HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti medeniýet ministrini we «Türkmengeologiýa» DK-nyň başlygyny çalyşdy, welaýatlaryň ýolbaşçy düzümlerinde hem üýtgeşmeleri geçirdi

Iýul 11, 2026 | 06:09 |3053
10-njy iýulda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň düzümlerinde, döwlet edaralarynda, welaýatlaryň dolandyryş edaralarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işgärler düzümine degişli birnäçe Permana hem-de resminama gol çekdi10-njy iýulda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň düzümlerinde, döwlet edaralarynda, welaýatlaryň dolandyryş edaralarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işgärler düzümine degişli birnäçe Permana hem-de resminama gol çekdi
Çeşme: orient.tm

10-njy iýulda, anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň düzümlerinde, döwlet edaralarynda, welaýatlaryň dolandyryş edaralarynda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işgärler düzümine degişli birnäçe Permana hem-de resminama gol çekdi.

Nebitgaz pudagynda Gurbangeldi Garlyýew başga işe geçmegi sebäpli «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine ozal «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän Berdimyrat Amanow bellenildi.

Medeniýet ulgamynda Atageldi Şamyradow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesine 6 aý synag möhleti bilen ozal Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary bolup işlän Gurbanmyrat Myradalyýew bellenildi.

Işgärler düzüminiň üýtgedilmegi köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hem degişli boldy. «Nesil» gazetiniň baş redaktory Artykguly Hojaberdiýew işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin wezipesinden boşadyldy. Gazetiň täze baş redaktory wezipesine 6 aý synag möhleti bilen Hallygözel Şanazarowa bellenildi.

Şeýle hem ýurduň welaýatlarynyň dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçy düzümlerinde birnäçe möhüm işgärler çalşygy geçirildi. Hojamyrat Aşyrmyradow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine ozal Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinde işlän Röwşen Jumaýew bellenildi. Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bolsa şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işlän Ezizgeldi Aşyrow bellenildi.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Durdy Genjiýew Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy.

Bulardan başga-da, başga işe geçmegi sebäpli Döwranberdi Annaberdiýew Mary welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyldy. Mary welaýatynyň häkimi wezipesine Batyr Orazgylyjow bellenildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

Russiýa ABŞ-a ilkinji dizel ýangyjy tapgyryny iberer

19:00 Oktýabr 22, 2026
Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

Moskwa bilen Pekin söwda, energetika we emeli aň ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrar

17:00 Oktýabr 22, 2026
Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Parižde Hytaý bilen Ýewropa elektrik ulaglaryna we arassa energetika maýa goýumlaryny ara alyp maslahatlaşdy

15:00 Oktýabr 22, 2026