HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýokohamada geljegiň baglary we Tokioda 2027-nji ýylyň türkmen-ýapon işewürlik forumy

Iýul 06, 2026 | 16:45 |1844
Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde «Bagt üçin geljegiň keşbi» şygary bilen geçiriljek «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisinde milli pawilýony bilen gatnaşar. Bu dünýä ähmiýetli çärä görülýän taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldyTürkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde «Bagt üçin geljegiň keşbi» şygary bilen geçiriljek «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisinde milli pawilýony bilen gatnaşar. Bu dünýä ähmiýetli çärä görülýän taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistan Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde «Bagt üçin geljegiň keşbi» şygary bilen geçiriljek «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisinde milli pawilýony bilen gatnaşar. Bu dünýä ähmiýetli çärä görülýän taýýarlyk işleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa saparynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen wekiliýeti sergä gatnaşjak ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygyna gatnaşyp, milli pawilýonlaryň dolandyrylyşy, logistika meseleleri hem-de serginiň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň Milli gününiň maksatnamasy ýaly esasy guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Sergä görülýän taýýarlyk türkmen-ýapon işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem täze itergi berer. Mergen Gurdowyň Ýaponiýanyň Daşary söwda guramasynyň (JETRO) Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Takafumi Suzuki bilen geçiren gepleşiklerinde 2027-nji ýylda Tokioda Türkmen-ýapon işewürlik forumyny geçirmek meselesine aýratyn üns berildi.

gardens-yokohama-turkmen-japanese-business-forum-tokyo (2).jpg

Geljekki forumda iki ýurduň kiçi we orta telekeçiliginiň hyzmatdaşlygyny giňeltmek, täze bazarlary özleşdirmek hem-de Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalaryny Türkmenistanyň hususy pudagyna çekmek esasy ugurlar bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy sergi pawilýonynyň gurluşygy we mazmuny bilen baglanyşykly tehniki meseleleri «GREEN EXPO 2027» halkara bagbançylyk sergisiniň assosiasiýasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Kodzi Haçiýama bilen geçiren iş duşuşygynda ara alyp maslahatlaşdy. Ýapon tarapy Türkmenistanyň pawilýonyny serginiň iň täsirli we köp barylýan meýdançalarynyň birine öwürmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

gardens-yokohama-turkmen-japanese-business-forum-tokyo (3).jpg

«GREEN EXPO 2027» 2027-nji ýylyň 19-njy martyndan 26-njy sentýabry aralygynda geçiriler. Oňa onlarça ýurt gatnaşyp, ekologiýa we biosfera çözgütleri babatda öňdebaryjy gazananlaryny görkezer. Şeýle iri halkara sergä gatnaşmak Türkmenistana landşaft dizaýny, oba hojalygy pudagyndaky üstünliklerini dünýä ýaýratmaga, şeýle hem Aziýa ugry boýunça täze ykdysady hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga mümkinçilik döreder.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýunnanda ýolagçy otluda ýatdan çykarylan 30 000 dollarlyk şaý-sepler bilen el torbasy eýesina gowşuryldy

Ýunnanda ýolagçy otluda ýatdan çykarylan 30 000 dollarlyk şaý-sepler bilen el torbasy eýesina gowşuryldy

18:00 Iýul 06, 2026
Arylar intellekt synagynyň çözgüdini tapyp, alymlary haýran galdyrdy

Arylar intellekt synagynyň çözgüdini tapyp, alymlary haýran galdyrdy

16:56 Iýul 06, 2026
Hytaýyň gazna biržalary A derejeli paýnamalar bilen söwda etmegiň düzgünlerine gaýtadan seretdiler

Hytaýyň gazna biržalary A derejeli paýnamalar bilen söwda etmegiň düzgünlerine gaýtadan seretdiler

16:55 Iýul 06, 2026