HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Döwlet sirki «JADYLY ÄLEM» atly ajaýyp tomaşa çagyrýar

Iýun 27, 2026 | 22:30 |2224
Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «JADYLY ÄLEM» atly täsirli sirk tomaşasyna çagyrýarTürkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «JADYLY ÄLEM» atly täsirli sirk tomaşasyna çagyrýar
Çeşme: sirk.gov.tm

Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «JADYLY ÄLEM» atly täsirli sirk tomaşasyna çagyrýar. Baýramçylyk maksatnamasy şu ýekşenbe — 28-nji iýunda sagat 18:00-da geçiriler. Tomaşa dynç güni maşgala bolup wagt geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

Myhmanlara iň oňat sirk artistleriniň gatnaşmagynda baý we gyzykly maksatnama hödürlener. Arenada dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen tälim berlen haýwanlaryň, akrobatlaryň, žonglýorlaryň hem-de täze gülküli çykyşlary bilen çykyş etjek klounlaryň tomaşalary görkeziler.

Agşamyň esasy bezegi hökmünde meşhur «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň ussat çapyksuwarlarynyň täsirli çykyşlary görkeziler. Şeýle hem «Gündogar ýyldyzlary» milli toparynyň ýaş zehinleri özleriniň öwüşginli we ýokary ussatlykdaky çykyşlaryny hödürlärler.

Tomaşaçylar üçin petekler Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň resmi web sahypasy arkaly onlaýn görnüşde satuwa çykaryldy: https://sirk.gov.tm/.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

18:00 Iýul 07, 2026
Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

13:25 Iýul 07, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13:00 Iýul 07, 2026