HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Owgan çatrygy ýa-da durnukly Kabul bolmazdan Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan gudraty bolarmy

Iýun 17, 2026 | 17:42 |2714
Häzirki zaman dünýäsi çuňňur üýtgeşmeleriň we çalt geostrategiki öwrülişikleriň döwrüni başdan geçirýär, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň durnuklylygy we maksatnamalaýyn ösüşi Owganystanyň halkynyň öz ýurdunda parahat, döredijilikli durmuşy bütinleý dikeltmegi başaryp-başarmazlygyna göni bagly bolup durýar. Bu ugrundaky nobatdaky taryhy ädim 16-njy iýunda, Kabulda ädildi, ol ýerde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň strategiki ornuna bagyşlanan Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň forumy geçirildiHäzirki zaman dünýäsi çuňňur üýtgeşmeleriň we çalt geostrategiki öwrülişikleriň döwrüni başdan geçirýär, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň durnuklylygy we maksatnamalaýyn ösüşi Owganystanyň halkynyň öz ýurdunda parahat, döredijilikli durmuşy bütinleý dikeltmegi başaryp-başarmazlygyna göni bagly bolup durýar. Bu ugrundaky nobatdaky taryhy ädim 16-njy iýunda, Kabulda ädildi, ol ýerde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň strategiki ornuna bagyşlanan Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň forumy geçirildi
Çeşme: orient.tm

Häzirki zaman dünýäsi çuňňur üýtgeşmeleriň we çalt geostrategiki öwrülişikleriň döwrüni başdan geçirýär, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň durnuklylygy we maksatnamalaýyn ösüşi Owganystanyň halkynyň öz ýurdunda parahat, döredijilikli durmuşy bütinleý dikeltmegi başaryp-başarmazlygyna göni bagly bolup durýar.

Bu ugrundaky nobatdaky taryhy ädim 16-njy iýunda, Kabulda ädildi, ol ýerde sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ylmy-barlag institutlarynyň strategiki ornuna bagyşlanan Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň seljeriş merkezleriniň forumy geçirildi.

Bu duşuşykda Türkmenistana Daşary işler ministrliginiň Halkara ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň ýolbaşçysy Atageldi Haljanow we DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew wekilçilik etdiler.

afghanistan-central-asia-analytical-forum-kabul.jpeg

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryny, öňdebaryjy strategiki institutlaryny we bilermenlerini bir ýere jemlän bu çäre sebitiň dabaraly beýanatlardan taryhy taýdan öz netijeliligini subut eden tejribäni durmuşa geçirmäge tarap has-da işjeň ädim ätmäge taýýardygyny aýdyň görkezdi.

Pikir alyşmalaryň merkezinde bilermenler jemgyýetçiliginiň arasyndaky intellektual köprini berkitmek we ykdysady özara baglanyşyk, üstaşyr geçelgeleri hem-de energetika hyzmatdaşlygy arkaly sebit durnuklylygynyň meselelerini iş ýüzünde çözmek ýaly mowzuklar durdy. Ykdysady hyzmatdaşlyk forumyň ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy meselesi boldy, sebäbi ýurtlaryň Liderleriniň arasyndaky syýasy dialog umumy ugurdaky kesgitlän ýagdaýynda, edil şu ugur halklara hakykatdan hem duýulýan peýda getirýär.

Bilermenler şu günki günde Merkezi Aziýa bilen Owganystanyň arasyndaky söwda mümkinçilikleriniň entek doly açylmandygy barada bellediler. Munuň sebäbi bolsa syýasy erkiň ýoklugy däl-de, eýsem gümrük kadalarynyň ylalaşylmazlygy, logistiki kynçylyklar we maliýe näbelliligi ýaly amaly bökdençliklerdir.

Diplomatik jemgyýet kämil şertlere garaşmagyň ýerine, kiçi, ýöne durnukly ädimleriň pragmatik strategiýasyny öňe sürdi, bu strategiýanyň esasynda ýagdaýyň kem-kemden gowulaşmagy belli bir meseleleri, şol sanda bir serhet geçelgesi, bir ýönekeýleşdirilen amal ýa-da bir wagtda bir görnüşli harytlaryň yzygiderli çözülmegi arkaly amala aşyrylýar.

afghanistan-central-asia-analytical-forum-kabul-2026 (2).jpeg

Atageldi Haljanowyň pikiriçe, şeýle çemeleşme maýa goýum ulgamyndaky hakykata daýanyp, töwekgelçilikleri iň pes derejä düşürmäge we özara gatnaşyklaryň gerimini meýilnamalaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär, bu ýerde iri maýa öňünden çaklap boljak, hukuk we fiziki howpsuzlygy talap edýär.

