Türkmenistanyň Prezidentine professor alymlyk ady dakyldy we akademiklige saýlanyldy


“Watan” habarlar gepleşiginde ýurduň ylmy-syýasy durmuşyndaky möhüm wakalar barada resmi habarlary beýan edildi. Bu wakalar döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň milli we dünýä ylmynyň ösmegine goşan goşandynyň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy.
Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy.
Türkmenistanyň ýokary ylmy-attestasiýa edaralarynyň bu çözgütleri düýpli akademiki pikirlenme bilen amaly döwlet dolandyryşynyň arasyndaky aýrylmaz baglanyşygyň nyşanydyr.
Döwlet Baştutanyna ýokary akademiki derejäniň we professor alymlyk adynyň dakylmagy, milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady, we ylmy-tehniki özgertmeleri durmuşa geçirmekde alyp barýan işleriniň ykrar edilmeginiň netijesi boldy.
Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň agzalary we Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumy Prezident Serdar Berdimuhamedowyň halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmakda, ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ha dünýä ülňülerine laýyk getirmekde hem-de ýurduň ylym-bilim pudagyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmakda alyp barýan işleri aýratyn nygtadylar.
Ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet strategiýasyna esaslanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow önümçiligiň ähli pudaklaryna innowasiýalary netijeli ornaşdyrmaga ukyply ýokary hünärli hünärmenleriň, alymlaryň we bilimli ýaşlaryň täze neslini kemala getirmek üçin berk binýat goýdy.
Gumanitar we ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşleriň akademiki netijenamalarynda döwlet Baştutanynyň alyp barýan içeri we daşary syýasat ugruna aýratyn üns berildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäniň ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryndaky ornunyň yzygiderli berkidilmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň oňyn halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça alyp barýan işjeň işleri bilen gönüden-göni utgaşýar.
Türkmenistanyň Baştutany tarapyndan dünýä giňişligindäki dostluk, ynanyşmak gymmatlyklaryny we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen parahatçylyk söýüji diplomatiýasy häzirki zaman syýasaty ylmyna saldamly amaly goşant goşýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentine akademik we professor derejesiniň berilmegi, kuwwatly döwletiň durnukly ösüş nusgasyny üstünlikli durmuşa geçirýän giň gerimli işine berlen obýektiw bahany görkezýär.
ORIENT








