HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hursand Imankulyýew nokaut bilen WBC Eurasia çempionlyk guşagyny gazandy

Maý 31, 2026 | 02:27 |11510
Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew Daşkent şäherinde geçirilen WBC Eurasia Boxing Night professional boks agşamynda ynamly ýeňiş gazanyp, WBC Eurasia çempionlyk guşagyna eýe boldyTürkmen boksçysy Hursand Imankulyýew Daşkent şäherinde geçirilen WBC Eurasia Boxing Night professional boks agşamynda ynamly ýeňiş gazanyp, WBC Eurasia çempionlyk guşagyna eýe boldy
Çeşme: orient.tm

Türkmen boksçysy Hursand Imankulyýew Daşkent şäherinde geçirilen WBC Eurasia Boxing Night professional boks agşamynda ynamly ýeňiş gazanyp, WBC Eurasia çempionlyk guşagyna eýe boldy.

Çempionlyk ugrunda geçirilen duşuşyk birinji raundda tamamlandy. Imankulyýew Tanzaniýanyň wekili Adam Daçany nokauta ugradyp, professional ringdäki ilkinji çempionlyk guşagyny gazandy.

Tutluşyk ýarym agram derejesinde (69,8 kilograma çenli) 29-njy maýda «Humo» arenasynda geçirildi. Türkmen türgeni üçin bu duşuşyk onuň professional ýolundaky iň möhüm synaglaryň biri bolup, ynamly ýeňiş bilen tamamlandy.

пояс WBC Eurasia

Hursand Imankulyýew halkara derejeli sport ussady bolup, Türkmenistanyň on gezek çempionydyr. Ol dürli ýyllarda dünýä çempionatlarynda, Aziýa oýunlarynda we beýleki iri halkara ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik etdi.

WBC Eurasia guşagy dünýäniň öňdebaryjy professional boks guramalarynyň biri bolan Bütindünýä Boks Geňeşiniň (WBC) ulgamyna girýär. Bu ýeňiş türkmen türgenine halkara arenada öňe möhüm ädim boldy.

Daşkentde geçirilen halkara boks agşamyna sport jemgyýetçiliginiň wekilleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň wise-prezidenti Otabek Umarow hem gatnaşdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kanada harytlaryny federal döwlet satyn almalary ulgamyndan çykarmak hakynda ähtnama gol çekdi

20:00 Sentýabr 17, 2026
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026