Bu şertler makrosebitde entek doly derejede döredilmändigi sebäpli, döwlet edaralary üçin hususy pudagy ýeňil senagat, oba hojalygy we serhetýaka logistikasy ýaly çeýe, töwekgelçiligi has az bolan pudaklara maýa goýmaga höweslendirmek, seljeriş merkezler üçin bolsa geljekki iri işewürlik üçin aýdyň nusga bolup biljek kiçi göwrümli synag taslamalary ýüze çykarmak möhümdir.

Dünýä bileleşegi Owganystanyň geljegi barada diňe nazaryýetde öňe sürýän mahaly, onuň serhetlerinde amaly ykdysady integrasiýa eýýäm gündelik tertipde dowam edýär we bu babatda aýdyň mysal gümrük ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagydyr.

Owganystan gümrük räsmileşdirilmeleriniň awtomatlaşdyrylan ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirdi, bu bolsa ýüki barlamak wagtyny ep-esli gysgaltdy. Şol bir wagtda, sebitiň käbir goňşy döwletleri, şol sanda Türkmenistan, ýigrimiden gowrak döwlet edarasyny birleşdiren “bitewi penjire” ulgamy arkaly ähli import we eksport resminamalarynyň elektron görnüşde işlenilmegini ýola goýdy.

Utgaşykly häzirki zaman sanly platformalarynda işlemek ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgelerini, bilelikdäki barlag-göýberiş nokatlaryny döretmäge we hakyky wagt tertibinde serhetüsti maglumat alyşmaga göni ýol açýar. Bu sanly özgertme kuwwatly fiziki binýada daýanýar, sebäbi adaty ählumumy ugurlardaky bökdençlikleriň şertlerinde ulag ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy ykdysady taýdan aman galmagyň meselesine öwrüldi.

afghanistan-central-asia-analytical-forum-kabul-2026 (2).jpg

Şiri Şiriýewiň bellemeginä görä, şu günki günde Owganystan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ýapyk nokat bolmakdan galdy we ugruň merkezine, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gury ýer köprisinede öwrüldi. Bu köpri edil häzirki wagtda netijeli işleýär, munuň özi esasy barlag-göýberiş nokatlaryndan onlarça demir ýol wagonlarynyň we ýüzlerçe ýük awtomobilleriniň geçýän her günki ýük akymynyň anyk sanlary bilen hem tassyklanylýar.

Olar geosyýasy ýagdaýlaryň üýtgemegine garamazdan, serhetleri açyk saklaýan yzygiderli hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna esaslanyp, nebit önümlerini, suwuklandyrylan gazy, galla we gündelik sarp edilýän harytlary daşaýarlar. Owganystanyň umumysebit zynjyrlaryna infrastruktura taýdan integrasiýalaşmagy toplumlaýyn, bäş ölçegli häsiýete eýe boldy we gaz senagaty, demir ýol hem-de awtomobil ulaglary, elektroenergetika we aragatnaşyk ulgamlaryndaky taslamalary bitewi tehnologiki geçelgede birleşdirdi.

Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan esasy gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanmagy bu işde iň möhüm tapgyr bolar. Häzirki bilermen çenliklerine görä, eýýäm şu ýylyň ahyrynda ýa-da geljek ýylyň başynda bu turba geçirijiniň şahasy häzirki wagtda işjeň gurluşyk işleri dowam edýän Owganystanyň Hyrat şäherine ýeter.

Owganystan üçin senagat gazynyň gelmegi diňe bir ýangyç almak däl, eýsem içerki kärhanalaryň işe girizilmegini, müňlerçe iş ornunyň döredilmegini we durmuş durnuklylygynyň kuwwatly şertini aňladýar, magistralyň Pakistan we Hindistan bazarlaryna tarap has-da öňe gitmegi bolsa yklymyň iki sany iň iri makrosebitini institusional taýdan baglanyşdyrar.

afghanistan-central-asia-analytical-forum-kabul-2026 (1).jpeg

Şol bir wagtyň özünde, demir ýol gatnaşygy hem çaltlandyrylan depginler bilen ösýär, bu ýerde polat magistraly eýýäm Merkezi Aziýanyň esasy logistiki merkezlerini we Hazar deňziniň portlaryny Owganystanyň serhetýaka stansiýalary bilen birleşdirdi, taraplaryň häzirki tagallalary bolsa ýollary şol Hyrat şäherine tarap, Owganystanyň çäkleriniň çuňluklaryna çenli uzaltmaga gönükdirilendir.

Demir ýoluň gurluşygy bilen berk baglanyşykda, edil şu demir ýoluň ugrunde boýunda häzirki zaman awtomobil ýoluny döretmek boýunça giň göwrümli meýilnamalar hem işlenip düzülýär, bu bolsa özüniň ýoluň ugrundaky infrastrukturasy, hyzmat ediş we paýlaýyş merkezleri bolan çeýe multimodal geçelgesini kemala getirer.

