Näme üçin iýul aýynda beýnimiz «ereýän» ýaly bolýar we pomidorlary sowadyjyda saklamaly däl


Şu ýyl tomus paslynda Aşgabatda howa adatdakysyndan has mylaýym geçýär — howa şertlerindäki üýtgeşmeler aýdyň duýulýar we öňküsi ýaly yssy heniz güýçli däl. Şeýle-de bolsa, tomsuň ortasy adam bedeni üçin hemişe synag bolup durýar. Biz iýul günlerine uýgunlaşýarkak, bedenimizde pikirlenişimize we gündelik endiklerimize täsir edýän görünmeýän biologik hadysalar bolup geçýär.
Ylmy nukdaýnazardan seredeniňde, tomusky biologik sazlaşyga görä gündelik durmuşy nädip guramalydygyny we käbir endiklerimiziň näme üçin zyýanlydygyny düşündirýäris.
Näme üçin tomusda pikirlenmek kynlaşýar: «tomusky beýniniň» fiziologiýasy
Iýulda ünsüňi jemlemek kynlaşýandygyny ýa-da adaty işleri ýerine ýetirmek üçin has köp wagt gerek bolýandygyny duýduňyzmy? Bu ýaltalyk däl, eýsem adamyň fiziologiýasy bilen baglanyşykly ýagdaýdyr. Beýni iň köp energiýa sarp edýän agzadyr. Daşky gurşawyň temperaturasy ýokarlananda, ol energiýany tygşytlamak düzgünine geçýär.
Bedeni sowatmak üçin göreş. Şeýle döwürde bedeniň esasy wezipesi ýylylygy kadalaşdyrmakdyr. Energiýanyň uly bölegi bedeni sowatmaga (derlemek, gan damarlarynyň giňelmegi) gönükdirilýär. Şol sebäpli beýnä öňküsi ýaly energiýa ýetmeýär.
Elektrolitleriň ýetmezçiligi. Der bilen birlikde diňe suw däl, eýsem natriý, kaliý we magniý ýaly möhüm duzlar hem ýitirilýär. Hut şol maddalar nerw impulslarynyň geçirilmegine jogapkärdir. Olar azalanda üns dargaýar, gysga möhletli ýat hem gowşaýar.
Peýdaly endik. Diňe suw içmek ýitirilen minerallaryň doly öwezini dolmaýar. Şonuň üçin mineral suw, limonly we azajyk deňiz duzly öýde taýýarlanan izotonik içgiler ýa-da adaty gyzgyn ýaşyl çaý peýdalydyr. Geň görünse-de, gyzgyn içgi bedeni buzly gazly içgiden has netijeli sowatmaga ýardam edýär.

Iýmit paradoksy: näme üçin sowadyjy tomusky önümleriň «duşmany»
Tomus yssysyndan önümleri goramak üçin köplenç olaryň hemmesini sowadyja salýarys. Emma käbir önümler üçin sowuk zyýanlydyr. Şeýle önümleriň başynda pomidor durýar.
Pomidor barada. Ýetişen pomidorlary adatça 4–6°C temperatura bolan sowadyjyda saklamaly däl. Temperatura 12°C-den aşak düşende, olaryň tagamyny emele getirýän uçujy birleşmeler yzyna dolanmazlyk derejede zaýalanýar, eti bolsa un ýaly gowşak bolýar.
Öýüň temperaturasyna görä näme etmeli?
Iň amatly şert (19–22°C). Kondisioner sebäpli öýüňizde salkyn bolsa, pomidorlary aşhanada kölegeli ýerde sapak tarapy ýokary ýagdaýda goýuň. Bu olar üçin iň amatly şertdir.
25°C-den ýokary. Jaýyň içi 25°C-den ýokary bolsa, pomidorlar çalt ýetişýär, aşa ýumşaýar we tagamyndaky turşulygyny ýitirýär. Şeýle ýagdaýda, şeýle hem kesilen pomidorlar üçin sowadyjy iň amatly çözgüt bolýar. Ýöne olary iýmezden 20–30 minut öň sowadyjydan çykarsaňyz, ysynyň we tagamynyň bir bölegi dikeler.
Tomusda sowadyjyda saklamaly däl beýleki önümler
Hyýar. Sowadyjyda çalt suwly bolup, artykmaç çyglylyk sebäpli zaýalanyp başlaýar.
Garpyz we gawun. Bütin garpyz ýa-da gawun salkyn burçda gowy saklanýar. Sowadyjyda olaryň peýdaly antioksidantlarynyň, şol sanda likopiniň bir bölegi azalýar. Sowuk diňe kesilen bölekler üçin zerurdyr.
Ýeralma. Pes temperaturada onuň düzümindäki krahmal çalt şekere öwrülýär. Şonuň üçin ýeralma süýji tagamly bolup, bişirilende garalýar.
Sowadyjydaky önümleri dogry ýerleşdirmek
Önüm sowukda saklanmaly bolsa, sowadyjynyň içindäki temperaturanyň tapawudyny hem göz öňünde tutuň. Iň ýyly ýer — gapysyndaky tekjelerdir. Ol ýerde temperatura takmynan 8–10°C bolýar. Bu ýer souslar we içgiler üçin amatly bolsa-da, ýumurtga ýa-da süýt önümleri üçin laýyk däldir, sebäbi olar has durnukly sowuklygy talap edýär.
Tomus — bedenimiziň aýratynlyklaryna düşünsek, örän ýakymly pasldyr. Içgi düzgünini dogry guramak we önümleri ýerlikli saklamak tomus möwsümini has sagdyn, öndürijilikli we lezzetli geçirmäge kömek eder.




