Hazarüsti geçelgesi Ýewropa Parlamentinde ara alnyp maslahatlaşyldy


Ýewropa Parlamentinde Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri hökmünde Hazarüsti halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegine bagyşlanan ýokary derejeli tegelek stol geçirildi. Diplomatik forum Ýewropa Parlamentiniň deputaty Ilhan Kýuçýugyň goldawy bilen guraldy.
Brýusselde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň (Sapar Pälwanowyň), Özbegistanyň (Gaýrat Fazilowyň) we Gazagystanyň (Roman Wasilenkonyň) ilçileriniň bilelikde gatnaşmagy sebit derejesini berdi. Olar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bitewi we utgaşdyrylan garaýşyny görkezdiler.

Türkmenistanyň ilçisi Sapar Pälwanow ýewropaly kärdeşleriniň öňünde çykyş edip, häzirki döwürde ulag arabaglanyşygynyň diňe tehniki mesele bolmagyny bes edendigini nygtady. Häzirki wagtda ulag arabaglanyşygy dünýäniň üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygynyň esasy binýady hem-de döwletleriň strategik özbaşdaklygyny üpjün edýän möhüm gural bolup durýar.
Türkmen diplomatyň bellemegine görä, Hazarüsti geçelgesine diňe geografik kartadaky ulag ugry hökmünde däl-de, eýsem bitewi ulag ekoulgamy hökmünde garamak zerurdyr. Bu ekoulgam portlary, deňiz flotuny, demirýol we awtomobil ýollaryny, sanly gümrük çözgütlerini hem-de hususy pudagyň mümkinçiliklerini özünde birleşdirýär.
Sapar Pälwanow Türkmenistanyň geografik ýerleşişiniň ýurda aýratyn jogapkärçilik ýükleýändigini hem belledi: Türkmenistan diňe bir üstaşyr geçilýän ýurt bolmaga däl-de, eýsem halkara işewürligi üçin ynamdar, ýokary netijeli we öňünden çaklanyp bolýan hyzmatdaş bolmaga çalyşýar.

Tegelek stolyň işi Merkezi Aziýa boýunça bilermen Derýa Soýsalyň alyp barmagynda iki panel çekişme görnüşinde dowam etdi. Birinji panel «Merkezi Aziýa we Hazarüsti geçelgesi: özara arabaglanyşygyň bitewi arhitekturasy» atly tema bagyşlandy. Ikinji panel bolsa «Strategiýadan maýa goýumlaryna: “Global Gateway” we Ýewropa Bileleşigi, Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça geçirildi.
Ýewropaly bilermenler we parlament agzalary Günorta Kawkaz hem-de Hazar deňzi arkaly geçýän Hazarüsti ulag geçelgesiniň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag-aragatnaşygy üpjün etmek üçin iň amatly we geljegi uly ugurlaryň biridigine biragyzdan bellediler. Maslahata gatnaşyjylar geçelgäniň diňe ähli gatnaşyjy döwletlerde amallaryň sanlylaşdyrylmagy utgaşykly ýola goýlanda hem-de ulag düzümleriniň ösdürilmegine uly möçberli maýa goýumlary çekilende hakyky bäsdeşlige ukyply boljakdygyny nygtadylar.







