň belent sepgidine ýetmek üçin ýarym finala uly kynçylyklar bilen çykan dört ýygyndynyň öňünde diňe soňky iki ädim galdy. Şu ýerde bir gyzykly ýagdaýy hem aýdyp geçeýin. Haýsy ýygyndylaryň ýarym finala çykjakdygy barada men dostum Sergeý Dzýuba bilen jedelleşdim (ýazylanlara ynanmaýanlara onuň pasportynyň nusgasyny hem görkezip bilerin).
Maňa 1/2 finala çykjak dört ýygyndyny — Fransiýany, Ispaniýany, Angliýany we Argentinany — ýalňyşsyz çaklamak başartdy. Sergeý bolsa Norwegiýany Angliýadan ileri tutup, çözgüt beriji ýalňyşlyk goýberdi. Emma iňlisler goşmaça wagtyň soňky minutlarynda ýeňiş goluny geçirip, wikingleriň umydyny puja çykardy. Näme barada jedelleşendigimizi bolsa syr edip goýalyň. Ýöne jedelimizde ýeňlen hem ýok, sebäbi baýragy bilelikde peýdalanmak barada öňünden ylalaşypdyk.
Indi bolsa çynlakaý meselä geçeliň. Ilki bilen, dünýä futbolynyň ýaýraýyş geografiýasynyň barha giňelýändigine goşmaça belläp geçmeli zatlaryň biri hem onuň öň çet hasaplanan sebitlerinde oýnuň hiliniň ep-esli ýokarlanmagydyr. Bir wagtlar öz koloniýalarynda agalyk süren ýurtlaryň ýygyndylary öň özlerine garaşly bolan döwletleriň toparlaryny ýeňmek üçin indi örän uly tagalla etmeli bolýarlar. Munuň üçin fransuzlaryň, iňlisleriň, ispanlaryň, portugallaryň we beýleki şuňa meňzeş ýygyndylaryň Gana, Kongo Demokratik Respublikasy, Marokko, Senegal we beýleki toparlar bilen geçirilen oýunlardan soň ahyrky jürlewük ýaňlananda nähili begenç bilen şatlanandygyny ýatlamak ýeterlikdir.
Şeýle hem toparçalaýyn tapgyrda dünýä çempionlary Urugwaý we Ispaniýa, şeýle-de Saud Arabystany bilen duşuşyp, bir hem duşuşykda ýeňilmän, köpçüligi haýran galdyran Kabo-Werde milli ýygyndysynyň çykyşyny aýratyn bellemek bolar. 1/16 finalda bolsa häzirki dünýä çempiony Argentina bu topary diňe uly kynçylyk bilen ýeňmegi başardy.

Kabo-Werde — köp adamyň hut şu gezekki dünýä çempionaty arkaly tanşan ada döwletidir. Şonuň üçin çempionatyň şübhesiz üstünlikleriniň hataryna FIFA-nyň giň halk köpçüliginiň geografik bilimlerindäki boşluklary doldurmaga gönükdirilen maglumatlandyryş işini hem goşmak bolar.
Şeýle-de bolsa, Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) ýakyn geljekde çözmeli has möhüm wezipeleri hem bar. Futbol ýolbaşçylarynyň ileri tutmaly ugurlarynyň biri rugsat berilýän güýç ulanyp göreşmegiň anyk ölçeglerini kesgitlemek we olary dünýä futbolynda birmeňzeş ornaşdyrmak bolmalydyr. Bu işi bolsa milli çempionatlardan başlamaly, sebäbi hatda bir yklymyň futbol konfederasiýalarynyň içinde hem düzgünleriň düşündirilişinde tapawutlar bar.
Mysal üçin, Ispaniýanyň çempionatynda düzgün bozulmasy hasaplanylýan we jerime bellenilýän ýagdaýlara Angliýanyň Premýer-ligasynda eminler köplenç asla üns hem bermeýärler. Şondan soň bolsa bu ölçegleri yklymara futbol konfederasiýalarynyň derejesinde hem bir nusga getirmek zerurdyr.

