Koreýa we Merkezi Aziýa: — geljegiň strategiýasy hökmünde biri-birini doldurmaklyk


ORIENT | Seljerme. Koreýa Respublikasynyň dünýä taryhynda “Hangan derýasyndaky gudrat” diýlip atlandyrylýan ajaýyp öňegidişligi tehnologiýanyň, erk-islegiň we adam maýasynyň döwrebaplaşmak üçin esasy serişdelerdigini subut etdi. Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarynyň ählumumy arhitekturasy çuňňur özgermek we täze deňagramlylygy gözlemek döwrüni başdan geçirýän wagtynda, Koreýanyň tehnologik üstünliginiň ýoly senagat we logistika galkynyşyny başdan geçirýän Merkezi Aziýanyň täze hakykaty bilen utgaşýar.
Aşgabat, onuň sebitara goşulary we Seulyň arasynda kemala gelýän özara hereketleriň sudury öz binýadynda obýetiw biri-birini doldurmaklygy durýar: Koreýanyň ýokary başarnyklary, emeli aňy we «akylly» çözgütleri Merkezi Aziýa sebitiniň ägirt uly tebigy-serişde, ulag-üstaşyr hem-de demografik mümkinçilikleri bilen doly utgaşýar.
Şonuň üçin hem «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» sammiti diňe bir nobatdaky ýokary derejeli diplomatik duşuşyk hökmünde däl, eýsem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna geçmegiň sepgidi hökmünde hem uly gyzyklanma döredýär. Bu barada ýakynda Duşanbede geçen “MA — Koreýa” seljeriş merkezleriniň forumynda gürrüň edildi.
Koreýa Respublikasy — dünýäniň öňdebaryjy ykdysadyýetleriniň biri (G20-e girýär) bolup, ol ilatyň jan başyna düşýän girdejisiniň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Koreýa Respublikasynyň geçen taryhy ýoly Merkezi Aziýa döwletleri üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Gysga taryhy döwrüň içinde ýurt çäklendirilen serişde binýady bolan döwletden dünýäniň iň ösen tehnologik ykdysadyýetleriniň birine öwrülmegi başardy.
Şu nukdaýnazardan, senagaty, döwlet dolandyryşyny, ylmy we bilimi sanlaşdyrmak hem-de emeli aňy ulanmak esasynda döwrebaplaşdyrmak boýunça koreý tejribesi biziň sebitimiziň ýurtlary üçin diňe bir amaly däl, eýsem strategik gyzyklanma hem döredýär.

Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň iki onýyllykdan gowrak wagtyň dowamynda kemala gelendigi, aýratyn ikitaraplaýyn başlangyçlardan özara hereketleriň durnukly köptaraplaýyn guralyna kem-kemden geçendigi nygtalmalydyr. Bu yzygiderlilik häzirki strategik dialogyň berk institusional binýadyny döretmäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistanyň amaly tejribesi Koreýa Respublikasy bilen alnyp barylýan dialogyň eýýäm köp wagtdan bäri adaty söwda gatnaşyklarynyň çäklerinden çykandygyny tassyklaýar. Gaz-himiýa senagatynda, infrastrukturada we senagat döwrebaplaşdyrmasynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebitiň tebigy-serişde mümkinçilikleriniň hem-de Koreýa senagatynyň ýokary başarnyklarynyň utgaşmagyna esaslanýan has çuňňur tehnologik hyzmatdaşlyga geçmegiň mümkinçiliklerini görkezýär.
Şu günki günde Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, şol sanda esassyz nyrh däl bökdençliklerini aradan aýyrmak arkaly güýçlendirmek aýratyn möhümdir. Bu biziň döwletlerimiziň ykdysadyýetleriniň, şeýle hem olaryň jemgyýetleriniň bähbitlerine doly laýyk gelýär. Kadalaşdyryjy düzgünleşdirilmeleri utgaşdyrmak — hukuk kadalarynyň we tehniki standartlaryň özara laýyklygyny üpjün edýän hem-de söwda, maýa goýumlary we senagat kooperasiýasy üçin has amatly şertleri döredýän yzygiderli ýakynlaşdyrylmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar.
Özara söwdanyň durnukly ösüşine garamazdan, onuň mümkinçilikleri häzirki görkezijilerden has giňdir. Sanly söwda amallaryny ýenilleşdirmek hem-de döwrebap elektron söwda infrastrukturasyny kemala getirmegiň hasabyna serhetüsti elektron söwdany ösdürmek geljekki ösüşiň çeşmeleriniň birine öwrülip biler.
Sebitiň ýokary hilli pagta çig malyny ulanmak we döwrebap koreý tehnologiýalaryna esaslanmak arkaly Merkezi Aziýanyň dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berip biler.
