Haýnanyň balykçylarynyň gadymy pähimi: «Genlýubu» golýazmasy GPS-siz Günorta Hytaý deňzi arkaly gämileri nähili alyp barýardy
Hemralaryň we sanly kartalaryň eýýamynda, birnäçe nesil ozal deňizçileriň elektron enjamlary bolmazdan, diňe ýel, ýyldyzlar we golýazma kitabynyň könelen sahypalaryna bil baglap, açyk ummana çykandyklaryna ynanmak kyn. «Genlýubu» — bu diňe bir nawigasiýa gollanmasy däl, eýsem Günorta Hytaý deňziniň suwlaryny asyrlar boýy özleşdiren, akymlary, gaýalyklary we howpsuz ýollary baradaky bilimi nesilden-nesle geçiren halkyň janly ýadygärligidir. Bu dokumental film olaryň tejribesine hormat goýmak we deňziň diňe enjamlar bilen däl, eýsem ýürek bilen hem okalýandygyny ýatlatmak maksady bilen taýýarlandy.
«Genlýubu: Günorta Hytaý deňziniň kartasyny düzmek» atly dokumental filmiň ilkinji görkezilişi penşenbe güni CGTN teleýaýlymynda boldy. Filmde Haýnan welaýatynyň balykçylarynyň GPS we howa maglumatlary bolmazdan, «Genlýubu» diýlip atlandyrylýan golýazma gollanmasyna bil baglap, asyrlar boýy Günorta Hytaý deňzinde nähili ýüzendikleri görkezilýär. Daşary ýurtlular üçin düşüniksiz bolan bu kitap, balykçylaryň gämi bilen özleri bilen alyp gidýän iň gymmatly nawigasiýa guraly bolupdyr.
Haýnanyň Sýunhaý şäherindäki «Genlýubu» muzeýiniň kuratory Wan Çžendun: «Tanmenli balykçylar deňze çümüp, balyk tutýarlar. Iň gowy gaýalyklary tapmak, has köp balyk tutmak diýmekdir. Şonuň üçin biz Günorta Hytaý deňzine yzygiderli dolanýarys. Atam we kakam deňze çykmazdan ozal, ony öý işi ýaly öwrenýärdiler» diýýär. Wan gadymy golýazmany hut özi düşündirip bilmese-de, onuň ähmiýetine gowy düşünýär: kaksy her sapara çykmazdan ozal ony okapdyr, atasy bolsa janyny oňa ynanypdyr.
«Elektron enjamlar işden çykanda, eger nawigasiýada oňat başarmasaňyz, ähli adamlary öýlerine nähili hoqpsuz ýagdaýda alyp bilersiňiz? Kapitana tejribe gerek. Bu tejribe nireden gelýär? Ol Genlýubudan gelýär. Bu nesilden-nesle ýazylan gadymy bilimdir» diýip, Wan Çžendunyň kakasy Wan Şubao belleýär.
Nesiller boýy bu bilimler «Genlýubuda» ýazylypdyr. «Gen» deňizde geçilen wagty we aralygy aňladýar. Bir «gen» — takmynan iki sagatlyk ýüzüşi ýa-da 10 deňiz miline golaý aralygy aňladýar. «Lu» — kompas boýunça azimutlary we ugruny, «bu» bolsa «kitap» diýmegi aňladýar. Häzirki zaman gurallary bolmazdan, balykçylar deňzi — onuň akymlaryny, çuňlugyny we üýtgeýän häsiýetini okamagy öwrendiler. Galyberse-de, golýazmalaryň birinde: «Tanmen portundan Çžaoşu adasyna (Parasel adalarynyň Agaç adasy) çenli Sýan, Sun ugry boýunça, ýagny demirgazyk-günbatar ugruna ýüzüň» diýen setirler bar. Bu takmynan 150 deňiz miline deň bolan aralygy öz içine alýar. Bary-ýogy birnäçe setir, gämini açyk deňizden alyp geçmek üçin ýeterlikdir. Wan Şitao tarapyndan göçürilen golýazmalaryň birinde 279 ugur bellige alnypdyr, bu bolsa ony şu günki güne çenli belli bolan «Genlýubunyň» iň giňişleýin nusgalarynyň birine öwürýär.
Haýnan uniwersitetiniň professory Çžou Weýmin: «Çžen Heniň (1405–1433) Günbatar deňizlerine eden syýahatlaryndan ozal hem balykçylar Günorta Hytaý deňziniň bu suwlarynda işläpdirler» diýýär. Bilermenleriň pikirine görä, «Genlýubu» diňe bir nawigasiýa gollanmasy däl, eýsem Hytaýyň deňiz taryhynyň, medeni mirasynyň we deňiz bilen kemala gelen halkyň toplan pähimleriniň ýyl ýazgysydyr.
«Genlýubu» Hytaýyň möhüm maddy däl medeni mirasy hökmünde ykrar edildi. Onuň gaýtalanmazlygy, asyrlaryň dowamynda dilden we ýazuw üsti bilen geçirilip, häzirki döwürde hem ähmiýetini ýitirmän gelýän bilimleri saklap galandygyndadyr. CGTN-iň dokumental filmi dünýä jemgyýetçiligini bu täsin fenomen bilen tanyşdyrmagy, Hytaýyň deňizçilik taryhynyň çuňňur köklerini we Günorta Hytaý deňzindäki hytaý özygtyýarlylygyna bolan ähmiýetini görkezmegi maksat edinýär.