Ýogsam, owadan we ýokary tehnikaly futboluň ornuny diňe güýje daýanýan, ylgap barşyna öňüne çykan her bir garşydaşyny itekläp ýa-da ýykyşdyryp geçýän futbolçylaryň agalyk edýän oýny eýeläp biler. Şeýle ýagdaýda bolsa biz ir-u-giç 1950-nji ýyllaryň futboluny ýatladýan duşuşyklary göreris. Şol ýyllarda futbolyň esasy ýörelgesi köplenç: «Ur! Ylga! Derwezäni gaba!» diýen ýörelgä esaslanýardy.
Bagtymyza, şeýle oýun görnüşiniň hyýaly artykmaçlyklaryny 1958-nji ýylda Şwesiýada geçirilen dünýä çempionatynda futbolda hakyky öwrülişik eden braziliýaly ussatlar puja çykardylar. Dogrusyny aýtsam, futbol ýaly belent we akyl-paýhasa esaslanýan sungatyň dogany hasaplanýan oýnuň «gözelligi güýjüň üstünden goýýan» häsiýetini ýitirip, kanunlaşdyrylan gödek uruş-dawanyň görnüşine öwrülmeginiň şaýady bolmak islemeýärin.
Çärýek finalyň netijeleri güýçli bäsdeşlige garamazdan, dünýä futbolynyň däp bolan merkezleriniň henizem öňdebaryjy orunlaryny saklap galandygyny görkezýär. Ýarym finala çykan dört ýygyndynyň üçüsi Ýewropanyň, biri bolsa Latyn Amerikasynyň wekili boldy.

Şol bir wagtyň özünde, Afrika ýurtlarynyň ýygyndylary barha ýakyndan bäsdeşlik edýärler. DÇ-2026-nyň jemleýji tapgyryna Afrika yklymyndan on milli ýygyndynyň gatnaşmagy bolsa, dünýä çempionatlarynyň taryhynda Afrika yklymy üçin absolýut rekord boldy.
Indi bolsa has-da täsin ýagdaý! Utulan çykdy tapgyrynyň ilkinji duşuşyklaryna çenli dokuz (!) Afrika ýygyndysy ýetmegi başardy! Dünýäniň iň güýçli 32 futbol döwletiniň hatarynda dokuz sany Afrika milli ýygyndysy! Bu — hakyky öňegidişlikdir! Bu tapgyrdan geçip bilmedik ýeke-täk Afrika ýygyndysy Tunis boldy. Olar toparçalaýyn tapgyrda Şwesiýa, Niderlandlar we Ýaponiýa ýaly güýçli garşydaşlar bilen bir toparda çykyş etdiler.

Kongo Demokratik Respublikasynyň ýygyndysy bolsa dartgynly geçen duşuşykda oýnuň soňky minutlarynda güýçli britaniýalylardan üstün çykmak mümkinçiliginden bir ädim yzda galdy. Pleý-offyň tapgyrynyň birinji päsgelçiligini (1/16 finaly) üç Afrika ýygyndysy — Marokko, Müsür we Nigeriýa — geçmegi başardy. Bu toparlar planetanyň iň güýçli 16 ýygyndysynyň hataryna goşuldy.
Ýöne şu tapgyrda — 1/8 finalda — Müsür we Nigeriýa örän dartgynly geçen duşuşyklarda geljekki ýarym finalçylara — Argentina we Angliýa ýygyndylaryndan ýeňildiler. Emma marokkolylar kanadalylary 3:0 hasap bilen ýeňip, hakyky uly ýeňşi gazandylar.
Şeýlelikde, dünýäniň iň gowy sekiz ýygyndysynyň hataryna ýeke-täk Afrika ýygyndysy — Marokko çykdy. Güýçli bäsdeşlik şertlerini göz öňünde tutanyňda, bu netije hem Afrika futboly üçin örän ýokary üstünlik hasaplanýar. Köp adamlar indiki dünýä çempionatynda Afrika yklymyň ýene-de uly täsinlikleri we sensasiýa öwrüljek garaşylmadyk netijeleri görkezer diýip hasaplaýarlar.

…Demirgazyk Amerikada geçirilen dünýä çempionaty adamzat taryhynda iň köp tomaşaçy gatnaşan çempionat boldy we ýarym final duşuşyklary başlanmanka-da öňki rekordlary täzeledi. Çempionata rekord derejede köp janköýer geldi. Şu güne çenli 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda 100 duşuşyk geçirildi, olara jemi 6 million 527 müň 410 janköýer gatnaşdy.
Olaryň arasynda – täç geýen hökümdarlar (Ispaniýanyň, Belgiýanyň we Niderlandlar), şeýle-de Meksikanyň Prezidenti we Kanadanyň Premýer-ministri hem bardy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň final duşuşygyna we ýeňijileri sylaglamak dabarasyna gatnaşjakdygy resmi taýdan tassyklanyldy. Münberlerde «Oskar» baýragyna mynasyp bolan aktýorlar Tom Kruz we Bred Pitt ýaly meşhurlar, şeýle-de dünýä futbolynyň öçmejek ýyldyzy Dewid Bekham hem janköýerlik etdiler.

