Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebi CDIO 2026 halkara inženerçilik maslahatynda Merkezi Aziýa wekilçilik edýär


Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýeti CDIO 2026 atly 22-nji Halkara maslahatyna gatnaşdy. Abraýly forum 22–25-nji iýunda Beýik Britaniýanyň Liwerpul uniwersitetinde geçirilip, dünýäniň 27 ýurdundan 71 öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň 157 wekilini bir ýere jemledi.
Türkmenistanyň adyndan Kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň uly mugallymy Yslam Orazow hem-de «Oguz han» ylmy tehnologiýalar merkeziniň direktory Ahal Akgaýew çykyş etdiler. Şu ýylky maslahatyň esasy mowzugy talyplaryň hünär taýdan ösüşini kämilleşdirmek, şeýle hem inženerçilik biliminde bilimleri bahalandyrmagyň innowasion usullaryny we netijeli pikir-beriş mehanizmlerini ornaşdyrmak boldy.
Iş maslahatlaryň dowamynda türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşlerini uniwersitetiň ylmy işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdylar. Hususan-da, kiberfiziki ulgamlar babatdaky öňdebaryjy barlaglara hem-de uniwersitetiň tehnologiýalar merkezinde döredilen iň täze tehnologik işläp taýýarlamalara aýratyn üns berildi.
Şeýle ýokary derejeli halkara çärä gatnaşmak ýurdumyzyň bilim ulgamynyň abraýynyň ýokarlanýandygyny görkezýär. Ýatladyp geçsek, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2023-nji ýylyň martynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ilkinji bolup CDIO guramasynyň doly hukukly agzasy boldy.
ORIENT






