Amerikaly bariton Pensilwaniýada türkmen romanslaryny ýerine ýetirer


Yklymlary birleşdirýän medeni köprüler käwagt örän täsin görnüşde gurulýar. 17-nji iýulda ABŞ-da «Vocal Poetry» («Wokal şygryýeti») atly özboluşly konsert geçiriler. Pensilwaniýa ştatynda amerikaly diňleýjiler türkmen nusgawy saz sungaty bilen tanyşarlar. 22 ýaşly amerikaly bariton Zeýwier Beýts meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň wokal tapgyryny ýerine ýetirer.
Bu taslamanyň esasynda nesilleriň arasyndaky döredijilik dowamaty we güýçli ýerine ýetirijilik mekdebi durýar. Fortepiano partiýasyny Nury Halmämedow adyndaky «Dutaryň owazlary» Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň ýeňijisi, türkmen konsertmeýsteri Roza Baýmyradowanyň şägirdi Bahar Annadurdyýewa ýerine ýetirer. Konsert Keystone Music Academy tarapyndan onuň direktory Andreý Lýubimsewiň goldawy bilen guralýar.
Şu güýzde Monkler uniwersitetiniň magistraturasyna okuwa dowam etmäge taýýarlanýan hem-de häzirki wagtda Wolfgang Amadeý Mosartyň The Magic Flute («Jadyly tüýdük») operasynda çykyş etmäge taýýarlyk görýän ýaş aýdymçy Zeýwier Beýts üçin türkmen saz dili uly täsir galdyrdy. Ol Nury Halmämedowyň çylşyrymly wokal eserlerine düşünmäge we olary çuňňur duýmaga ýardam edendigi üçin Bahar Annadurdyýewa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

Konsertiň maksatnamasyna Sergeý Rahmaninowyň romanslary hem girizildi. Bu eserler Beýts üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi ol beýik rus kompozitorynyň soňky şägirdi bolan Rut Slençinskaýa bilen tanyşdy.
«Rut maňa Rahmaninowyň käte diňe bir takt üstünde işläninde şol bir kiçi tersiýany gaýta-gaýta gaýtalap bilýändigini gürrüň berýärdi. Bu waka maňa saz sungatynda iň ownuk jikme-jikliklere çenli takyklygyň nähili möhümdigini ýatladýar» diýip, Zeýwier Beýts belleýär.
Bahar Annadurdyýewa ABŞ-da türkmen nusgawy sazyny işjeň wagyz edýän zehinli sazandadyr. Häzirki wagtda ol Nury Halmämedowyň fortepiano üçin döreden saýlama eserlerini organ üçin uýgunlaşdyrmak boýunça işleýär. Mundan başga-da, şu ýylyň fewral aýynda ol Pensilwaniýada Mämet Guseýnowyň «Solomon» operasynyň temalary esasynda döreden «Parafraz» eseriniň dünýäde ilkinji gezek ýerine ýetirilmegini gurnady.

Dutaryň özboluşly kwart-kwinta äheňlerinden gözbaş alýan türkmen sazy dünýäniň abraýly sahnalarynda ýaňlanmagyny dowam etdirýär. Bu bolsa hakyky sungatyň serhediniň ýokdugyny ýene bir gezek tassyklaýar.