Janköýerleriň arasynda Greta Tunbergiň hem bardygy göze ildi (ýöne 2010-njy ýyllarda žurnalistler tarapyndan «gaharly gyz» diýlip atlandyrylan ol bu ýerde näme edýärkä? Belki-de, futbolçylaryň duşuşyk wagtynda stadionlaryň ýaşyl meýdanlaryny aşa depeläp zaýalamazlygyna gözegçilik edýän bolsa gerek).
Şeýle-de foto enjamlarynyň we telekameralaryň obýektiwine «Rolling Stones» toparynyň agzasy Mik Jagger hem düşdi. Bu topar şu güne çenli täsin ýagdaýda özüni saklap gelýän rok toparlarynyň biridir. Angliýa — Norwegiýa duşuşygynda rok-legendasynyň bolmagy käbir janköýerleri howsala salan bolsa, beýlekilerde ýylgyryş döretdi.
Sebäbi futbol dünýäsinde köpden bäri «Mik Jaggeriň näleti» diýen ynanç bar. Oňa iň «bagtsyz» janköýer diýen at hem ýazylypdyr. Mysal üçin, 1998-nji ýylda Jagger Angliýanyň Argentina garşy duşuşygyna hut özi goldaw bermek üçin Fransiýa uçup bardy (belki-de, öýünde galan bolsa has gowy bolardy). Netijede, iňlisler şol duşuşykda ýeňildiler.
2010-njy ýylda Günorta Afrikada geçirilen dünýä çempionatynda rok ýyldyzy ýene-de Angliýa, şeýle-de ABŞ we Braziliýa ýygyndylaryna janköýerlik etmek kararyna geldi. Netije uzak garaşdyrmady — şol üç topar hem dünýä çempionatyndan uly şowsuzlyk bilen çykdy.

2014-nji ýylda Braziliýada geçirilen dünýä çempionatynda Jagger münberde oturyp, çempionatyň eýeleri bolan braziliýalylary goldady. Şol duşuşyk futbol taryhyna braziliýalylaryň iň uly betbagtçylyga uçran ýeňlişi hökmünde girdi. Germaniýa Braziliýany uly hasap bilen — 7:1 ýeňdi. Braziliýalylaryň taryhynda beýle şowsuzlyk hiç haçan bolup görmändi we, ähtimal, mundan beýläk hem gaýtalanmaz.
Emma 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda Mik Jagger watandaşlaryny Angliýa — Horwatiýa ýarym final duşuşygynda goldamak üçin geleninde, myhmansöýer rus topragynda… ýene-de şol bir ýagdaý gaýtalandy. Iňlisler däplerini bozman, şol ýerde-de ýeňlişe sezewar boldular. Millionlaryň söýgüli aýdymçysy, ýöne aslynda şowsuz janköýer hökmünde tanalýan we şol bir wagtyň özünde ussat rok ýerine ýetirijisi bolan Jaggeriň bu tema barada hatda degişli at bilen aýdymy hem bar — «Angliýa ýeňildi» («England Lost»).

Şu gezekki çempionatda norwegiýalylar iňlislere garşy gol geçirende, käbir yryma ynanýan janköýerler futbola bolan söýgüsi sebäpli Amerika çenli gelen Mik Jaggeriň tarapyna howsala bilen seretdiler. Emma Angliýanyň ýygyndysy şol bir berk, güýçli göreş häsiýetini (käbir pursatlarda öňki makalalarda gürrüň eden regbi usullaryny hem) görkezmek bilen, ahyrynda ýeňşi gazanyp bildi.
Bu tötänleýin bolup geçdimi?
Ýa-da «Mik Jaggeriň ýazgarmasy» ahyrsoňy aýryldymy?
Muny biz birigün Angliýa bilen ähli ýerde görünýän Messili Argentinanyň ýygyndysynyň arasyndaky ikinji ýarym final duşuşygynda bileris.
Soňky çaklamalarymyzy bolsa, indiki makalamyzda okap bilersiňiz.
Bekdurdy AMANSARYÝEW