Koreý kompaniýalarynyň diňe bir ulag infrastrukturasynyň desgalaryny gurnamak bilen çäklenmän, eýsem olaryň geljekki ulanylyşyna, dolandyrylyşyna hem-de intellektual ulag ulgamlaryny we «akylly ykjamlyk» tehnologiýalaryny girizmegi goşmak bilen olary sanlaşdyrmaga gatnaşmagy hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Döwrebap logistika merkezleriniň döredilmegi, gümrük infrastrukturasynyň ösdürilmegi we harytlaryň serhetüsti hereketiniň amallarynyň kämilleşdirilmegi ulag-üstaşyr özara baglanyşygynyň güýçlenmegine ýardam berer.
Multimodal ulag geçelgeleriniň, demir ýol, awtomobil we howa gatnawyň ösdürilmegi, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň ulag ugurlaryna geljekde çykmak üçin Merkezi Aziýanyň serhetleşýän döwletleriň deňiz portlary, şol sanda Karaçi we Gwadar bilen ulag gatnaşyklarynyň giňeldilmegi goşmaça mümkinçilikleri açýar.
Aşgabatda, Daşkentde we Almatyda döwrebap logistika merkezleriniň döredilmegi, şeýle hem ulag işine gatnaşyjylaryň wezipelerini bir bitewi maglumat giňişligine birleşdirýän ýük daşamalaryny dolandyrmagyň durnukly bir bitewi sanly platformasynyň girizilmegi bu işiň esasy bölegi bolup biler.
Energetikany, gaz we nebit-himiýa senagatyny ösdürmek şu günki günde strategik ähmiýete eýe bolýar. Şu nukdaýnazardan, döwrebap, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak arkaly koreý kompaniýalarynyň tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemegiň taslamalaryna hem-de Merkezi Aziýanyň energetika infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmagy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar.
Wodorod tehnologiýalaryny, uglerody tutmagyň we saklamagyň tehnologiýalaryny, şeýle hem parahatçylykly atomy goşmak bilen, arassa energetika ulgamynda özara hereketleri ösdürmäge — çäkleriň howpsuzlyk we seýmiki durnuklylyk talaplaryna gürrüňsiz eýerilmegi şerti bilen — aýratyn üns berilmegi maksadalaýykdyr. Şeýle özara hereketler energetika howpsuzlygyny güýçlendirmäge we uglerod bitaraplygynyň maksatlamalaryna ýetmäge ýardam berer.
Şu nukdaýnazardan, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ýörelgelerini kemala getirmäge gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň halkara-hukuk resminamasyny işläp taýýarlamak baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny bellemek ähmiýetlidir.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, emeli aň, adam serişdelerini taýýarlamak, ylmy barlaglar we emeli aň tehnologiýalarynyň howpsuz ulanylyşyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek has az möhüm bolmadyk ugurlaryň birine öwrülýär. Şeýle hyzmatdaşlyk biziň sebitlerimiziň arasyndaky tehnologik tapawudy kem-kemden azaltmaga mümkinçilik berip, hyzmatdaşlygy has deňhukukly, netijeli hem-de uzak möhletleýin netijä gönükdirilen görnüşe getirer.
Kiçi we orta kärhanalaryň, esasanam maglumat tehnologiýalary we innowasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýeterlik derejede ulanylmaýan mümkinçiliklerden biridir. Olaryň işjeň özara hereketleri geljekde iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge geçmek üçin binýady kemala getirmäge ukyplydyr.
Merkezi Aziýa gurak howaly giň çäklere eýedir. Koreýa Respublikasy ýer we suw serişdelerini netijeli dolandyrmakda, şeýle hem gurak zolaklarda tokaý ekoulgamlaryny gaýtadan dikeltmekde uly tejribe toplady. Bu mümkinçilikleriň birleşdirilmegi çölleşmä we ýerleriň degradasiýasyna garşy göreşe möhüm goşant bolup biler.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýada BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy aýratyn üns berilmegine mynasypdyr. Howanyň üýtgemegi oba hojalygyny, ilkinji nobatda daýhançylygy, maldarçylygy, oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasyny we döwrebap agrotehnologiýalaryň girizilmegini ösdürmäge has uly üns berilmegini talap edýär, çünki edil şu ugurlar sebitiň döwletleriniň azyk howpsuzlygyny köp babatda kesgitleýär.
Suwda ýaşaýan jandarlary köpeltmegi ösdürmek hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň birine öwrülip biler. Koreýa Respublikasy deňiz önümlerini öndürmek we suw bioserişdelerini ýetişdirmek ulgamynda baý tejribä eýedir. Bu tejribäni ulanmak hem Hazar deňzine, hem-de köpsanly içerki suw howdanlaryna eýe bolan Merkezi Aziýa döwletleri üçin uly gyzyklanma döredýär.
