HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly bilim: Türkmenistan Londondaky forumda täze tehnologiýalary bilen tanyşdyrdy

Maý 22, 2026 | 17:26 |7414
Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumynyň (EWF 2026) çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýörite sessiýada esasy çykyş edenleriň biri boldyLondonda geçirilen Bütindünýä bilim forumynyň (EWF 2026) çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýörite sessiýada esasy çykyş edenleriň biri boldy
Çeşme: education.gov.tm

Londonda geçirilen Bütindünýä bilim forumynyň (EWF 2026) çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew ýörite sessiýada esasy çykyş edenleriň biri boldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti halkara jemgyýetçiligine ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleri üçin taýýarlanan sanly infrastrukturasyny tanyşdyrdy. Bu ulgam daşary ýurtly bilermenlerde uly gyzyklanma döredip, ýokary baha mynasyp boldy.

Türkmen tarapy sanlylaşdyrmagyň esasy gymmatynyň çeýe bilim ulgamyny döretmekden ybaratdygyny nygtady. Bu özgertmeleriň esasy gurallary hökmünde milli e-mekdep, men talyp platformalary we bitewi maglumat ulgamy bolan EMIS görkezildi.

Bu seljeriş gurallary okuwçylaryň gatnaşygy, ýetişigi we okuw ýüküni hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Okuwçylaryň toplan “sanly yzynyň” esasynda ulgam aýratyn okuw ugurlaryny emele getirip, hünär ugruny saýlamak boýunça obýektiw maslahatlary berýär. Şol bir wagtyň özünde maşgalanyň çözgüt kabul etmekdäki esasy orny doly saklanýar.

Wekiliýet Türkmenistanda ornaşdyrylan ýokary bilimiň sanly KPI-monitoring ulgamyna aýratyn üns berdi. Bu ulgam kafedralaryň we mugallymlaryň ylmy hem-de innowasion işjeňligini onlarça görkezijiler boýunça, şol sanda patentler, ylmy barlaglardan alnan girdejiler we halkara Hirş indeksi arkaly bahalandyrýar.

Häzirki zaman sanly gurallary bilim ulgamyny zähmet bazary bilen gönüden-göni baglanyşdyrýar. Toplanan maglumatlar işgär ýetmezçiligini çaklamak, raýatyň bitewi bilim portfoliosyny döretmek we geljegiň hünärleriniň milli Atlasyny taýýarlamak üçin ulanylýar. Forumyň halkara bilermenleri Türkmenistanyň şeýle çemeleşmesiniň mugallymy çalyşmaýandygyny, tersine onuň işini güýçlendirýändigini we hakyky maglumatlara esaslanyp takyk dolandyryş çözgütlerini kabul etmäge mümkinçilik berýändigini bellediler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026