Bu gurluş Günorta Aziýa energiýa üstaşyr geçirmek üçin elektrik geçiriji ulgamlaryň giňeldilmegi we magistral optiki-süýümli aragatnaşyk ýollarynyň çekilmegi bilen sazlaşykly doldurulýar. Olar diňe bir owgan şäherlerini ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem Hind ummanyna çenli üznüksiz telekommunikasiýa köprisini döredip, Kabuly möhüm sanly merkeze öwrer.

afghanistan-central-asia-analytical-forum-kabul-2026 (3).jpg

Günbatar tarapdaky integrasiýa tagallalary sebitiň beýleki uly göwrümli taslamalary bilen hem sazlaşykly utgaşýar, olaryň arasynda Termez, Mazari-Şerif, Kabul we Harlatçi ugry boýunça geçýän Owganüsti demir ýol geçelgesi esasy orny eýeleýär.

Merkezi Aziýa ýurtlary üçin bu demir ýol magistraly Hind ummanynyň portlaryna iň gysga ýoly açýar we bilermenleriň pikiriçe, logistiki çykdajylary 30-40 göterim azaltmaga ukyplydyr, şunda Günorta Aziýa döwletlerine bütin sebitiň bazarlaryna göni çykyşy üpjün edýär.

Energetika ulgamynda bolsa Täjigistandan we Gyrgyzystandan tomusky artykmaç gidroelektroenergiýany Owganystana we Pakistana ibermek boýunça giň göwrümli serhetüsti taslama hem edil şonuň ýaly aýdyň görnüşde işleýär.

Bu ägirt uly ýewraziýa taslamalarynyň esasy gymmaty, olaryň geosyýasaty döredijilikli bähbit ulgamyna geçirmegindedir we ähli sebit oýunçylarynda uzak möhletleýin parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamaga bolan bitewi, umumy gyzyklanmany kemala getirip, ýokary netijeli parahatçylyk guraly hökmünde çykyş etmegindedir. Sebäbi durnukly býujet girdejileri we täze iş orunlary parahatçylygy Owganystanyň ähli içerki güýçleri üçin ykdysady taýdan bähbitli edýär.

Gürrüňsiz, ykdysady galkynyş ygtybarly howpsuzlyk arhitekturasy bolmazdan mümkin däldir, bu ýerde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde ykrar edilen we sebit ýurtlarynyň daşary syýasatyna aýdyň täsirini ýetirýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk strategiýasy esasy syýasy binýat bolup durýar.

Bu hukuk derejesi ýurda öňüni alyş diplomatiýasy, serhetleri gapma-garşylyksyz dolandyrmak we berk gözegçilik edilýän serhetüsti geçelgelerini döretmek arkaly neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy bilelikdäki göreşde Owganystana kömek bermek üçin tarapsyz we ygtybarly platforma bolmaga mümkinçilik berýär.

Şunuň bilen birlikde, Owganystanyň içerki durnuklylygynyň ilaty iş bilen üpjün etmek mehanizmlerine daýanmalydygy barada duşuşyga gatnaşyjylaryň hemme bir pikire geldi. Bu babatda bolsa garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda ykdysadyýeti özgertmegiň we zähmet bazaryny kemala getirmegiň iň çylşyrymly tapgyryny üstünlikli geçen Merkezi Aziýa döwletleri Kabula ilatyň öz-özüni iş bilen üpjün etmek mehanizmlerini işe girizmäge we garyplygyň derejesini azaltmaga kömek edip biljek taýyn çözgütleriň toplumyna eýedirler.

Emma şu günki günde islendik içerki özgertmeler daşarky faktorlar tarapyndan emeli usulda bökdençlige sezewar bolýarlar, munuň özi sebitiň diplomatlaryndan we seleriş merkezlerinden dünýä meýdançalarynda birleşmegi talap edýär. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa döwletleri üçin Taliban Hereketiniň üstündäki sanksiýa çäklendirmeleriniň tapgyrma-tapgyr aýrylmagy we Owganystanyň Merkezi bankynyň daşary ýurt institutlarynda doňdurulyp saklanýan garaşsyz maliýe aktiwleriniň açylmagy ugrunda bitewi ugurda çykyş etmek möhümdir. Sebäbi bu serişdeler kanuny dolanyşyga gaýtarylyp getirilmezden, Merkezi Aziýanyň günorta goňşusynda infrastrukturany we durmuş maksatnamalaryny doly derejede maliýeleşdirmek mümkin däldir.

afghanistan-central-asia-analytical-forum-kabul-2026 (4).jpg

Içerki gapma-garşylyk ähtimallygyny azaltmak üçin owgan düzümlerine sebit ýurtlarynyň inklyziw döwletara we sebitara özara gatnaşyklary guramak boýunça özboluşly tejribesini öwrenmek hem teklip edildi. Munuň aýdyň mysaly hökmünde goňşy çäkleriň hatda iň ýiti taryhy gapma-garşylyklarynyň hem, eger taraplar özara hormat goýmaga we ylalaşyk gözlemäge ymtylsalar, üstünlikli ýeňip geçip boljakdygyny subut eden Fergana parahatçylyk forumynyň işi boldy.

