Bitaraplyk syýasatynyň orny baradaky Kararnamasy BMG-niň alty resmi dilinde çap edildi


Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 82/262 belgili «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi goldamakda hem-de berkitmekde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamasy Guramanyň alty resmi dilinde çap edildi. Resminama parahatçylygy berkarar etmek we parahatçylygy gorap saklamak meselelerine bagyşlanan gün tertibiniň 62(b) bendi boýunça Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynyň resmi Kararnamasy hökmünde çap edildi. Bu bolsa Milletler Bileleşiginiň ähli agza döwletleriniň arasynda parahatçylyk başlangyçlarynyň mümkin boldugyça giňden ýaýradylmagyny we öňe sürülmegini üpjün edýär. Bu barada Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň websaýtynda habar berilýär.
Bu resminamanyň özboluşlylygy, Kararnamanyň Baş Assambleýa tarapyndan biragyzdan kabul edilmeginden hem-de BMG-niň taryhynda bitaraplygyň guralyna we onuň amaly ornuna doly bagyşlanan, ýörite döredilen aýratyn gün tertibiniň çäklerinde tassyklanan ilkinji resminama bolmagyndan ybaratdyr. Tekstiň BMG-niň alty resmi diline terjime edilmegi we çap edilmegi, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan biragyzdan goldanylandan soňky resmi hukuk amallaryny tamamlaýar.
Kararnama öňüni alyş diplomatiýasynyň, jedelleri çözmekde araçylygyň we uzak möhletleýin köptaraply hyzmatdaşlygyň ornyny has-da berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle hem resminama dünýäde howpsuzlygyny üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin döwletleriň bitaraplyk derejesiniň mümkinçiliklerini ulanmaga niýetlenen, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda birnäçe täze amaly gurallaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.





