HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mugallymlary Bolgariýada geçirilýän Erasmus+ forumynda sanly innowasiýalary öwrenýärler

Iýun 28, 2026 | 13:37 |2835
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary 2026-njy ýylyň 20–30-njy iýuny aralygynda Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetinde geçirilýän halkara ylym-bilim çärelerine gatnaşýarlarTürkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary 2026-njy ýylyň 20–30-njy iýuny aralygynda Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetinde geçirilýän halkara ylym-bilim çärelerine gatnaşýarlar
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary 2026-njy ýylyň 20–30-njy iýuny aralygynda Bolgariýanyň Angel Kynçew adyndaky Ruse uniwersitetinde geçirilýän halkara ylym-bilim çärelerine gatnaşýarlar. Iş sapary Ýewropanyň Erasmus+ akademiki alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde guralyp, ýokary bilimi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi).

Türkmen hünärmenleriniň saparynyň esasy maksady öňdebaryjy mugallymçylyk çemeleşmelerini öwrenmek, innowasion okatmagyň usullary boýunça tejribe alyşmak hem-de okuw işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Foruma dünýäniň 10 ýurdundan 13 sany ýokary okuw mekdebiniň wekilleri, şol sanda Fransiýadan, Türkiýeden, Çernogoriýadan we Müsürden gelen hünärmenler gatnaşýarlar. Forumyň ilkinji gününde gatnaşyjylar öz ýokary okuw mekdepleriniň ylmy we bilim ugurlaryndaky gazananlaryny tanyşdyrdylar.

Iş duşuşyklarynyň esasy mowzuklary emeli aňyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy, okatmagyň garyşyk we interaktiw modelleriniň ulanylmagy, şeýle hem uniwersitetleriň halkara bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boldy.

Şol bir wagtyň özünde saparyň çäklerinde kompýuter ulgamlary we tehnologiýalary boýunça «CompSysTech'26» atly abraýly halkara ylmy maslahat hem geçirilýär. Bu meýdançada dünýäniň alymlary kiberhowpsuzlyk, bulut tehnologiýalary, sanly özgertmeler we IT ulgamlary boýunça iň täze ylmy barlaglary ara alyp maslahatlaşýarlar. Türkmenistanyň mugallymlary daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikdäki ylmy taslamalaryň geljegini we akademiki hereketlilik maksatnamalaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini işjeň ara alyp maslahatlaşýarlar.

Erasmus+ maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýän bu çärelere gatnaşmak ýurdumyzyň professor-mugallymlar düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistanyň milli bilim ulgamynyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026