Howpsuzlyk ulgamynda bolsa, onuň dürli düzüm bölekleriniň bölünmezlik ýörelgesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki zamanyň wehimleri terrorçylyga, transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmegi, şeýle hem döwletlerimiziň hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini ösdürmegi talap edýär.
Syýahatçylyk ulgamynda hem giň mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýa döwletleriniň tejribesi syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň birine öwrülmäge ukyplydygyny ynamly görkezýär.
Ekologiýa, lukmançylyk, işewürlik, medeni we ekstremal syýahatçylygyň uly mümkinçilikleri bardyr. Sebitiň özboluşly tebigy şertleri — sähralyklar, dag ulgamlary, Hazar deňzi, karst gowaklary we şypaly çeşmeler — halkara derejesindäki bäsleşige ukyply syýahatçylyk önümlerini döretmäge mümkinçilik berýär. Munuň üçin syýahatçylyk hyzmatlarynyň hiliniň we howpsuzlygynyň bitewi standartlaryny işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.
Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi serişde ykdysadyýetinden bilim ykdysadyýetine yzygiderli geçilmegini göz öňünde tutýar. Işgärleriň hünär taýdan taýýarlanmagyna, bilelikdäki bilim we ylmy-barlag maksatnamalaryna, akademiki alyş-çalşyklara hem-de hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilmelidir.
Pandemiýa döwrüniň tejribesi saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurdygyny görkezdi. Öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalarynyň alşylmagy, sanly saglygy goraýşyň ösdürilmegi, epidemiologik gözegçilik ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi we bilelikdäki ylmy barlaglar ýurtlarymyzyň jemgyýetçilik saglygyny berkitmäge ýardam berer.

Merkezi Aziýanyň artykmaçlygy — onuň ýaş adamlara maýasydyr. Ýaş ilatyň ýokary paýy döwrebap bilim ykdysadyýetini kemala getirmek, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we täze tehnologiýalary özleşdirmek üçin amatly şertleri döredýär. Döwrebap bilim maksatnamalary we halkara tehnologik hyzmatdaşlygy bolan ýagdaýynda, bu mümkinçilik sebitiň uzak möhletleýin ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülmäge ukyplydyr.
Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek, döredijilikli senagatlar ulgamynda hyzmatdaşlygy goldamak, bilelikdäki ylmy maslahatlary, innowasiýa bäsleşikleri we tematik festiwallary guramak zerurdyr.
Hyzmatdaşlygyň ynsanperwerlik ugruna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Koreý medeniýetiniň, bilim maksatnamalarynyň we akademiki alyş-çalyşlaryň barha meşhurlygy jemgyýetlerimiziň arasyndaky özara ynamyň pugtalanmagyna goşant goşýar. Netjitede, uzak möhletleýin ykdysady we syýasy taslamalaryň soňundan gurulýan jemgyýetçilik binýadyny döredýän zat adam gatnaşyklarydyr.
Ýaş nesil Merkezi Aziýa bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky geljekki hyzmatdaşlygyň esasy güýji bolar we olaryň bilimine, hünär ösüşine we döredijilik mümkinçiliklerine maýa goýumlary geljege maýa goýumlarydyr.
Türkmenistan gazhimiýa senagatynda, infrastruktura gurluşygynda we senagaty döwrebaplaşdyrmakda Koreýa Respublikasy bilen amaly hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezýär, bu bolsa hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin berk binýadyň bardygyny tassyklaýar.
Koreýa Respublikasy we Merkezi Aziýa dialogyň täze tapgyryna gadam basýarlar, sebäbi olaryň ösüş modelleri bäsleşmeýär, gaýtam biri-birini güýçlendirýär. Olaryň hyzmatdaşlygynyň uzak möhletleýin häsiýeti häzirki bähbitleriň gabat gelmegi bilen däl-de, Koreýanyň tehnologik mümkinçilikleriniň we Merkezi Aziýanyň serişde, ulag we adam mümkinçilikleriniň utgaşmasy bilen kesgitlenýär.
Hut şu özara üstünlik bilelikde döwrebaplaşdyrmagyň, durnukly ösüşiň we Ýewraziýada ykdysady ösüş üçin täze giňişligiň döredilmeginiň binýadyny döredýär.
Sentýabr aýynda geçiriljek “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” sammitine diňe bir möhüm duşuşyk hökmünde garalmaly däl. Onuň ähmiýeti – hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak mümkinçiliginden aýry-aýry taslamalardan iki sebitiň arasynda uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygy kemala getirmeklige çenli.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni






