HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesiniň Türkmenistan arkaly geçýän gündogar ugrunda ýük dolanyşygy iki esse artdy

Iýun 11, 2026 | 22:37 |5122
Ýewraziýa giňişligindäki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (HUG) ösüşini çaltlandyrdy. Bu geçelgäniň Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçýän gündogar şahasy has täsirli ösüş depginini görkezýärÝewraziýa giňişligindäki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (HUG) ösüşini çaltlandyrdy. Bu geçelgäniň Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçýän gündogar şahasy has täsirli ösüş depginini görkezýär
Çeşme: orient.tm

Ýewraziýa giňişligindäki geosyýasy we ykdysady ýagdaýlar «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (HUG) ösüşini çaltlandyrdy. Bu geçelgäniň Gazagystanyň we Türkmenistanyň çäginden geçýän gündogar şahasy has täsirli ösüş depginini görkezýär. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň ulag ministri Andreý Nikitin Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň (SPHYF) çäklerinde TASS-a beren interwýusynda mälim etdi.

Ministriň sözlerine görä, 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda «Demirgazyk – Günorta» HUG boýunça Eýran ugruna eksport daşamalarynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 56 göterimden gowrak artdy, geçelge boýunça umumy ýük dolanyşygy bolsa 87 göterim ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, Aşgabat bilen Astana tarapyndan işjeň ösdürilýän Gazagystan we Türkmenistan arkaly geçýän Hazarüsti ugur iň ýokary ösüş depginini görkezdi — bu ugurda ýük akymy 98 göterim artmak bilen öňki görkezijilerden iki esse diýen ýaly ýokarlandy.

Ministr bu geçelgäniň logistiki artykmaçlyklaryna aýratyn ünsi çekdi. Häzirki wagtda Baltika sebitinden Günorta Aziýa çenli ýükleri daşamak üçin bary-ýogy 15–20 gün gerek bolýar. Bu bolsa Sues kanalynyň üsti bilen amala aşyrylýan adaty deňiz ýolundan iki esse çaltdyr. Şeýlelikde, Türkmenistanyň üstaşyr mümkinçilikleri yklymara söwda üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Umuman, 142 ýurtdan wekilleri bir ýere jemlän we müňden gowrak ylalaşygyň baglaşylmagy bilen tamamlanan SPHYF dünýä jemgyýetçiliginiň pragmatik dialoga bolan islegini aýdyň görkezdi. Şeýle dialogyň möhüm bölegi hökmünde Merkezi Aziýada täze, ygtybarly we ýokary netijeli ulag geçelgelerini döretmek bolup durýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
CAREC we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ekologik hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

CAREC we Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ekologik hyzmatdaşlygy giňeltmegi ara alyp maslahatlaşdylar

22:23 Sentýabr 24, 2026