HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 ýaryşynda 3-nji orny eýeledi

Maý 27, 2026 | 17:10 |7949
Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda çykyş edip, 3-nji orny eýelediTürkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda çykyş edip, 3-nji orny eýeledi
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Türkmen grossmeýsteri Saparmyrat Atabaýew Karshi Open-2026 halkara küşt ýaryşynda çykyş edip, 3-nji orny eýeledi.

Ýaryş 19–24-nji maý aralygynda Özbegistanyň Karşi şäherinde geçirilip, Ismat Şükürowyň hatyrasyna bagyşlandy.

победа в Karshi Open-2026

Oýunlar klassik wagt gözegçiligi bilen 9 tapgyrdan ybarat şweýsar ulgamy boýunça geçirildi.

Ýaryşa jemi 10 ýurtdan 56 küştçi gatnaşdy.

9 mümkin bolan utukdan 7 utuk toplan Witaliý Bernadskiý (Ukraina, FIDE reýtingi 2507) goşmaça görkezijiler boýunça birinji orny eýeledi. Saýdakbar Saýdaliýew (Özbegistan, FIDE reýtingi 2454) ikinji, Saparmyrat Atabaýew (Türkmenistan, FIDE reýtingi 2471) bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Soňky tapgyrda Saparmyrat gara mallar bilen şol wagtky lider bolan ysraýylly grossmeýster Ýewgeniý Alekseýewi ýeňdi.

Двоюродный брат Сапармурата – Юсуп Атабаев

Saparmyradyň doganoglany Ýusup Atabaýew hem Karshi Open-2026 ýaryşyna gatnaşyp, 6 utuk bilen sekizinji orny eýeledi.

Сапармурат Атабаев занял 3 место в Karshi Open-2026

Saparmyrat Atabaýew 27 ýaşynda. Ol häzirki döwrüň Türkmenistanyň iň güýçli küştçüleriniň biridir. Aşgabat şäherinde doglan küştçi ýaşlygyndan bäri ýurdumyzyň iň uly geljegi bolan oýunçylarynyň biri hasaplanylýar. Onuň iri üstünlikleriniň arasynda 2024-nji ýylda Türkiýede geçirilen «Ak pil» ýaryşyndaky ýeňiş, Daşkentde geçirilen UzChess Cup Futures halkara ýaryşyndaky ýeňiş, Aziýanyň halkara ýaryşlarynda grossmeýster kadalaryny ýerine ýetirmegi hem-de Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde yzygiderli çykyş etmegi bar.

Saparmyradyň ilkinji tälimçisi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýew bolup, ol köp ýyllardan bäri onuň halypasy bolmagynda galýar.

Karshi Open-2026 ýaryşynyň netijelerini ýöriteleşdirilen serwerde görmek mümkin https://s3.chess-results.com/tnr1392674.aspx?lan=1&art=1&rd=9&fed=TKM&flag=30&SNode=S0.

With all teams

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 8-nji sentýabrdan ABŞ-nyň harytlaryna jogap paçlarynyň giriziljekdigini yglan etdi

16:00 Awgust 23, 2026
Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

Braziliýanyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ABŞ-nyň täze paçlaryny ret edip, gepleşiklere çagyrdy

14:00 Awgust 23, 2026
Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

Kerolin Rodriges Birkett BMG-niň Baş sekretary wezipesine saýlawlarda öňe çykdy

12:00 Awgust 23, 2026