Özbegistanyň Prezidenti Daşkent halkara maýa goýum forumynyň plenar mejlisinde çykyş etdi


Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäherinde geçirilýän V Daşkent halkara maýa goýum forumynyň plenar mejlisinde çykyş etdi. Döwlet Baştutany öz çykyşynda ýurduň maýa goýum we ykdysady syýasatynyň esasy ugurlaryny beýan etdi hem-de senagat, infrastruktura, energetika we emeli aň ugurlaryndaky iri taslamalary hödürledi.
Prezidentiň bellemegine görä, şu ýylky foruma dünýäniň 100 ýurdundan 4 müň töweregi myhmanyň gatnaşmagy Özbegistanyň ykdysadyýetine we amala aşyrylýan özgertmelere halkara gyzyklanmanyň artýandygyny görkezýär.
Şawkat Mirziýoýew soňky bäş ýylyň dowamynda ýurduň ykdysadyýetine 123 milliard ABŞ dollary möçberinde daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilendigini aýtdy. Şeýle hem ol dört ýyl mundan ozal 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 100 milliard dollara ýetirilmegi meýilleşdirilen jemi içerki önümiň (JIÖ) eýýäm şu ýyl 180 milliard dollardan geçip biljekdigini belledi.
«Özbegistanyň ykdysadyýeti täze depginlere eýe bolýar we täze mümkinçilikleriň tapgyryna gadam basýar» diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Çykyşyň esasy ugurlarynyň biri Özbegistanda halkara maýadarlar üçin amatly şertleriň döredilmegi boldy. Prezident Daşkent halkara maliýe merkeziniň döredilmegi boýunça işleriň başlanandygyny habar berdi. Bu merkeze gatnaşyjylar üçin 50 ýyl möhlet bilen aýratyn salgyt tertibini girizmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, merkezde iňlis hukugyna esaslanýan mehanizmler we garaşsyz halkara täjirçilik kazyýeti hereket eder.
Çykyşda ýokary tehnologiýalar we emeli aň pudagynyň ösüşine aýratyn üns berildi. Prezidentiň aýtmagyna görä, ýakyn bäş ýylyň dowamynda emeli aň pudagy ýurduň ykdysadyýetine azyndan 10 milliard dollar goşmaça gymmatlyk getirip biler.
Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanda Emeli aňy ösdürmegiň milli strategiýasy kabul edildi we «Bäş million lider» maksatnamasy işe girizildi. Garagalpagystan sebitinde emeli aň taslamalary we maglumat merkezleri üçin ýörite zolak döredilýär. Onda maýadarlar 2040-njy ýyla çenli salgytlardan we gümrük töleglerinden boşadylar.
Prezident Merkezi Aziýada ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmegiň möhümdigini hem nygtady. Esasy taslamalaryň hatarynda Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demir ýoly, Hazar deňziniň üsti bilen geçýän Orta geçelgäniň ösdürilmegi hem-de Owganüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi görkezildi.
Forumyň işine Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar. Türkmen tarapy plenar mejlislerde, panel sessiýalarynda we işewür duşuşyklarda işjeň çykyş edýär.
Çäräni sebit we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda ORIENT habarlar agentligi hem beýan edýär.
Çykyşynyň ahyrynda Şawkat Mirziýoýew Özbegistanyň açyk maýa goýum syýasatyny dowam etdirjekdigini we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltjekdigini aýtdy.
«Ýurdumyza uly ynam we geljegi uly pikirler bilen gelýän daşary ýurtly telekeçiler üçin Täze Özbegistanyň gapylary hemişe giňden açyk bolar» diýip, Özbegistanyň Prezidenti nygtady.