Biz Owganystanyň demirgazygyndaky giň göwrümli gidrotehniki gurluşyklar we ägirt uly Hoştepe kanalynyň çekilmegi bilen baglylykda ýitileşen ekologiýa howpsuzlygynyň sebitiň gün tertibinde aýratyn, strategiki taýdan möhüm orun eýelemelidigine ynanýarys.

Bu suwaryş ulgamy doly güýjüne girizilen ýagdaýynda, suw alşynyň göwrümi Amyderýanyň köp ýyllyk akymynyň ep-esli bölegini emele getirer. Bu bolsa howanyň üýtgemegi we umumy suw ýetmezçiligi şertlerinde, aşaky akymdaky ýurtlardan suwaryş ulgamlaryny doly döwrebaplaşdyrmak, ekinleriň gurluşyna täzeden seretmek we suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hemme ýerde ornaşdyrmak arkaly bütin ekerançylyk ulgamyny çuňňur uýgunlaşdyrmagy talap eder.

Bu bolsa, ilkinji nobatda, Horezm welaýatynyň, Garagalpagystan Respublikasynyň we Türkmenistanyň serhetýaka sebitleriniň çalt depginler bilen ösýän oba hojalyk zolaklaryna degişlidir.

Şu sebäpli Goştepe taslamasynyň awtorlarynyň sebit boýunça goňşularynyň taryhy tejribesini we geçen asyryň altmysynjy ýyllarynda Garagum kanalynyň çekilmeginde inženerleriň ýüzbe-ýüz bolan uzak möhletleýin töwekgelçiliklerini jikme-jik öwrenmegi örän möhümdir.

Galyberse-de, çägeli topraga siňip gidýän suw hökmany suratda bütinleý başga ýerlerde ýeriň ýüzüne çykýar, munuň özi topragyň suw astynda galmagyna, ýerasty suwlaryň howply derejede ýokarlanmagyna, hasylly ýerleriň giň göwrümli zaýalanmagyna we şorlaşmagyna sebäp bolýar. Olaryň gaýtadan dikeldilmegi üçin çykdajylary öňünden matematiki hasaplamalarsyz ekin meýdanlarynyň çalt giňeldilmeginden alynýan islendik oba hojalyk girdejisinden birnäçe esse köp.

Gurakçylyk we suw ýetmezçiligi hakyky hyzmatdaşlykly jogap talap edýän umumy sebitleýin çagyryşdyr. Owgan hünärmenleriniň häzirki wagtda konstruktiw çemeleşmäni görkezip, ýöriteleşdirilen ekologiýa maslahatlaryna we sebitleýin suw forumlaryna yzygiderli gatnaşyp, tebigy serişdeleri adalatly dolandyrmak formulalary boýunça yzygiderli we özara hormat goýmak esasynda hyzmatdaşlyk edýändikleri guwandyryjydyr.

Bu işi has-da kämilleşdirmek üçin sebit howanyň üýtgemegini takyk modelleşdirmek we serhetüsti derýalaryň akymyny öňünden çaklamak maksady bilen emeli aňy ulanmagyň öňdebaryjy tejribesinden peýdalanyp biler.

Kabul forumy sebitiň pikir merkezleriniň eýeleýän ornunda düýpli özgerişligi alamatlandyrdy, olar passiw akademiki gözegçilikden we bar bolan päsgelçilikleriň beýanyndan yzygiderli daşlaşýarlar. Olaryň täze wezipesi öňdebaryjy ösüş üçin taýýar ssenariýalary teklip etmäge ukyply esasy intellektual hereketlendiriji güýç we irki strategik çaklama ulgamy hökmünde hyzmat etmekden ybaratdyr.

Kabulyň hereketleriniň öňünden çaklap bolýan goňşularynyň abadançylygynyň göni bagly bolan şertlerinde, edil şeýle çuňňur integrasiýa umumy howa, ykdysady, energetika we ulag çagyryşlaryny Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň ähli halklarynyň umumy rowaçlygy üçin berk, sarsmaz binýada öwürmäge ukyplydyr.

Bekdurdy AMANSARYÝEW,

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň institutynyň Strategiki barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026